Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2025-nji ýyl BMG-de «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. 86 ýurt oňa awtordaş boldy. BMG-niň ştab-kwartirasyndan gelip gowşan bu hoş habary wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow 23-nji martda...
Raşid Meredow Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça birnäçe teklipleri öňe sürdi
23-nji martda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistanyň wekiliýetiniň Belgiýa Patyşalygyna we Italiýa Respublikasyna iş saparlarynyň netijeleri boýunça birnäçe teklipleri beýan etdi.
Hususan-da,
2024-nji ýylyň oktýabr aýynda Aşgabat şäherinde «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleş...
«Türkmenpoçta» kompaniýasynyň täze merkezi edara binasy gurlar
«Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň täze merkezi edara binasynyň gurluşygynyň taslamasy taýýarlanylýar. Bu barada Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew 23-nji martda Hökümet mejlisinde hasabat berdi.
Taslama laýyklykda, bäş gatdan ybarat bolan täze desgada iş, tehniki we se...
«Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň başlygy täzelendi
Prezident Serdar Berdimuhamedow A.Kösäýewi, başga işe geçmegi sebäpli, «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň başlygy wezipesinden boşatmak hakynda şu Agentligiň paýdarlarynyň umumy ýygnagynyň kararyny tassyklady.
«Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň täze başlygy wezipesine B.Annaýew saýlanyldy. Türkmenistanyň Prezidenti Agentligiň paýda...
26-njy martda Änewiň şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreler badalga alar
26-njy martda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çärelere badalga bermek dabarasy geçiriler. Wise-premýer M.Mämmedowanyň Hökümet mejlisinde habar bermegine görä, dabarany Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Nowruz ýaýlasyndaky «Türkmeniň ak öýi» binasynda geçirmek meýilleşd...
Serdar Berdimuhamedow ikinji kitabyny ýazyp tamamlady
Prezident Serdar Berdimuhamedow Änew şäheriniň 2024-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyny ýazyp tamamlady. Täze kitabyň döremegine Gurbanguly Berdimuhamedowyň taryhy çeşmelerden getiren maglumatlary ýakyndan goldaw berdi. Bu barada döwlet Baştutany...
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň 3 ýyllygy mynasybetli çäreler geçiriler
29-njy martda Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň üç ýyllygy mynasybetli giň gerimli çäreler geçiriler. Bu barada 23-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň Arkadag şäherine saparynyň barşynda geçiren iş maslahaty...
Arkadag şäherinde “Saglyk” seýilgähi gurlar
23-nji martda Arkadag şäherine iş saparynyň barşynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow täze şäherde gurulýan hem-de gurulmagy meýilleşdirilýän seýilgähleriň, köpugurly stadionyň we ýol-ulag düzüminiň desgalarynyň şekil taslamalary görkezildi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hödürlenen taslamalar bilen tanşyp, k...
24-25-nji martda Russiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasynda hatyra kitabyna ýazgy galdyryp bolar
Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy 2024-nji ýylyň 22-nji martynda Podmoskowýede bolup geçen terrorçylykly hereket sebäpli ilçihanada hatyra kitabyny döretdi.
Ilçihananyň habar bermegine görä, Russiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasynda (1941-nji köçe) 24-nji we 25-nji martda sagat 10:00-13:00 we 15:00-17:00 aralygynda hatyra kitabyna bolup geçe...
6000 oýunjakdan gurlan öý: hindistanly arhitektorlar gereksiz zatlara ikinji ömür berdiler
Hindistanyň Wallmakers arhitektura firmasy gerekmejek 6200 töweregi oýunjakdan jaý gurdy. Bina Demirgazyk Kerala ştatynda obanyň tokaýlyk ýerinde ýerleşýär diýip, New Atlas ýazýar.
Arhitektorlaryň kellesine oýnawaçlary gurluşyk materialy hökmünde ulanmak pikiriniň gelmegi bu munisipalitetiň ştatda iň köp oýnawaç öndürýändigi sebäplidir. Wagt...
Fizikler kwant tüweleýini ulanyp, giňişligi we wagty gyşartmagy öwrendiler
Iňlis fizikleri kwant fizikasynda üstünlik gazandylar. Gara girdaplaryň özüni alyp barşyny simulirlemäge mümkinçilik berýän ýokary akyjylykly geliýde kwant girdabyny işe girizdiler.
Nottingem uniwersitetiniň, Londonyň patyşa kollejiniň we Nýukasl uniwersitetiniň fizikleri hakyky gara girdabyň töwereginde gyşaran giňişlikde bolup geçýän wakal...
ABŞ-nyň hökümeti Intel kompaniýasyna 20 milliard dollar maýa goýmak kararyna geldi
ABŞ-nyň hökümeti Intel korporasiýasyny ösdürmek üçin takmynan 20 milliard dollar maýa goýýar. Bu barada Ak tam yglan etdi.
Berilýän maglumatlara görä, 8,5 milliard dollar gönüden-göni maliýeleşdirmek görnüşinde, ýene 11 milliard dollar ýarymgeçirijileriň we beýleki ýokary tehnologiýaly gurluşlaryň önümçiligini ösdürmek üçin karz ugrunyň çäkl...
BMG-niň 193 ýurdy emeli aňy kadalaşdyrmak üçin biragyzdan ses berdi
BMG-niň Baş Assambleýasy (BA) 21-nji martda emeli aň (AI) pudagyny kadalaşdyrmaklyga we onuň howpsuzlygyny üpjün etmeklige gönükdirilen Rezolýusiýany biragyzdan kabul etdi diýip, TASS habar berýär.
Amerikanyň Birleşen Ştatlary tarapyndan hödürlenen we guramanyň 193 agza-ýurtlary tarapyndan goldanýan bu resminama emeli aňy jogapkärli ösdürmek...
29-njy martda Moskwada GDA-nyň Ykdysady Geňeşiniň mejlisi geçiriler
29-njy martda Moskwada GDA-nyň Ykdysady Geňeşiniň mejlisini geçirmek meýilleşdirilýär. Bu GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilen Russiýanyň wise-premýeri Alekseý Owerçukyň arasynda geçirilen iş duşuşygynda mälim boldy diýip, TASS habar berýär.
"Taraplar Arkalaşygyň çäklerinde ykdysady integrasiýanyň ileri tutulýan meseleleri we 2024-nji...
Serdar Berdimuhamedow Wladimir Putine gynanç bildirdi
Prezident Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine Krasnogorsk şäherindäki «Krokus siti holl» konsert zalynda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren ýaragly hüjüm we partlama zerarly gynanç hatyny iberdi.
"Türkmenistan terrorçylygyň we ekstremizmiň islendik ýüze çykmalaryny aýgytly...
Serdar Berdimuhamedow Pakistanyň ýolbaşçylaryny ýurduň güni bilen gutlady
Prezident Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardarä, Premýer-ministri Mian Muhammad Şahbaz Şarife we ýurduň doganlyk halkyna milli baýram — Pakistanyň güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Döwlet Baştutany hatynda Türkmenistan bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň arasyndaky...
Saud Arabystanynda dünýäde iň uzyn asma howuz gurlar
Saud Arabystanynyň çägini ösdürmek agentligi Neom «Treym» atly täze syýahatçylyk taslamasyny hödürledi. Kompaniýanyň resmi web sahypasyndaky maglumata görä, myhmanhana Akaba aýlagynyň günorta kenaryndaky lagunyň girelgesiniň garşysynda ýerleşer.
250 otaga niýetlenen myhmanhana 450 metrlik asma howuz bilen birleşdirilen iki binadan ybarat bol...
McDonald's futbol boýunça Fransiýanyň çempionatynyň täze baş hemaýatkäri bolar
Fransiýanyň Professional futbol ligasy (LFP) McDonald's bilen şertnama baglaşdy, oňa laýyklykda, tiz tagam zynjyry geljek üç möwsümde Liga 1-iň baş hemaýatkäri bolar diýip, LFP-niň resmi web sahypasynda habar berilýär.
Häzirki wagtda ýaryş Liga 1 Uber Eats diýlip atlandyrylýar, häzirki hemaýatkär bilen şertnama möwsümiň ahyryna çenli dowam e...
Şwesiýanyň koroly ABBA toparynyň agzalaryny Waza ordeni bilen sylaglady
Şwesiýanyň koroly Karl XVI Gustaw ABBA estrada toparynyň agzalaryny rysarlyk ordenleri bilen sylaglady. Bu barada TASS hökümet kanselýasriýasyna salgylanyp habar berýär.
Agneta Feltskog, Býorn Ulweus, Benni Andersson we Anni-Frid Lingstad «halkara aýdym-saz durmuşyna goşan goşandy» üçin Waza (Vasaorden) ordeni bilen sylaglandylar.
Kor...
Türkmen suratkeşleriniň 12-si Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan eserlerini hödürledi
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde şahyr we akyldar Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan türkmen suratkeşleriniň 12-siniň eserleriniň sergisi açyldy.
Serginiň guramaçylary sergini «Pyragynyň wasp eden ýurdunda bahar» diýip atlandyrdylar. Sergide jemi 120 surat, heýkeller...