Ençeme ýyl Türkiýede, Türk milletiniň medeniýetine, kulturasyna, maşgala durmuşlaryna, köp gaýtalanýan wakalaryna, futbola bolan fanatizmine, durmuşdaky wakalara nähili garaýyşlaryna bir eýýäm öwrenişdim. Meniň ýaly müňlerçe türkmen oglan bar Türkiýede. Türkleriň kelle gurluşy umuman aýdanda türkmenlere gaty meňzeýär, ýewropadaky beýleki milletlere serededp görseň belli bolýar. Meniň bir zat gaty ünsümi çekdi. Köp adam bilen gatnaşdym, şolaryň arasyndan esasanam öýlenenleriň köpüsi maňa ir öýlenme diýdiler. Gyssanma 30dan soňra arkaýyn öýlenersiň diýýäler. Näme üçin diýsem, sosial durmuşyň doly ölýär, näçe dostum bardy öýlenensoň habarlaşyp bilmän ýat bolup gitdiler diýýäler. Öýlensoň yzyňa guýruk dakýaň çagaň bolsa guýruga ýene bir guýruk... şeýle çolaşyp gidýäň diýýäler. ine şu ýerde gyzyklanýan zadym şu ýagdaý diňe türkler üçinmi ýa-da biziň türkmen maşgala durmuşynda hem şeýlemikä? Men bizde beýle däldir diýip pikir edýän sebäbi käbir tapawutlanýan nokatlarymyz bar. Bir türk erkek adam dostunyň ýanyna gidende aýalyny alyp gidenok, esasanam aýaly hijably (başy ýapyk) bolsa. Onsoň aýaly hem ärini goýberesi gelenok, sebäbi kim islär ýanýoldaşsyz öýde ýeke oturmagy, onsuzam gündiz işde bolýa görüşüp bolmaýa diýip. Şeýlelik bilen dostlary, gatnaşyk az bolansoň, ýekän-ýekän azalyp başlaýarlar we netijede sallahlykdaky sosial durmuşdan eser galanok. Elbetde hemme beýle däldir. Siziň pikileriňiz, gören-eşidenleriňiz?

Köneler, shahyr tarapyndan 15 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir