2026-njy ýylyň 12-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M. Bäşimowa Halkara Zähmet Guramasynyň (HZG) Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebit direktory Piter Wan Rooý bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berýär. Duşuşygyň başynda türkmen tarapy Piter Wan Rooýy täze wezipä bellenilmegi bilen gutlap, onuň iş tejribesiniň Türkmenistan bilen HZG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdi. Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ulgamy bilen hyzmatdaşlygynyň çäklerinde HZG bilen gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigi we bu hyzmatdaşlygyň ulgamlaýyn häsiýete eýe bolup, bilelikdäki ýol kartalarynyň hem-de taslamalarynyň üsti bilen amala aşyrylýandygy nygtaldy. Söhbetdeşler mynasyp zähmet ýörelgelerini öňe sürmäge we sosial dialogy ösdürmäge gönükdirilen bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilişini, şeýle hem 2026-njy ýyl üçin hyzmatdaşlyk boýunça Ýol kartasynyň ähmiýetini ara alyp maslahatlaşdy. Şonuň bilen birlikde, Türkmenistanyň guramanyň konwensiýalary boýunça yzygiderli hasabatlary hödürleýändigi we şu ýylyň iýun aýynda Ženewada geçiriljek Halkara Zähmet konferensiýasynyň nobatdaky mejlisine gatnaşjakdygy bellenildi. Duşuşygyň jemleri boýunça taraplar özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändiklerini tassyklady.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir