Amerikaly režissýor Aleksandr Peýn 82-nji Wenesiýa kinofestiwalynyň esasy bäsleşiginiň emin agzalarynyň başlygy bolar. Dünýäniň iň esasy üç kinofestiwalynyň biri 2025-nji ýylyň 27-nji awgustyndan 6-njy sentýabry aralygynda geçiriler diýip, Variety habar berýär. Peýn “Gyrada” we “Nesiller” filmleriniň ssenarileri üçin iki gezek “Oskar” baýragynyň eýesi boldy. Şeýle-de, onuň filmografiýasynda “Saýlawlar” (Выскочка), “Şmidt barada” (О Шмидте), “Nebraska” (Небраска), “Galdyrylanlar” (Оставленные) we beýlekiler bar. 2017-nji ýylda onuň “Gysga” (Короче) komediýasy Wenesiýa kinofestiwalyny açdy. 2025-nji ýylda hormatly “Altyn ýolbars” baýragyny režissýor Werner Hersog alar. Festiwalyň doly tertibi iýul aýynda yglan ediler.