25-26-njy aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Ispaniýa saparynyň çäklerinde Gernika şäherinde geçirilen “Parahatçylyga, uruşlaryň bes edilmegine we halkara hukugyna hormat goýmaga çagyryş” başlangyjyna badalga bermek boýunça çärä gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler. Çärä döwlet işgärleri, halkara guramalaryň wekilleri, ýaş liderler hem-de akademiki toparlaryň we raýat jemgyýetiniň wekilleri gatnaşdylar. A.Gurbanow öz çykyşynda Türkmenistanyň üç gezek ykrar edilen Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň parahatçylyk başlangyçlaryny, ýurtlaryň arasyndaky gepleşikleri ilerletmek we jedelleriň öňüni almak üçin platforma bolup hyzmat edýändigini nygtady. Bu ädimler Türkmenistanyň parahatçylyk medeniýetini berkitmek hem-de deňlik we birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin goşant goşmaga ygrarlylygyny görkezýär. Şeýle hem parahatçylygy we özara düşünişmegi güýçlendirmekde medeniýetleriň, dinleriň we halklaryň arasyndaky dialogy pugtalandyrmagyň ähmiýeti bellenildi.