Ýaramaz gylykly adamlar bilen gatnaşmak biologiki garramagy, takmynan, 1,5% çaltlaşdyryp biler. Amerikan alymlary şeýle netijä geldiler, olaryň bu ugurda geçiren ylmy barlagy PNAS portalynda çap edildi. Barlagçylar 2300-den gowrak adamyň maglumatlaryny öwrendiler. Gatnaşyjylar özleriniň fiziki we ruhy ýagdaýlary barada aýtdylar we DNK nusgalaryny berdiler. Seljermeler duşmançylykly ýa-da ýakymsyz garaýyşly tanyşlarynyň arasynda bolýan adamlaryň, deň-duşlary bilen deňeşdirilende, biologik ýaş tapawutlarynyň uly bolýandygyny görkezdi. Ýanýoldaşlaryna garanda, dostlary ýa-da garyndaşlary ýaramaz gylykly bolan adamlarda bu täsir has güýçli duýulýar. Alymlar munuň nikanyň dartgynly gatnaşyklaryň täsirini bölekleýin ýumşadýandygy bilen baglanyşykly bolup biljekdigini aýdýarlar. Är-aýallyk gatnaşygynda ýaşaýan adamlar, adatça, kän ýalňyzlyk duýmaýarlar. Şeýle-de bolsa, barlagçylar ýaramaz daşky gurşawyň islendik ýagdaýda-da saglyga ýaramaz täsir edýändigini belleýärler. Şeýle gatnaşyklardan ýüze çykýan dartgynlylyk garrama prosesini çaltlaşdyryp biler. Barlaga gatnaşyjylaryň üçden bir bölegi durmuşynda azyndan bir problemaly adamyň bardygyny habar berdiler. Sorag edilenleriň takmynan 10%-i durmuşynda şeýle adamlaryň ikisiniň ýa-da ondan hem köpüsiniň bardygyny aýtdylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir