Owganystan Türkmenistanda harytlarynyň ýene bir sergisini geçirmegi meýilleşdirýär
Owganystanyň Senagat we söwda ministrligi 1403-nji Gün hijrisi ýylynda (2024-nji ýylyň 20-nji martynda başlady) ýurduň içinde we daşary ýurtlarda 30-dan gowrak sergi guramagy meýilleşdirýändigini aýtdy.
Orient agentliginiň TOLO news-e salgylanyp habar bermegine görä, bu maksatnamanyň çäklerinde Owganystanyň Senagat we söwda ministrligi Türkm...
Türkmenistanyň DIM-inde TÜRKSOÝ-yň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi
25-nji martda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Sultanbaý Raýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada diplomatik edaranyň metbugat gullugy habar berýär.
Taraplar Änew şäheriniň 2024-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegine we Magtymguly Pyragyny...
2024-nji ýylda Türki dünýäsiniň medeni paýtagtyna bagyşlanan çäreler badalga alýar
Türkmenistanda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreler badalga aldy.
26-njy martda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Nowruz ýaýlasynda çäreleriň açylyş dabarasy geçiriler. Dabaranyň çäklerinde konsert, sergi we beýleki çäreler geçiriler. Çärelere türki döwletleriň wekiller...
Türkmenistanyň we Özbegistanyň daşary işler ministrleri telefon arkaly gepleşik geçirdiler
25-nji martda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen onuň özbek kärdeşi Bagtyýar Saidowyň arasynda telefon arkaly gepleşik geçirildi.
Taraplar iki ýurduň arasyndaky çuňňur strategiki hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge aýratyn üns berdiler.
Söhbetdeşligiň dowamynda diplomatlar 2024-nji ýyl üçin baý mazmunly iş...
Serdar Berdimuhamedow Änewde geçiriljek çärelere badalga bermek dabarasyna gatnaşyjylary gutlady
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çärelere badalga bermek dabarasy bilen gutlady.
"Türkmen halkynyň şöhratly taryhynda özboluşly orny eýeleýän Änew şäheri milli medeni we taryhy ý...
Şwarseneggere kardiostimulýator oturdyldy
Meşhur aktýor we Kaliforniýanyň öňki gubernatory, 76 ýaşly Arnold Şwarseneggere kardiostimulýator oturdyldy. Bu barada ol Arnold’s Pump Club podkastynda habar berdi diýip, Daily Mail ýazýar.
Şwarsenegger öz habarynda geçen duşenbe güni operasiýa geçirendigini, oňa kardiostimulýator oturdylandygyny aýtdy we özüni gowy duýýandygyny sözüniň üst...
24-25-nji martda Russiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasynda hatyra kitabyna ýazgy galdyryp bolar
Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy 2024-nji ýylyň 22-nji martynda Podmoskowýede bolup geçen terrorçylykly hereket sebäpli ilçihanada hatyra kitabyny döretdi.
Ilçihananyň habar bermegine görä, Russiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasynda (1941-nji köçe) 24-nji we 25-nji martda sagat 10:00-13:00 we 15:00-17:00 aralygynda hatyra kitabyna bolup geçe...
“Jon Uikiň” prodýuserleri “Bundokly keramatlylar” kult boýewigini täzeden çykararlar
1999-njy ýylda çykarylan “Bundokly keramatlylar” kult filmi “Jon Uikiň” üstünde işlän Thunder Road kompaniýasy tarapyndan täzeden çykarylar diýip, Deadline habar berýär.
Filmiň asyl nusgasy özlerini hudaýyň wekili hasaplaýan we jenaýatçylygyň artýan şäher köçelerinde adalaty ýola goýýan bostonly iki dogan hakda gidýär. 2009-njy ýylda “Ähli k...
Stiw Jobsuň goly bolan wizitka auksionda rekord baha satyldy
Bostonyň RR Auction auksionynyň maglumatlaryna görä, Stiw Jobsuň goly bolan seýrek Apple Computer wizit kartoçkasy auksionda 181 183 dollara satyldy. Bu gol çekilen wizit kartoçka üçin rekord bahadyr diýip, gagadget.com belleýär.
Bu wizitka 40 ýyldan gowrak wagt bolup, ol 1983-nji ýyl bilen senelenýär. Onda Apple-iň köne alty reňkli logotipi...
Nissan Kicks-iň ikinji nesli çykdy: has güýçli, tekerleri doly hereketli we täze dizaýnly
Nissan kompaniýasynyň Demirgazyk Amerikadaky bölümi Demirgazyk Amerikanyň bazary üçin Kicks -iň ikinji neslini hödürledi. Krossower täze dizaýn, has güýçli hereketlendiriji, tekerleri doly hereketli we birnäçe tehnologiki täzelenme aldy diýip, auto.ru habar berýär.
Bir hepdeden Nýu-Ýorkda açyljak halkara awtoulag sergisinde awtoulag köpçülig...
Bennu asteroidi bilen irki Ýeriň arasynda haýran galdyryjy meňzeşlikler ýüze çykaryldy
NASA-nyň gözlegçileri Bennu asteroidinde “ýaşaýşyň düzümlerini” tapdylar. Daily Mail-iň habar bermegine görä, takmynan, 45 million ýyllyk Bennu tozanynda magniý fosfaty, fillosilikatlar we glisin ýaly, ýaşaýşyň ilki dörän döwründe Ýerde bar bolan maddalar tapyldy.
Magniý fosfaty Ýerdäki ummanlarda we gury ýerde, ösümlik tohumlarynda bolýar w...
Hindi alymlary tebigy betbagtçylyklara garşy göreşmek üçin dron toparlaryny ulanmagy teklip etdiler
Hindi Ylym Institutynyň gözlegçileri bir logiki tora birikdirilen dronlary ulanmagyň täze ulgamyny döretdiler. Bu ulgam dürli tebigy betbagtçylyklara, hususan-da, tokaý ýangynlaryna garşy göreşmekde ulanylyp bilner diýip, Techxplore ýazýar.
Toparda hereket edýän dronlar biri-biri bilen “aragatnaşyk saklar” we howply ýerleriň temperaturasyna...
«Çeburaşka» filminiň ikinji we üçünji bölümleri tomusda bir wagtda surata düşüriler
Çeburaşka baradaky ikinji we üçünji filmler bir wagtda surata düşüriler. TASS bu barada russiýaly aktýor Sergeý Garmaşyň sözlerine salgylanyp ýazýar.
Filmiň surata düşüriş işleri tomusda başlar. «Çeburaşka 2» filminiň surata düşüriş işleri häzirki wagtda taýýarlyk döwründe. Iýun aýynyň başynda «Çeburaşka 2» we «Çeburaşka 3» filmleriniň surat...
Serdar Berdimuhamedow Albaniýanyň Prezidenti Baýram Begaýy gutlady
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Albaniýanyň Prezidenti Baýram Begaýa hem-de ýurduň halkyna Türkmenistan bilen Albaniýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Serda...
Serdar Berdimuhamedow Katerina Sakellaropulany Gresiýanyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady
Prezident Serdar Berdimuhamedow Gresiýa Respublikasynyň Prezidenti hanym Katerina Sakellaropula hem-de ýurduň halkyna Gresiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Şu mümkinçilikden peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz Prezident Katerina Sakellaropula tüýs ýürekden berk jan saglyk,...
«Aždarhanyň öýi» serialynyň ikinji möwsümi 2024-nji ýylyň 16-njy iýunynda çykar
HBO akym hyzmatynyň «Aždarhanyň öýi» serialynyň ikinji möwsümi 2024-nji ýylyň 16-njy iýunynda çykar. Bu barada Max YouTube kanalynda elýeterli bolan treýlerden belli boldy.
Serialyň täze möwsüminde tomaşaçylara «Aždarhalaryň tansy» ady bilen tanalýan Westerosdaky raýat urşy görkeziler. Serialyň režissýory Raýan Kondal täze möwsümiň has özün...
Jemal Öwlüýägulyýewa Sambony esaslandyryjylaryň kubogynyň çempiony boldy
Türkmen samboçylary 22-nji martda Moskwanyň Halkara sambo merkezinde badalga alan Sambony esaslandyryjylaryň kubogynda ýaryşyň ilkinji güni 1 altyn, 2 kümüş we 1 bürünç medal gazandylar.
Jemal Öwlüýägulyýewa 65 kg çenli agram derejesinde çempion boldy.
Jemal Türkmenabadyň 7-nji sport mekdebiniň tälimçisidir. Öň, 2023-nji ýylyň noýabr...
Neuralink çipi oturdylan adam pikiriň güýji bilen X-de ilkinji ýazgysyny ýazdy
Beýnisine Ilon Maskyň Neuralink neýrotehnologiýa kompaniýasynyň implanty ýerleşdirilen hassa Nolan Arbo pikiri arkaly X-de (öňki Twitter) ilkinji ýazgysyny ýazdy. Bu barada Mask X-de habar berdi.
«Twitter meni bot diýip hasaplandygy üçin gadagan etdi, ýöne X we Ilon Mask meni gaýtadan dikeltdi, çünki bu şeýle» diýlip, Arbonyň ýazgysynda bell...
FourFourTwo Braziliýanyň taryhyndaky iň gowy 10 futbolçysynyň sanawyny düzdi
Abraýly britan neşiri FourFourTwo Braziliýanyň futbol taryhyndaky iň gowy on oýunçysynyň sanawyny neşir etdi.
Bu sanawda meşhur hüjümçi Pele birinji orunda durýar. Ikinji orunda «Real Madridiň», «Barselonanyň» we «Interiň» öňki hüjümçisi Ronaldo bar. Ilkinji üçlügi «Botafogo» toparynyň öňki futbolçysy Garrinça tamamlady.
FourFourTwo-n...
Gündäki partlamalar Ýerde güýçli magnit hadysasyna getirdi
Ýerde G4 derejeli güýçli magnit hadysasy hasaba alynýar. Bu barada Russiýanyň Amaly geofizika institutyna salgylanyp, TASS habar berýär.
Magnit hadysasynyň sebäbi Gündäki 13 partlama boldy, şolaryň biri X ýokary derejeli partlama bolup, ol 23-nji martda bolup geçdi.
Hünärmenler Gün işjeňliginiň ýokary derejesiniň heniz geçmändigini, ş...