Belfastdaky Patyşalyk uniwersitetiniň (Queen's) alymlary Günüň magnit meýdanyndan çykýan güýçli energiýa zyňyndylary bolan Gün alawlamalarynyň ozal mümkin däl diýlip hasaplanylýan täsiri, ýagny Ýeriň atmosferasynda sinhron pulsasiýalary döredýändigini ýüze çykardylar. Bu barada geçirilen gözlegiň netijeleri «Journal of Geophysical Research: Space Physics» žurnalynda çap edildi diýip, «Phys.org» habar berýär. Gözleg 2012-nji ýylda ýüze çykan alawlama boýunça alnyp barlypdyr. Alymlar orbitadaky hemra arkaly alawlamanyň ritmik impulslaryny ýazga geçiripdirler, şondan 30 sekunt soň, ýerüsti kabul ediji enjamlar hem atmosferada şolara meňzeş pulsasiýalary belläpdirler. Gözlegiň baş awtory, aspirant Eýsling O’Hara ilkinji gezek Günüň impulslary bilen Ýeriň atmosferasynyň pulsasiýalarynyň sinhron, ýagny bilelikde hereket edýändigini subut edip bolandygyny aýtdy. Bu örän möhümdir, sebäbi güýçli Gün alawlamalary GPS ulgamyna, radioaragatnaşyga päsgelçilik döredip biler, hatda doly radiopäsgelçiliklere-de sebäp bolup biler. Häzirki wagtda Gün öz 11 ýyllyk işjeňlik tapgyrynyň iň ýokary derejesindedir we alawlamalar tas her gün diýen ýaly ýüze çykýar. NASA-nyň maglumatlaryna görä, diňe 2024-nji ýylda 2000-den gowrak alawlama hasaba alyndy, olaryň 50-ä golaýy iň güýçli görnüşi bolan X synpyna degişli. Gözlegiň netijelerine görä, Günüň impulsy ýazga alnandan 30 sekunt soň, Ýeriň atmosferasy hem öz impulsyny berýär. Bu bolsa atmosferanyň radiasiýa örän duýgurdygyny görkezýär. Bu açyş kosmosdaky howanyň öňünden çaklanylmagyny has takyklaşdyryp biler, sebäbi bu ýagdaý hemralaryň orbitasyna, uçarlaryň gatnawyna we energiýa ulgamyna täsir edýän möhüm faktordyr. Mysal üçin, 2003-nji ýylda bolan güýçli alawlama birnäçe hemrany işden çykarypdy we Şwesiýanyň energiýa ulgamynda näsazlyklara sebäp bolupdy. Alymlar häzirki wagtda bu pulsasiýalaryň nädip döreýändigini has içgin öwrenmegi meýilleşdirýärler. Eýslingiň Halkara kosmos ylymlary instituty (ISSI) bilen bilelikde geçiren işi Günüň we Ýeriň bitewi bir ulgam hökmünde hereket edýändigini görkezýär.