Italiýanyň meşhur Lamborghini awtokonserni täze gibrid superkary bolan «Temerario-ny» resmi taýdan hödürledi. Tas 1000 at güýjüni öndürýän täze model, bir wagtlar meşhur bolan «Huracan-yň» ornuny tutar. Täze sportkar eýýäm şu ýyldan başlap ýollarda görnüp başlar. «Temerario» 920 at güýjüni öndürýän dört litr göwrümli, iki turbinaly V8 benzinli hereketlendiriji bilen enjamlaşdyrylandyr. Şeýle-de onuň üç sany elektrohereketlendirijisi bar we olaryň umumy torky 800 Nm-e ýetýär. «Temerario» 100 km/sag tizlige bary-ýogy 2,7 sekuntda ýetýär, iň ýokary tizligi bolsa 343 km/sag. Şeýle hem «Temerario» 3,8 kWt-sagatlyk litiý-ion batareýa bilen işleýän gibrid transmissiýa bilen üpjün edilendir. Sportkaryň aerodinamikasy «Formula-1» ýaryşlarynyň talaplaryna laýyklykda işlenip düzüldi. Aýlawly howa akym generatorlary, altyburç görnüşli howa kanallary we sazlap bolýan yzky ganady «Huracan Evo» bilen deňeşdirilende, 158% artykmaç basyş güýjüni üpjün edýär. «Temerario-nyň» salonynda üç sany sanly displeý ýerleşdirildi. Olaryň hatarynda 12,3 dýuýmlyk sanly ölçeg paneli we 8 dýuýmlyk sensorly ekran bar. Üns berilmeli aýratynlyklaryň ýene biri hem, awtoulagyň şassisini dolandyrmak üçin, bäş dürli sürüş tertibini öz içine alýan ulgamydyr. Şolaryň arasynda diňe elektrik energiýasy bilen işleýän Citta we dolandyrylýan driftler üçin niýetlenen Corsa Plus görnüşleri hem bar. «Temerario-nyň» başlangyç bahasynyň, takmynan, 400 müň dollar bolmagyna garaşylýar. Ilkinji ibermeler 2025-nji ýyla meýilleşdirilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir