2026-njy ýylyň 12-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A. Gurbanow Awstraliýanyň Türkmenistandaky ilçisi (oturýan ýeri Moskwa şäheri) Jon Wilýam Giring bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berýär. Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy maslahatlaşylyp, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi uly ugurlaryna seredildi. Diplomatlar halkara we sebit gün tertibiniň möhüm meseleleri, şol sanda Ýakyn Gündogardaky ýagdaýlar barada pikir alyşdy. Söhbetdeşler sebitde parahatçylygy we durnuklylygy saklamak üçin halkara tagallalaryň birleşdirilmeginiň zerurdygyny nygtady. Duşuşygyň dowamynda ilçi Jon Wilýam Giring Eýran Yslam Respublikasyndan gelýän Awstraliýanyň raýatlaryna Türkmenistanyň çäginden üstaşyr geçmekde berlen goldaw we amala aşyrylan ynsanperwer ýardam üçin türkmen tarapyna aýratyn minnetdarlyk bildirdi. Gepleşikleriň ahyrynda taraplar iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary we özara bähbitli konstruktiw dialogy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyklaryny tassyklady.