Öňem galyň mowzugy bardy we galyň barada köp zatlar ýazyldy. Indi şu mowzukda galyňa 1- nämeleriň; 2- näme sebäpli; 3- näçeräk mukdarda; 4- kimler tarapyndan; 5- kimlere niýetlenilip we ş.m. sebäpli zatlary, gysgaçasy, galyň sanawyny (spisogyny) bilýänler ýazaýsa. Meniň-ä başym çykanok bu zatlara, ýöne indiki ýyl başymyň azda-kände agyrjagy welin görünýär. Şu galyň sanawy zerarly: 1- Näçe niýetler goýbolsun edilendir?! 2- Näçe maşgala gan aglandyr?! 3- Naçe söýgiler netijesiz galandyr?! 4- Näçe kişi gaçandyr?! 5- Näçe maşgalanyň bagty ýatandyr?! 6- Näçe kişi bergidar galandyr?! We ş.m. sebäpler sanalyp biler. Hawa, hormatly agzalar, indi bu babatdaky pikirleriňiz üçin mikrofon sizde!

Köneler, ata tarapyndan 15 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir