Türkmenistanyň Döwlet sirki Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli çagalar üçin täze sirk oýunlarynyň maksatnamasyny taýýarlady. Tomaşaçylar şüweleňiň dowamynda türkmen milli sirk sungatynyň däplerini özünde jemleýän çykyşlara tomaşa edip biler. Sirk meýdançasynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary, «Türkmen jigitleri» topary, şeýle hem masgarabazlar, akrobatlar, howa gimnastlary, ekwelibristler we žonglýorlar öz ussatlyklaryny görkezer. Sirk oýunlary 2026-njy ýylyň mart aýynyň 23-ünden 28-ine çenli bir hepdäniň dowamynda her gün geçiriler. Goşmaça maglumatlar üçin şu telefon belgilerine ýüz tutup bilersiňiz: 39-80-44, 39-80-45, 39-80-46, 36-10-95.