Şotlandiýanyň Csignum startapynyň inženerler topary dykyz suwdan, buzdan we hatda beton gurluşlardan aňsatlyk bilen geçip bilýän öwrülişikli aragatnaşyk ulgamyny döretdi. Olaryň işläp taýýarlan EM-2 önümi suw bilen howanyň araçägini bökdençsiz geçmek üçin ( häzirki bar tehnologiýalar üçin kyn mesele) pes ýygylykly elektromagnit meýdanlaryny ulanýar. Aslynda, inženerler ozal gymmat kabel ulgamlarynyň ýa-da ygtybarsyz akustiki modemleriň zerur bolup duran ýerlerinde maglumatlary “çekip almagyň” usulyny tapdylar. Göz öňüne getiriň, küti ýassygyň içinden sesiňizi geçirip gygyrmaga synanyşýaňyz - adaty akustiki ulgamlar suwuň astynda şeýleräk işleýär – diýip, CSignum-yň tehniki direktory düşündirýär. Ulgam 400 bit / s-a çenli tizlikde we 100 metre çenli aralykdan maglumat geçirilende durnukly işleýändigini görkezýär. Mundan başga-da, ol häzirki wagtda doly ikitaraplaýyn aragatnaşygy üpjün etmek bilen, akustiki şlýuzlary ulanyp, enjamlaryň arasyndaky aralygy 2 kilometre çenli artdyrmaga ukyply. Şeýle täjirçilik ulgamlary Beýik Britaniýada derýanyň suwunyň hiline gözegçilik etmek üçin eýýäm oturdyldy. Kompaniýanyň ýakyn wagt üçin niýetlenen meýilnamalaryna gämileriň suwasty bölekleriniň, deňizdäki ýel elektrik stansiýalarynyň we möhüm suwasty infrastrukturanyň ýagdaýyna gözegçilik etmek üçin taslamalary işläp düzmek girýär. CSignum halkara gatnaşygyny giňeltmek we ulgamyň täze wersiýalaryny işläp taýýarlamak üçin 8 million dollar maýa goýum toplady. Bazar bilermenleri şeýle tehnologiýanyň döremeginiň deňiz gämileriniň ýagdaýyna gözegçiligi düýpli gowulandyrjakdygyny we suwasty kabellere hyzmat etmekde peýdaly boljakdygyny bellediler. CSignum häzirki wagtda ylmy gözleglerden başlap goranyş pudagyna çenli dürli pudaklarda tehnologiýasyny ornaşdyrmak üçin işjeň ýagdaýda hyzmatdaş gözleýär. Maýa goýujylaryň gyzyklanmasyndan çen tutsaň, başlangyjyň suwasty aragatnaşyk pudagynda täze dünýä lideri bolmagy üçin ähli mümkinçilikler bar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir