Sosial torlarda atmosferanyň ýokary gatlaklarynda howa maglumatlaryny ýygnamak üçin niýetlenen «Doroti» taslamasynyň howa şaryna berkidilen kameradan düşürilen wideo meşhur boldy diýip, «Petapixel» ýazýar. Ýerden örän beýige çykarylan 360 gradusly kamera bilen düşürilen wideoda, sagatda 800 kilometr tizlik bilen uçýan uçaryň meteozonda tarap güýçli ses bilen gelýändigini görmek bolýar. Wideo geçen tomusda Kanadanyň Monreal şäherinde düşürildi. Şol wagt «Doroti» taslamasynyň zondy Ýeriň ýüzünden 40 kilometr beýiklige Gün tutulmasyny ýazga almak üçin çykarylan eken.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 15 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir