28-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň meýilleşdiriş, ösüş we ýörite başlangyçlar boýunça federal ministri Ahsan Ikbaly kabul etdi. Ol Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň durnukly ösüş boýunça ministrler derejesindäki birinji forumyna gatnaşmak üçin ýurdumyza geldi diýip, TDH habar berýär. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan bilen Pakistanyň arasyndaky gatnaşyklar dostluga we özara hormat goýmaga esaslanýar. Ýurtlarymyzyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, energetika, ulag, bilim, medeni-ynsanperwer ulgamlarda üstünlikli ösdürilýär. Söwda-ykdysady gatnaşyklar döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler özara söwda dolanyşygynyň möçberini artdyrmak, energetika, ulag, logistika ýaly strategik pudaklarda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. Türkmenistan energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna çykarmak boýunça maksatnamalaýyn işleri alyp barýar we Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik we optiki-süýümli aragatnaşyk taslamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Döwlet Baştutanymyz bu taslamalaryň diňe bir ýurtlarymyzyň ykdysadyýetine däl-de, eýsem, tutuş sebitiň energiýa durnuklylygyny üpjün etmäge hem uly goşant goşjakdygyny nygtap, Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasy bilen gatnaşyklary pugtalandyrmaga we täze başlangyçlary goldamaga taýýardygyny tassyklady.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 23 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir