«Bring a Trailer» onlaýn auksionynda 1955-nji ýylda öndürilen seýrek duş gelýän EMW 327 Sport kabrioleti satuwa çykaryldy. Habar çap edilen pursatynda awtoulag üçin goýlan nyrh 40 250 dollara ýetdi, söwdalaşygyň tamamlanmagyna bolsa ýene üç gün bar. Bu model ilkinji gezek 1937-nji ýylda peýda bolan BMW 327 awtoulagy bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. 1941-nji ýyla çenli bu ulaglar, şol sanda kompaniýanyň Aýzenah şäherindäki zawodynda hem öndürilipdir. Ikinji jahan urşundan soň, kärhana önümçiligini täzeden dikeldýär, ýöne eýýäm Gündogar Germaniýanyň häkimiýetleriniň gözegçiligi astyna geçýär. Ilki bilen awtoulaglar BMW markasy astynda öndürilmegini dowam etdirýär, emma 1952-nji ýylda zawod täze — Eisenacher Motorenwerk (EMW) adyny we öz hususy logotipini alýar. Logotipdäki ak-gök reňkleriň ýerini ak-gyzyl reňkler eýeleýär. Käbir çaklamalara görä, bu hili ulaglardan jemi 505 sanysy öndürilipdir. Satuwa çykarylan kabriolet bu seriýanyň iň soňky nusgalaryna degişlidir. 2000-nji ýylda awtoulag düýpli dikeldiş işlerinden geçdi we onuň hereketlendirijisi doly bejerildi. Şol bir wagtyň özünde, soňky ýyllarda talabalaýyk saklanmandygy sebäpli, kuzowynda käbir şikesler galypdyr. Awtoulag iki sany «Solex» karbýuratory bolan 2,0 litrlik alty silindrli hatarly hereketlendiriji bilen enjamlaşdyrylan. Onuň güýji takmynan 55 at güýjüne deň bolup, hereketlendiriji dört basgançakly mehaniki geçirijiler guty bilen bilelikde işleýär. Görkezilen ýörelen ýoly — 21,5 müň kilometr, ýöne satyjy bu aralygyň haýsy döwürden bäri hasaplanýandygyny takyk bellemeýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir