28-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Asad Majid Hany kabul etdi. Ol YHG-nyň durnukly ösüş boýunça ministrler derejesindäki birinji forumyna gatnaşmak üçin Türkmenistana geldi diýip, TDH habar berýär. Duşuşygyň dowamynda YHG-a agza döwletler bilen söwda-ykdysady, energetika, ulag, ekologiýa, syýahatçylyk, medeniýet ýaly ugurlarda gatnaşyklary ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy. Türkmenistan Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde öňe sürülýän başlangyçlary goldap, özara bähbitli taslamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýar. Ýurdumyz bu gurama bilen söwda-ykdysady, aýratyn-da, energetika pudagynda gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berýär. Şunuň bilen baglylykda, Serdar Berdimuhamedow tebigy gazyň uly gorlaryna eýe bolan ýurdumyzyň mawy ýangyjyň eksportyny diwersifikasiýalaşdyrmaga, şol sanda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletler bilen bu ugurda hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny belledi. Geografik taýdan amatly ýerleşmegi Türkmenistanyň ulag-logistika ulgamyny ilerletmek üçin berk esas bolup durýar. Ulagyň dürli görnüşleriniň arabaglanyşygynyň üpjün edilmegi bu ugurda uly ähmiýete eýedir. Şoňa görä-de, köpugurly we sebit ähmiýetli Demirgazyk — Günorta, Gündogar — Günbatar halkara ulag geçelgelerini döretmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we ýurdumyzyň üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek boýunça taslamalara gatnaşmak babatda YHG-nyň anyk tekliplerine seretmäge taýýardygyny tassyklady. Şol gün şeýle hem YHG-nyň Baş sekretary Asad Majid Han şeýle hem Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen YHG-nyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň esasy ugurlaryna garadylar we hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ädimlerini kesgitlediler. Ulag-üstaşyr mümkinçilikleriň açylmagyna aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapynyň Beýik Ýüpek Ýolunyň şanyna çäre guramak başlangyjy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 22 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir