Aşgabatda türkmen-emirlikler gepleşikleri geçirildi

10-njy noýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň Birleşen Arap Emirlikleriniň Federal Milli geňeşiniň agzasy, «Hidaýah» zorlukly ekstremizme garşy Halkara merkeziniň direktorlar geňeşiniň başlygy Ali Raşid Al-Nuaýminiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär....

Dowamy »

230 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Koreýadaky bilim alýan türkmen talyplary bilen duşuşyk geçirildi

Şu gün Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçihanasynyň binasynda şu ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň netijelerine we onuň dowamynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň çykyşlarynyň...

Dowamy »

238 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Türkmenistanyň ýygyndysy DÇ-2026-nyň saýlamasyna taýýarlyk görüp başlady

Futbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy Mergen Orazyň ýolbaşçylygynda DÇ-2026-nyň saýlamasyň ikinji tapgyryna taýýarlyk görüp başlady.

«Okuw türgenleşik ýygnanyşygy Aşgabat şäherinde geçirilýär. Baş tälimçiniň giňeldilen sanawyndan 30 oýunçy orun aldy. Futbolçylar eýýäm doly ýagdaýda türgenleşik geçirdiler» diýip, Türkmenistany...

Dowamy »

234 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

BMGÖM TSGDSM-e enelere we täze doglan çagalara gyssagly kömek bermek üçin dermanlary gowşurdy

Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilýän ýokanç däl kesellere garşy göreşmek boýunça taslamanyň çäginde dermanlar bilen üpjün etmegini dowam edýär. Şunuň bilen baglylykda, BMGÖM Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine (TSGDSM) umumy bahasy...

Dowamy »

236 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Russiýadaky täze ilçisini wezipä bellendi, Türkmenistanda Arkadag şäheriniň dolandyryş çägi giňeldiler, Hasyl toýuna taýýarlyk görülýär we beýleki habarlar

1. Prezident Serdar Berdimuhamedow Esen Aýdogdyýewi Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine belledi. Esen Aýdogdyýew Türkmenistanyň Russiýadaky ilçisi wezipesinde Prezidentiň Permanyna laýyklykda, başga işe geçmegi sebäpli wezipesinden boşadylan Batyr Niýazliýewiň ornuna bellenildi.

...

Dowamy »

230 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Serdar Berdimuhamedow Sloweniýanyň Prezidentini diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Sloweniýa Respublikasynyň Prezidenti Nataşa Pirs-Musara hem-de ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Sloweniýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwla...

Dowamy »

240 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy iş saparynyň barşynda täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda gurulma...

Dowamy »

236 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Ş.Durdylyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Germaniýada iş saparynda bolar

Jemagat hyzmatlarynda peýdalanylýan, tygşytlylyk hem-de ekologiýa howpsuzlygy babatda halkara talaplara laýyk gelýän ýöriteleşdirilen awtoulaglaryň, ugurdaş tehnikalaryň, gurallaryň we enjamlaryň öndürilişi, şeýle hem olaryň tehniki aýratynlyklary bilen tanyşmak üçin, Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 2023...

Dowamy »

243 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Türkmenistan we BAE-niň arasynda söwda, ykdysady we parlamentara hyzmatdaşlygy boýunça pikir alyşmalar geçirildi

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň Birleşen Arap Emirlikleriniň Federal Milli geňeşiniň agzasy, «Hidaýah» zorlukly ekstremizme garşy Halkara merkeziniň direktorlar geňeşiniň başlygy Ali Raşid Al-Nuaýminiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berild...

Dowamy »

235 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Türkmen alymlary ýerli çig maldan tehniki duz kislotasyny öndürmek üçin täze tehnologiýa döretdiler

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynda himiýa senagatynyň dürli pudaklarynda düýpli we amaly barlaglar geçirilýär we olaryň netijeleri önümçilige ornaşdyrylýar. Mysal üçin, häzirki wagtda, esasan, dürli maksatly ulanmak üçin beýleki ýurtlardan getirilýän tehniki duz kislotasyny öndürmek boýunça himiýaçy alymlaryň oýlap tapan tehn...

Dowamy »

255 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Ilçi Hoseýn Ali Mustafa Gannam Palestina iberilen ynsanperwerlik kömegi üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi

Palestina Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hoseýn Ali Mustafa Gannam türkmen halkyna we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna Palestinanyň halkyna iberilen ynsanperwerlik kömegi üçin minnetdarlyk bildirdi. Ol bu barada «Turkmenportalyň» habarç...

Dowamy »

226 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Hasyl baýramy mynasybetli Türkmenistanda täze athana açyldy

Şu gün milli senenamanyň möhüm senesine – Hasyl baýramyna bagyşlanan çäreleriň çäginde Köpetdagyň eteginde Halkara Ahalteke atçylyk toplumynyň golaýynda ýerleşýän 600 baş ahalteke atyny saklamak üçin häzirki zaman athanasynyň açylyş dabarasy boldy. Bu barada TDH ýazýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, bu desganyň gu...

Dowamy »

230 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Türkmenistanda Hasyl baýramy bellenilýär

Şu günler Türkmenistanda türkmen daýhanlarynyň ajaýyp zehinini we zähmetini, dogduk mekanynyň sahylylygyny görkezýän Hasyl baýramy giňden bellenilýär.
Ýaňy ýakynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mejlisler zalynda döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça şu ýyl iň ýokary netijeleri gazanan oba hojal...

Dowamy »

214 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Türkmenistanyň orta mekdep okuwçylary Tokioda geçirilen Sakura ylmy alyş-çalyş maksatnamasyna gatnaşdylar

4 — 11-nji noýabr aralygynda Türkmenistandaky orta mekdepleriň okuwçylary Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçirilen Sakura ylmy alyş-çalyş maksatnamasyna gatnaşdylar.
Bu çärä gatnaşan Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi Atadurdy Baýramow 2023-nji ýylyň Türkmenistanda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilendigini we halkara ülň...

Dowamy »

225 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Türkmenistan we ÝUNESKO hyzmatdaşlygy giňeltmek barada ylalaşdylar

ÝUNESKO-nyň Parižde geçirilen Baş konferensiýasynyň 42-nji mejlisiniň çäginde ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rüstemowa bilen ÝUNESKO-nyň Almatydaky klaster edarasynyň müdiri Amir Piriçiň arasynda duşuşyk geçirildi.
Türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça geçirilen duşuşyk iki tarapyň arasyndaky...

Dowamy »

230 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Balkanly pagtaçylar Türkmenistanda ilkinji bolup şertnamalaýyn borçnamany ýerine ýetirdiler

Türkmenistanda Hasyl toýunyň uly dabaralara beslenýän gününde Balkan welaýatynyň daýhanlary döwlete pagta tabşyrmak boýunça şertnamalaýyn borçnamany ýurtda ilkinji bolup ýerine ýetirdiler. Olar 16 müň tonnadan gowrak «ak altyny» Watan harmanyna tabşyrdylar. Bu barada TDH habar berdi.
Bellenilişi ýaly, Balkan welaýatynyň edermen pagtaçylaryny...

Dowamy »

242 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

29 million dollardan gowrak geleşik baglaşyldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 53-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Özbegistanyň, Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen uçar kerosinini satyn aldylar. Türkiýäniň we Owganystanyň işewürleri «Tü...

Dowamy »

239 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Szinpin ABŞ-a sapar bilen barar

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin 14-17-nji noýabr aralygynda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna barar we bu ýurduň döwlet Baştutany Jo Baýden bilen duşuşar, şeýle hem Aziýa-Ýuwaş umman ykdysady hyzmatdaşlyk forumynyň sammitine gatnaşar. Bu barada HHR-iň Daşary işler ministrligi habar berdi diýip, TASS ýazýar.
«ABŞ-nyň Prezidenti Jo...

Dowamy »

224 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Ýaponlar wepaly Hatikonyň 100 ýyllygyny bellediler

Ýaponlar it wepadarlygynyň nyşany bolan meşhur Hatiko atly köpegiň 100 ýyllygyny bellediler. Ol öz eýesi, uniwersitetiniň professory Hidesaburo Ueno diýseň wepaly bolupdyr we her gün ony işe gidende hem dolananda garşylapdyr.
1925-nji ýylda professor insultdan aradan çykar we öýüne dolanmaýar, emma Hatiko 9 ýyllap, Sibuýa demir ýol menziline...

Dowamy »

234 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

«Nebitmaş» DK-nyň hünärmenleri howalandyryş ulgamynyň we sowadyjy enjamlaryň göçme hyzmatlaryny ýerine ýetirýärler

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Nebitmaş» döwlet kärhanasynyň hünärmenleri howa kondisionirleme ulgamlaryny we sowadyjy enjamlary ýokary hil derejesinde gurnamak, abatlamak hem-de hyzmat ediş amallaryny ýerine ýetirýärler.

Bu amallary öz wagtynda ýetirmek maksady bilen, dürli desgalarda, şol sanda ýaşaýy...

Dowamy »

231 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago