2026-njy ýylyň 11-nji martynda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň we Türkiýe Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Migrasiýa müdirliginiň wekilleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly iş duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň saýtynda habar berilýär. Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we migrasiýa ulgamyndaky gatnaşyklaryň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdy. Duşuşykda iki ýurduň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň ösüşinde halkara guramalarynyň çäklerindäki özara hereketleriň ähmiýeti aýratyn nygtaldy. Taraplar migrasiýa meseleleri boýunça hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemegiň ikitaraplaýyn gatnaşyklary täze mazmun bilen baýlaşdyrjakdygyny belledi. Gepleşikleriň ahyrynda migrasiýa ulgamyndaky özara hyzmatdaşlygyň geljekde hem sazlaşykly dowam etdiriljekdigine ynam bildirildi.