Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň alternatiw energiýa çeşmeleri we ölçeg enjamlary tehnologiýalary barlaghanasy nebit turbalarynda parafin-şepbik çökündileriniň döremeginiň öňüni aljak täze tehnologiýany işläp taýýarlamak üçin patent aldy. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär. Tehnika ylymlarynyň kandidaty Meretmuhammet Hudaýberdiýewiň ýolbaşçylygyndaky bu taslama, esasanam, turbalarda parafin we şepbik çökündileri emele gelip, olaryň petiklenmegine sebäp bolýan ýylyň sowuk döwründe nebiti daşamak bilen baglanyşykly meseläniň çözgüdini hödürleýär. Bu innowasion tehnologiýa ýylylyk akkumulýasiýasy, ýagny jemlenmesi ýörelgesine esaslanýar. Ol ýylylygy bir ýere jemlemek üçin alternatiw energiýa çeşmelerini ulanýar, bu energiýa soňra sarp edilmeýär we turbalarda nebitiň zerur temperaturasyny yzygiderli saklamak üçin ulanylýar. Bu çemeleşme diňe bir parafin çökündileriniň emele gelmegine garşy netijeli göreş alyp barmak, goýy nebitiň sorulmagyny aňsatlaşdyrmak bilen çäklenmän, eýsem, birnäçe goşmaça artykmaçlyk hem berýär. Bu tehnologiýa, hususan-da, ekologik we ykdysady bähbit gazanmak üçin, galyndylary (nebiti, gumy, duzy we suwy) gaýtadan işläp, önüm almaga mümkinçilik berýär. Mundan başga-da, alternatiw çeşmelerden peýdalanmak bilen energiýa öndürilende, howa zyýanly gazlar taşlanmaýar, ýygnanan ýylylyk bolsa nebit geçiriji ulgamyň durnukly işlemegini üpjün etmek üçin zerur bolanda, ulanylyp bilner.