Salam talyplar com-yn agzalary. Gelin shu mowzukda soygi hakda goshgy yazalyn!!!
Soygi hakda goshgy
- 
                NB
                15 years ago
                
- OWADAN
 
 Sen owadan,
 owadan sen,
 owadan,
 Peri-peýkerdenmi,
 Hüýrdenmi, aslyň!?
 Seni gören bendäň bagty oýanar,
 Seni gören bende ýitirer aklyn.
 
 Ýaňy dogan Aýdan,
 gyýkmajyk Aýdan
 Seniň gaşlaryňa düşüpdir kölge.
 Heser bile bulduraýan dideleň,
 Garamyk gözleriň yşykdyr köňle.
 
 Ýaňaklaryň aly—
 säheriň agy,
 Ysgadygyň melul eder ysyna.
 Çalaja çyzylan gyrmyzy lebleň
 Janym alýar meňzäp posaň yzyna.
 
 Lal biçäre seni görse dil açar,
 Dilli lal bor: owadan sen, owadan!
 Saçlaryň goýberseň çeşme deý akar,
 Göwherden jyga ol
 Başa orasaň...
 
 
 * * *
 
 A sen edil didäň ýaly owadan,
 A sen edil nazaryň deý jadyly.
 Gündizlerne nagra dartyp oýanam,
 Gijelerne samrap gezýän adyňy.
 
 Bir bakaňda gaýry dünýä geldim men.
 Bir bakaňda şol dünýäden geçdim ýar.
 Seret, bagtdan ýaňa iki boldum men:
 Ala gözleň her birinde keşbim bar.
 
 A sen edil sesiň ýaly eýjejik,
 Howamyň sen, owazmyň sen, nurmuň sen?
 Otdan alyp, suwa salyp, keýp edip,
 Saçlaryň deý towlanjyrap dursuň sen!
 
- 
                abdulhalim
                15 years ago
                
- Assalam alaikum,
 
 
 owadanlyk ynsanlaryn arasynda bir muhym zatdyr. beyek Allahyn yanynda kim namaz gowy ishler etse musulman gardashlaryna garasha yaramaz ish etmese shol adam gowy adamdyr, bolsa bolsun yuzu owadan bolmasada.
 
 
 hormatlar
 
 
 Abdul halim
- 
                Tmsheyhi
                15 years ago
                
-               Dine sen ucin!!!
 
 Butin dunyan derdin cekmelem bolsam, cekerdim olary dine sen ucin, syrat koprusinden gecmelem bolsam, gecerdim men ondan dine sen ucin, yuregim sowrup bermelem bolsam, inne bilen guyy gazmalam bolsam kayyldyryn muna dine sen ucin, dagyn depesine cykmalam, on yuzunde kesbin cekmelem bolsa, eger, soygi odun yakmalam bolsa, yakardym shol ody dine sen ucin. Baglayan men sana bu gun ykbalym, senin bilen birdir yorejek yolum yurek telwas edyar mahriban yarym, senin soygin ucin dine sen ucin, dine sen ucin!!!
- 
                abdulhalim
                15 years ago
                
- salam,
 
 
 dostlarym bu yerde sheyirmy yazmalimy name etmely bu yerde? mena shashyrdym name etjegimy bu yerde.
 
 
 salamlar
 
 
 
 abdul halim
- 
                chetobaly
                15 years ago
                
-   menem bir topbayk goşaýaýyn: 
 
 sen tebip,men hassa bende.
 dert mende,dermany sende.
 ýylgyrşyň görsem her günde,
 başga arzuw bolmaz mende..
- 
                Cwetocek
                15 years ago
                
- Gun aylanyp durka yerin yuzunde
 men jahany goryan senin gozunde
 yyldyzlardan sana monjuk duzemde
 yurek kuysar senin mahrin ezizim...
- 
                Cwetocek
                15 years ago
                
- Megerem bagytlysyn 
 onyansyn mensiz.
 Men welin olyancam
 dem alman sensiz...
- 
                Cwetocek
                15 years ago
                
- Yashap bilerinmi men seni soyman?
 Kop berdim ozume sheyle sowaly,
 gozlerimi yumsam bir seni goryan.
 Diymek yashap bilmen men seni soyman!!!
- 
                Cwetocek
                15 years ago
                
- Ayyn shohlesimi gara gozlerin?
 Ynanay her pursat goresim gelyar.
 Gara saclan sypap bolsam yanynda,
 mayyl bolup sana bakasym gelyar!!!
- 
                Cwetocek
                15 years ago
                
- Ejiz yurek bu gursakda
 "dine seni soyyan"diyyar.
 Gozum hic kimi gorenok,
 gozum dine seni goryar...
- 
                BJK
                15 years ago
                
- "Erkekler ary ýalydyr, bir soksa çişirer" 
 şeýleräk setirler okadym birýerden, nähili düşünmelaý!
- 
                chetobaly
                15 years ago
                
-    älemde görk bolmaz
 aýsyz ýa günsiz
 maňa zulum bolar
 ýaşamak sensiz
- 
                chetobaly
                15 years ago
                
-     diňe seni söýýän diýip,
 diňe seni görýän diýip,
 gygyrmaklyk hökman däldir
 bolara sessizje söýip.
- 
                Cwetocek
                15 years ago
                
- Beh ceto senem :-) sessiz bolyan daldirda soyup:-)
- 
                Cwetocek
                15 years ago
                
- Men asmanda gun bolsadym eger 
 ahli yylylygmy bererdm sana
 erederdm sacyndaky garlary
 yashadardm mydam bahar yazlarda
 
 
 
 men asmanyn guni bolsadym eger
 guradardym gozundaki yashlary
 bagysh ederdim sana ahli shatlygy
 bir gezejik yylgyrshyna gaytargy...
 
 
 
 Men asmanyn guni bolsadym eger
 gijelerne dogardym men sen ucin
 bagysh ederdim hemme yagtylygmy
 bir pursat bolmaga yanynda senin
 
 
 
 men asmanyn guni bolsadym eger
 yekejede bulut bolmaz arada
 shar gara gozlerine guwanar yaly
 nogta saclaryny sypalar yaly
 
 
 
 soygimizin meni yakan alawy
 gun bolmaga eger yetsedi mana
 senin odyn bilen seni yyladyp
 men asmanyn guni bolardym meger
 
 
 
 her gun dertlesherdim yyldyzlar bilen
 bu gunin maksady yok yaly goya
 menin bolsa maksadym bar olam sen
 perwana dek aylanardym dashyndan
 
 
 
 gorkma gunem dal men ayam dal
 yone bir gezejik baksan mana yylgyryp
 soymekden bashga zat gelmez elimden
 tapuwudum yok senin ashyklaryndan...
 
 
 
 
- 
                Cwetocek
                15 years ago
                
- Men seni soymandim sen meni soydun
 gozlem ucin kayyldyn sen bar zada
 sho sebapli soyemok diyip bilmandim
 menden ozge gyz yok yaly dunyade
 
 
 sen meni sheylebir goryardin eziz
 a men bolsa soygi diylen duygynyn
 nenseni guycdiginem
 gormandim heniz...
 
 
 Meger duydun menin soymeyanimi
 menin didelemden gitdin bir salym
 shonda duydum seni cyndan halanym
 ol soymedik gunlerime ser salyp
 
 
 
 bir gun geldin caldym soygi mukamny
 arman yone menin soyen shazadam
 gosha gozun dort bolupdyr ekeni...
 
 
 Men seni soyaydim sen bolsa indi
 ozge gozel bilen yashashyp yorsun
 senin ucin ahli zada kayyl men
 men nacar dunyamde dine sen barsyn!
 
 
 Ne ucin indi men yanyma gelenok?
 Ozal sana soyemok diyip bilmandim
 bu gun bolsa
 soyyan diyip bilemok...
 
- 
                Cwetocek
                15 years ago
                
-    - Gara gozum senin arassa kalbyn yaly duru gozlen onunde durmak mana ansat dushenok...men senin soygin pakligine dushundim...bagyshla meni!!!basharsan meni oz dunyane kabul et!!!
 
 
 
 - sen aydyp bolan bolsan indi meni dinle!!!men yhlasymyn ustunden perwaysyz gecip gideninde meni durmusha yenil garayan kimdir biri bilen calyshanda bu sozler yadyna dushmedimi?! Egerde sen sonky soygi diyip atlandyran duygyn seni o gyz bilen birikdiren bolsa , senki ugruna bolan bolsa,men kemsidilen dunyami sen yatlamazdynam... Sen munyn ejizlik bolyar!!! Men ynam hakynda hic zat diyjegem dal...yone bir zady yatdan cykarma! Sen oz etmishin bilen men kalbymdaky soygini yigrenje owurdin...yigrenyan adamyn bilen omur yoluny kulterlap bolmaz! Men seni indi hic wagt soymerin!!!
 
 Soymerin dillerin tutmasyn menin adymy
 soymerin senin unutmadym yalanlaryny
 
- 
                hallboy
                15 years ago
                
- Bir gün tapyarsyñyz öchmejek soygi,
 bir bahana bilen yitiryäs ony.
 Ana shonda diyyärsiñiz özüñiz:
 -Söygi yokdur bu dünyäde bilseñiz.
- 
                Cwetocek
                15 years ago
                
- Cagyryldym bardym senin toyuna
 men barmasam bu gelshiksiz boljakdy
 gutlamaly boldum den dushlam bilen
 yone diyiljek soz bagrymy diljekdi...
 
 
 
 Bokurdakda bir uly dash donup dur
 bir soz diysem erap yash bolup damar
 emma,gutlamaly syrym bildirman
 gozlerimden anar dostlaryn senin...
 
 
 
 Senem otyrsyn mana seredip
 yekeje soz diysem gapyp alarsyn
 onson sen yuregme yyldyz goz dalde
 yyldyrym goz bilen talan salarsyn...
 
 
 Yylgyrdym gecmishi unudyp biraz
 hem ozum yitirip tolgumdym asha
 gara gozlerine goni seredip
 diydim gelnin bilen bagytly yasha!
 
 
 
 Dort sozde gutlagyn baryn jemledim
 bu sozum gollady towerek dashym
 yok men aglamadym soygimiz yatlap
 yone sen gozunde gorundi yashyn...
 
 
 
 
- 
                Cwetocek
                15 years ago
                
- Gel, unudaly bolup gecen zatlary,
 ahmyrdan etmali jigermiz yakyp.
 Mundan son,barybir,kyn dusher bize,
 sena mana muynsiz bilmersin bakyp.
 
 Bagtym alan sho gozelin keshbine
 hali shindi sen gozlende satashyp,
 dushun,
 menem bagytly bolup bilmerin,
 muny ikimizem bilyaris acyk.
 
 
 Bu gun juda artyk gynadyn meni,
 yurek tarlar gyrlyp,geldi yolnara.
 Birmahal elyetmez sayan gozelin
 calshyp bilen bolsan yolda yolgana,
 
 
 islan yolun sayla,
 car tarap acyk,
 yurek buza dondi,
 hosh soz diyilmez.
 Gynaman ozumi sen gitdin diyip,
 indi mana gideninem duyulmaz.
 
 
 Ah, mana name ucin beyle daradyn
 soygi aleminin yalnyz diregi?!
 Yone bir zat,
 bile galyp bilmeris,
 galsak ortemek bor birek-biregi.
 
 
 
- 
                hallboy
                15 years ago
                
- jostkiy diskde saklanyp galan goshgy:
 
 Yatlayaryn her gun seniñ keshbiñi,
 Unudup bilemok näzik sesiñi,
 Sachlañy, gözlerñi, yyljak eliñi,
 Duymarsyñ neneñ söyyärin seni.
 Duyurup bilmerin neneñ kuyseyän seni,
 Neneñ seni shu wagt göresim gelyär,
 Gujaklap chekkanden opesim gelyar,
 Shadyyan gülkiñ salyan yadyma
 Ellerime alyp pyrlasym gelyar...
 Sheyle garyshyk duygularym bilen,
 Galam, kagyz, Söygi we umyt bilen,
 Bagtym, durmushum we diñe sen üchin
 Yazyp bashlayaryn söygi hatymy.
 Entäk bashlamakam jan beyanymy,
 Shu setirim bilen al salamymy,
 Salam bilen bile al sen söygümi,
 Chäksiz, shertsiz, soñsuz söygümi,
 Yany bilen bile alay janymy...
 Sag-aman, shükür... yörensiñ hernä,
 Shöhläni, jadyny sachyansyn dünya,
 Bir bakyshda yigitleriñ baryny
 Yshk oduna bilman,atyansyn yene.
 Her näche ikimiz dashda bolsagam,
 Eyyam yarym yyl ayry bolsagam,
 Gije yary yarym-aya seredip
 Senem meni yatlayansyn kate.
 Wah!elimde bolsady,shol ayy alyp,
 Gyzdyryp, epläp, nagysh bilen bezap,
 Asman yyldyzlaryndan üstüne sepip...
 Saña mynasyp shay-sep yasardym sheydip.
 Arman bu zatlar dal meñ elimde,
 Men bir adam, gech günämi yenede.
 Özümden biraz bereyin habar,
 Dañdandan agshama chenli, özüm bihabar
 Arzuw edyän diñe ikimiz hakda.
 Sheydip gun gechdimi,yada bir hepde,
 Ozumem birden unudyaryn käte.
 Senem maña yazay ozüñ hakda,
 Mashgalañ, joralañ, ishleriñ hakda.
 (Wiii, joralaryña okadayma haty,
 Okatsan oyun däl, görerin gaty!!)
 Ine sheydip men-ä gutarmakchy indi,
 Yadyñdan chykarma,soyyarin seni.
 Sabyrsyzkyk bilen garashyan hata,
 Birje gezek "soyyan" diyayda maña!!!
 !!! !!!
- 
                Cwetocek
                15 years ago
                
- Eger men dunyamden gitmek islesen, 
 bagtyn acyk bolsun,
 yollaryn yagty.
 Eger men dunyamden gitmek islesen,
 yykylaryna bakma gowun daragty.
 
 
 Eger men dunyamden gitmek islesen,
 bakma gozyashyma,
 bakma yhlasa.
 Eger men dunyamden gitmek islesen,
 bolmalysy sholdur bizin ykbala.
 
 Sen ynjyk yuregin ince tarlary
 yol tapandyr hokman bashga yurege.
 Kalbymyn cyrpynyan dali denzinde howesin yok bolsa sana yuzere,
 
 
 nameleri gotermeyar gerdenmiz,
 guycli bolyar nazik zatlan yagysy.
 ... Eger
 men dunyamden gitmek islesen,
 ezyet berme,
 tizrak git,gowusy!
- 
                Cwetocek
                15 years ago
                
- Hally gowja goshgy yazypsyn minnetdar!!!
- 
                poseluy
                15 years ago
                
- Gowja go$gylar eken sag bolun hemmänize mende-de bardy $u wagt elim degenok son ýazaryn
- 
                hallboy
                15 years ago
                
- Nirede sen, nirede sen näzli yar?
 Meni bagtly etjek Gülüm nirde sen?
 Wagt gechyär, ay aylanyar, dolanyar,
 Maña Mähir berjek yarym nirde sen?
 Duyan dälsiñ, senem biri halandyr,
 Aydyp bilmän, yshk oduna yanandyr,
 Sizi uzak "ara" ayra salandyr
 Göz yasharyar, gitme yarym nirde sen?
 Ay bolyar, gitme diydim gitdi yar,
 Ol gitdi yürek munda aglayar.
 Charhy pelek biziñ bilen oynayar,
 Meni tashlap giden yarym nirde sen?
 Durmush kyndyr senem borsuñ gitmeli
 Okuw okap arzuwlara yetmeli
 Gelip onsoñ durmush toyun tutmaly,
 Gelenimde yylgyrjak yar nirde sen?
 Ara uzak, günler bolsa gechip dur,
 Yürek gamgyn yshk meyini ichip dur.
 Söygi ejiz, "ara" bizi yeñip dur,
 Söz bozuldy, düynki shatlyk nirde sen?
 Kitap oka, nahar bishir ishe git
 Otag supur, dynjyñy al, gowja yat
 Dostlar bilen parka aylan, gowün shat...
 Onda-da bolanok, yarym nirde sen?
 Yagday gowy arman yürek dar yaly,
 Ichiñ gysyar, bir yetmeziñ bar yaly,
 Yürek diyyar: "birje kem zat "yar" yaly"
 Meni chyndan söyjek yarym nirde sen?
 Men pikir etdim söygi bolar birine,
 Olam bolar diñe söyen yaryña
 Yaram wepaly bor, eden zaryna,
 Köp garashdym wepaly yar nirde sen?
 Dessandaki yaly söygi chynmy-ka?
 Yashayshymyzyñ bar manysy "yar"myka?
 Ya bu bolyan wakalar yalanmyka?
 Meni derde salan SÖYGI nirde sen?
 
- 
                Cwetocek
                15 years ago
                
- Sen hakynda dymyp gezdim munca gun,
 sen hakynda yazylmady bir setir
 gapymyzda guller acdy guncasyn,
 ah,men nadip,
 nadip ondumkam sensiz?!
 Yok, sensiz onmadym.
 Yalnyz galsamda,
 sen barlygyn bilen edipdim mydar.
 Beren ezyetlerni ezlen yuregim
 onem az cekmandi,
 yene-de cydar.
 
 
 Yöne biz kowalap bosh hyyallary,
 melul bolup durli ysly gullerden,
 aldanyp alysdan cagyryan bagta,
 dashlashyp baryarys gowy gunlerden.
 
 
 Bu ayly gijeler,
 aysyz gijeler
 bile cekdim omruzayan derdini.
 Ayt,yyldyzym,senem cekyan zaryny,
 eziz gornen biwepa yar berdimi?!
 
 
 Serhosh bolup gijelerin meylinden,
 indi mana ayy sowgat berenok.
 Sen ysry mahrine sheyle zar wagtym
 bagt bolup ganatyny gerenok.
 
 
 Nameka,
 nameka etmeli zadym?
 Beyle parhsyz boldy garagoz mana.
 ... Ah,siy gara gijan ak yyldyzlary,
 name ucin menzeyaniz siz mana!
- 
                Cwetocek
                15 years ago
                
- Oshga elin degen wagty yazay okaly garashyan
- 
                hallboy
                15 years ago
                
- Gul, sen menden plecho näme diyip sorapdyñ, öñüräk. Gerden eken tm-chasy.
 Goshgyñy okap yadyma düshdi.
 
- 
                Cwetocek
                15 years ago
                
- Soygim cal beynimi sheylebir aylap,
 mana sheylebir al salan ekeni.
 Bagtyn elwan baydagyny bulaylan
 shol owadan gunler yalan ekeni.
 
 
 Goya ynjytdym men nazik soygimi,
 har etdim men ony sana bagyshlap.
 (naman hatyryna biz bagtly duyni
 ertamizin hasratyna calyshyas?)
 
 
 soygim gunakarmi?
 Calbash beynimmi?
 Ya sen gunakarmi?
 Gunakarmi men?
 Goya yyllar soygin mukaddesligin
 yitiripdir ahmyr bilen ar bilen.
 
 
 Goya duman sowlan yaly bashymdan,
 indi ne gussam bar,
 ne-de howesim.
 Bu boshan gowrede yiten soyginin
 ahmyr,yigrenc tutan yaly owezin.
 
 
 Soygim,
 sen meninki pashsan-pashmasan,
 hasratym,
 shatlygym,
 derdim sen guwan.
 Har bolsanam bir yigidin elinde
 neresre caga dey
 yokdur sen gunan.
 
 
- 
                fistik
                15 years ago
                
- şahyrlar salam hemmanize
- 
                Cwetocek
                15 years ago
                
- Ooo salam jorajan gowmy yagdaylaryn?ishler nahili? Ejenem yagdaylary gowmy? Hacan gelyan turkmenistana...
 
 
- 
                Cwetocek
                15 years ago
                
- Bolyar hally:-)
- 
                fistik
                15 years ago
                
- salam cwet menem erbet dal.sen yagdaylaryn nahilli.yakyn wagtda geljek
- 
                Cwetocek
                15 years ago
                
- Menem shukur gowy! Gel sabyrsyzlyk bilen garashyaryn!
- 
                fistik
                15 years ago
                
- a men sizi nirden tapybilerin
- 
                Cwetocek
                15 years ago
                
- Sende mail adres barmy?
- 
                fistik
                15 years ago
                
- bar a sen özünkini ber mana
- 
                Cwetocek
                15 years ago
                
- Myahri_0988 ugraday
- 
                fistik
                15 years ago
                
- tamam
- 
                Cwetocek
                15 years ago
                
- :-)
- 
                fistik
                15 years ago
                
- salam swet senin agent açykmy men size ugratdim dobavt
- 
                Cwetocek
                15 years ago
                
- Gelenoga fistik
- 
                dilya87
                15 years ago
                
- Näzli dilber,e$it arzy- halymy, Men senden özgäni ygtyýar etmen, Ýolunda harç edip dünýä malymy, Ýören hyzmatynda,seni har etmen. Jahanyñ gözeli ýanymda bolsa, Ol erem bagyndan periler gelse, Kümü$li gollaryñ boýnuma salsa, Men senden özgäni intizar etmen.
- 
                Bayja
                15 years ago
                
- Tuweleme ozi yazan bamy? gosgy duzmage komek gerek
- 
                fistik
                15 years ago
                
- salam cwet sen mana dobavit ugradayda gunsh_90@mail.ru.menin agent açyk şu vagt.
- 
                Cwetocek
                15 years ago
                
- Ok
- 
                Goool
                15 years ago
                
- bir birege konul berip yashalyn,
 soyguler yurekden konulden bolsun.
 Aydym bolup soygi bolup yashalyn,
 bagshylaryn belent heninden bolsun!
- 
                hallboy
                15 years ago
                
- Salam dost, gowumyñ? Öñki 5-lik manat yaly yitip gitdiñ-ä!
- 
                Goool
                15 years ago
                
- sary yaprak gayyp gitdi howada,
 yeller ony baldagyndan tandirdi.
 Senin eden bolgusyzja oyunyng,
 seni menden, meni senden dandirdi...
- 
                Goool
                15 years ago
                
- salam hallboy! Aaay yitemzokl balay
- 
                Mollanepes
                15 years ago
                
- Seni küýsäp-küýsäp, gijeler ýatman,
 şol keşbiň ýatlayan daňymam atman,
 Men şeýle gynanýan söýgime ýetmän,
 Sen ony hijem duýaňok ýarym.
 (dowamy bar)
 
 Serdar Açylow.
 24.09.10
- 
                Mollanepes
                15 years ago
                
- ...Magtymguly Pyragy halypamdyr...
- 
                owen
                15 years ago
                
- Как тот актер, который, оробев,
 Теряет нить давно знакомой роли,
 Как тот безумец, что, впадая в гнев,
 В избытке сил теряет силу воли, -
 
 Так я молчу, не зная, что сказать,
 Не оттого, что сердце охладело.
 Нет, на мои уста кладет печать
 Моя любовь, которой нет предела.
 
 Так пусть же книга говорит с тобой.
 Пускай она, безмолвный мой ходатай,
 Идет к тебе с признаньем и мольбой
 
 И справедливой требует расплаты.
 Прочтешь ли ты слова любви немой?
 Услышишь ли глазами голос мой?
- 
                Kukolka
                15 years ago
                
- herki zadyn bardyr caky hem ceni,
 goripligin bilen koseme meni.
 menin kalbym mydam soyguden doly,
 sen erbet bolsan-da,men soyjek seni.
 ***
 kyn ahyr soyguni dil bilen aytmak,
 onun ucin zerur seyle bir yurek-
 yagny,aytjak wagtyn soygi soauni,
 sol yuregin sozlap bilmegi gerek.
- 
                makesh
                14 years ago
                
- sagja bolun hormatly agzalar
- 
                Cwetocek
                14 years ago
                
- ine gulli soygi hakda goshgular kan yazpdyk:-)
- 
                ynsan
                14 years ago
                
- swet dogan sena durshun bl soygi ekenina:-)
- 
                Cwetocek
                14 years ago
                
- swet dogan sena durshun bl 
 soygi ekenina
 ynsan | 2010-12-01 05:47:17
 
 soygi bilen dunya geldim soygi bilenem dunyaden giderin!:-)
- 
                myahirlim
                14 years ago
                
- Cwetocek tuweleme!!
- 
                myahirlim
                14 years ago
                
- Men seni soymedim ozgeler ýaly
 Bir bakańda, ýeke gezek guleńde
 Ýok, beýle pursatda etmedim aly
 Ýalandan gulmedim, ýorap geleńde
 
 Men seni soýmedim ozgeler ýaly
 Gymmat baha eshik, gok donuń uchin
 Wagt geler bu soýgá dushersiń háli
 Belki, gynanarsyń sen munuń uchin.
 
 Seniň bilen okap, tanyshyp, bilip
 Ajap hasiýetleń uchin soýdum men
 Asman ýaly arassa, giń kalbyńyń
 Cheshme ýaly durulygyn duýdum men.
- 
                Batyr1986
                14 years ago
                
- ol emma yone 
 hawwala neme
 welin o ozat
 ............
 
- 
                myahirlim
                14 years ago
                
- :-)))
- 
                ynsan
                14 years ago
                
- indi mana soygiden allargiya oryar:-)
 soygi sozun eshitsem yuregim duryar:-)
 
 gulagym hekgerip gozum acylyar:-)
 soygi temasyna giren mahalym:-)
 
- 
                catgirl1993
                14 years ago
                
- Опасно чувствами играть, Мы оба странные весьма, Уже дошедшие до края, Но не сошедшие с ума! И я желания не скрою, - Не знаю лишь чего мы ждём! - Когда в конце концов тобою С ума мы всё таки сойдём. 
 ***
 Как мне трудно сей час одной В этой тёмной глуши ночной; Как мне хочется быть с тобой, Мой любимый и самый родной
 ***
 Любовь - это счастье, но лишь когда веришь, что она будет вечно. И пусть это каждый раз оказывается ложью, но только вера дает любви силу и радость.
 ***
 Очень по тебе скучаю, я тебя не забываю, ты красивая такая. Я люблю тебя, родная!
 ***
 Ты что думаешь, что ты лучше всех? Что я о тебе постоянно думаю? Что тебе нет равных? Что ты смысл моей жизни? Ну и правильно думаешь - Я от тебя без ума!
 ***
 Каждую ночь мысли о тебе, словно звездопад, гроздьями падают и сгорают во тьме, оставляя только обжигающий след грусти и печали...
 ***
 Между нами сейчас километры,Но я голос твой нежный ловлю,и мне хочется крикнуть сквозь ветер:Я люблю тебя очень люблю!
 
 Ты как Баунти - кусочек Рая на планете.
 ***
 Я рядом с тобой обо всём забываю А если не видимся, очень скучаю! Становится каждя встреча бесценной Ведь ты же прекраснее всех во вселенной!!!
 ***
 Можно жить и не влюбляться,
 По немножко всех любить.
 Всех обманывать стараться,
 Но обманутой не быть!
 ***
 Приветик... я вор... я здесь для того, чтобы украсть твое сердце
 
- 
                menbet
                14 years ago
                
- mail=tvermila=_myphoto=p-59[1] 
- 
                menbet
                14 years ago
                
- vgngfnghjd
- 
                West
                13 years ago
                
- gaty gowy goshgular sagbolun gownume gaty yarady :))
- 
                love
                13 years ago
                
- salam
- 
                Wepa7075
                13 years ago
                
- yalanyn ichinde yanyp galdym men
- 
                mavibonjuk
                13 years ago
                
- yuregim urup dur 3 sozi diyyar,
 Sholardyr ynsany mejnun eyleyan.
 Sensiz omrum solan gule menzeyar,
 Baryn boyun alyp,men seni soyyan...
 
 Yazgaryan ozumi shunca wagtlap,
 Gozlerim yolunda goyanym un.
 Hic zady baky daldir,unudaryn belki,
 Bagshla ezizim soyenim un.
 
 Sen gulum men un tasin bir dunya,
 Ony tasin edyan syrly duygudyr.
 Soygi diymek sho duygynyn manysyn ,
 Dusundurmek kyn bolanda soygudir.
 
 Dushundurup bolyan zatlan barysy,
 Soygi dal,biz muny ozaldan bilyas.
 Soygi-galalardan beyiikdir beyik,
 Soygi boylaryndan cunurakdyr has.
 
 Bir birege elmydam ynansak dp,
 Sogushsegem yarashyp dolansak dp...
 Senin yljak deminden dem alsam dp,
 Seni menden ayyrmasyn !allamdan medet![in gowy goryanim shu goshgydy]
- 
                karakoz89
                13 years ago
                
- gaty onat eken
- 
                mavibonjuk
                13 years ago
                
- ;-)
- 
                magnit
                13 years ago
                
- bet +
- 
                menbet
                13 years ago
                
- ine bet goshgylaryn mekany
- 
                Gowjam
                6 years ago
                
- SENI KÜÝSEDIM
 
 
 Gussam gursagyma sygmadyk çagy,
 Bir seni küýsedim, seni küýsedim.
 Asman gözýaş döküp, diňmedik çagy,
 Bir seni küýsedim, seni küýsedim.
 
 Ýelleň şuwlaýşyndan tisgindim, dünýäm,
 Gülleň uwlaýşyndan tisgindim, dünýäm,
 Adyňa, özüňe mesgendi dünýäm,
 Bir seni küýsedim, seni küýsedim.
 
 Gözüňi ýaşadýan göreçlerimde,
 Özüňi ýaşadýan göreçlerimde,
 Ýeňişli, ýeňlişli göreşlerimde
 Bir seni küýsedim, seni küýsedim.
 
 Setirlem beslendi adyňa seniň,
 Ertirlem beslendi adyňa seniň,
 Düýnde, şu günde, melegim, (çynym!)
 Bir seni küýsedim, seni küýsedim.
 
 Bagrym badaşypdyr ýatlamalara,
 Jiger öwrenşipdir otlamalara...
 Delil azalypdyr şatlanaryma,
 Bir seni küýsedim, seni küýsedim.
 
 Aýyply men. Aýbym — aşa söýmegim.
 Manysyny indi bilýän "Söýmegiň".
 Saňa atygsaýar durkum-düýrmegim,
 Bir seni küýsedim, seni küýsedim.
 
 Sag-salamat, bagtlysyrap ýörsemem,
 Ynjalyk ýok — ynjalanok gursagym.
 Kaýyl boldum ýene birje görsemem,
 Bir seni küýsedim, seni küýsedim...
 
 2012ý.
 
 Sapa Hommadow
- 
                Gowjam
                6 years ago
                
- SÖÝGÄ SORAGLARYM
 
 Söýgi, sen gudratmy, şatlykmy, hasrat, Perişdemiň ýa-da ýaradan senmi?! Ýa bolmasa tozap ýatan tümlükde, Asmany, Zemini döreden senmi?!
 
 Ynsanyň kalbyny köz ýaly dörüp, Kä söndürip, käte odun ölçerip, "Wah Şirinim" diýip, daglary ýaryp, Perhadyň bagtyny garaldan senmi?!
 
 Mežnun yşk oduna tapman dermany, Şo-ol düňle çöllerde çekdi armany, Selbini agladyp, aşyk Hemrany, Saýadyň ýoluna ugradan senmi?!
 
 Barha alawladyp yşgyň körügin, Penjesine düşüp gepçi, görübin, Şaseneme ýedi ýyllap Garybyň, Garasyn görmäge zar eden senmi?!
 
 Şahyr bilbil bolup söýdi gülüni, Neçüýn ýalkamadyň bagtyň guluny, Meňliden aýyryp Magtymgulyny, Eziz ýeňňesine ýar eden senmi?!
 
 Ak ýol arzuw edip, gökde pel-pelläp, Bürgüt aşyklary ýürekden goldap. Iň soňunda bolsa, Kerimi aldap, Gaňňalyň, oýunda eňreden senmi?!
 
 Bir zady bilemok, barmyka aýby, Munda şatlyk köpmi, köpmi ýa gaýgy, Dyz epip ýalbarýan, aýtsana, söýgi, Bu gözel dünýäni nur eden senmi?!
Tmsheyhi 15 years ago- soymezligi hic galmady bahana sen dunyani owrup baryan bahara! on bu halda daldim indi janserek, cekinyan diymane, yone sen gerek