Türkmenistanda mugallymlar we terbiýeçiler üçin maslahatlar hem-de hünär kämilleşdiriş okuwlary geçirilýär
Çagalary terbiýelemek işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin her ýyl täze usullaryň peýda bolmagy bilen baglylykda Türkmenistanyň Milli Bilim instituty (TMBI) Aşgabadyň we welaýatlaryň çagalar baglarynyň müdirleri üçin hünär kämilleşdiriş okuwyny geçirdi. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" habar berýär.
TMBI-niň mekdebe çenli bilim we t...
Özbegistan, Türkmenistan, Eýran we Türkiýe halkara multimodal geçelgesini döretmegi ylalaşdylar
Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Eýranyň we Türkiýäniň ulag pudagyndaky degişli ministrlikler Aziýa bilen Ýewropany “Özbegistan – Türkmenistan – Eýran – Türkiýe” ugry arkaly birleşdirjek halkara multimodal geçelgesiniň döredilmegini göz öňünde tutýan köptaraplaýyn duşuşygyň teswirnamasyna gol çekdiler. Bu barada Türkmenistan Halkara habarlar portaly h...
Türkmen mugallymlary Nižniý Nowgorodda geçirilen XIII Bütinrussiýa ylym festiwalynyň maslahatyna gatnaşdylar
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymlary NAUKA 0+ Bütinrussiýa festiwalynyň çäklerinde 23-nji oktýabrdan 23-nji noýabr aralygynda Nižniý Nowgorod döwlet binagärlik-gurluşyk uniwersitetinde (NNDBGU) geçirilýän XIII Bütinrussiýa ylym festiwalynyň ylmy-amaly maslahatyna onlaýn görnüşde gatnaşdylar. Bu barada "Türkmenistan: Altyn as...
Serdar Berdimuhamedow Daşkentde Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy
Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 16-njy mejlisine gatnaşmak üçin Daşkende iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy.
Taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda özara peýdaly türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň ösüşini ara alyp maslaha...
Serdar Berdimuhamedow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 16-njy mejlisine gatnaşýar
Özbegistan Respublikasyna iş sapary amala aşyrýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Daşkentde öz işine başlan Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 16-njy mejlisine gatnaşýar.
Döwlet Baştutanymyz Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde dürli ugurlarda özara peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürmek baradaky Türkmenistanyň garaýşyny beýan ed...
Kolumbiýanyň Prezidenti hazynaly gämini deňziň düýbünden çykarmagy buýurdy
Kolumbiýanyň Prezidenti Gustawo Petro deňziň düýbündäki bahasy 20 milliard dollar bahalanýan hazynaly gämini tizden-tiz suwdan çykarmagy buýurdy. Bu barada ýurduň medeniýet ministri Huan Dawid Korrea salgylanýan «Reuters» habar berdi diýip, «MIR 24» ýazýar.
62 toply «San-Hose» ispan gämisi Karib deňziniň düýbünde ýatyr, ol 1708-nji ýylda Beý...
«Ýylyň parlak ýyldyzy» bäsleşigi yglan edildi
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň, Medeniýet ministrliginiň hem-de Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň bilelikde ýurduň ýaş estrada aýdymçylarynyň we höwesjeň aýdymçy ýaşlarynyň arasynda geçirýän «Ýylyň parlak ýyldyzy» bäsleşigi yglan edildi. Bu barada Türkmenistanyň Me...
Baýramaly etrabynda boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresi geçirilýär
Baýramaly etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi 15-nji noýabrda Baýramaly etrap medeniýet bölüminde sagat 10:00-dan 12:00-a çenli aralykda boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär.
Işe ýerleşmek isleýän raýatlar şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem...
Etrek etrabynda iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresi geçirilýär
Balkan welaýatynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi hem-de Etrek etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi 20-nji noýabrda Etrek etrap häkimliginiň mejlisler zalynda, sagat 10:00-dan 12:00-a çenli boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär.
Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralary...
«Injener Chozgutleri» nebitgaz we energetika pudaklarynda giň gerimli inžener-gurluşyk işlerini ýerine ýetirýär
Türkmenistanda öňdebaryjy doly derejeli inžener-gurluşyk kompaniýalarynyň biridir. Kompaniýanyň esasy ýöriteleşen ugry nebitgaz, senagat we energetikaa gurluşygydyr.
«Injener Chozgutleri» türkmen bazarynda 12 ýyldan gowrak wagt bäri işläp gelýän döwründe ygtybarly hyzmatdaş hökmünde abraý gazandy.
«Injener Chozgutleri»...
Türkmenistanyň Brýusseldäki ilçisi Ýewropa Parlamentiniň wekili bilen duşuşyk geçirdi
Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi we Ýewropa Bileleşigindäki wekilhanasynyň başlygy Sapar Palwanow 6-njy noýabrda Brýusselde Ýewropa Parlamentiniň Daşary gatnaşyklar komitetiniň başlygy Deýwid Makalister bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada «Orient.tm» tarapyndan habar berildi.
Duşuşykda ilçi Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň aras...
Türkmen we eýran gümrükçileri «Sarahs—Sarahs» gümrük nokatlarynda duşuşdylar
6-njy noýabrda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Gümrük müdirliginiň wekilleriniň türkmen-eýran döwlet serhedinde ýerleşýän «Sarahs—Sarahs» barlag-goýberiş nokadynda iş duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň web sahypasynda habar berildi.
Iş duşuşygynyň barşynda Türk...
8-nji noýabrda Aşgabatda Aragatnaşyk Dolandyryşlarynyň Başlyklarynyň Geňeşiniň mejlisi geçiriler
8-nji noýabrda Aşgabatda Aragatnaşyk boýunça Sebit Arkalaşygynyň (ASA) administrasiýalarynyň ýolbaşçylar geňeşiniň 59-njy bilelikdäki mejlisi hem-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň ASA-nyň ýanyndaky maglumat boýunça utgaşdyryjy geňeşiniň 29-njy mejlisi geçiriler. Bu barada «Belta» salgylanyp, «centralasia.news» habar berýär.
...
«Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody KOMEA bilen 42 million dollarlyk şertnama baglaşdy
«Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody Koreýa deňiz enjamlary assosiasiýasy (KOMEA) bilen 6,1 müň tonna umumy ýükleri daşamaga niýetlenen gämileriň taslamalaryny düzmek, bilelikde gurmak we degişli enjamlary getirmek boýunça 42 million dollarlyk şertnama baglaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýala...
Işewürlik-daýdžest: 31-nji oktýabrdan 6-njy noýabr aralygynda Türkmenistanyň esasy ykdysady habarlary
Geçen hepde Türkmenistanyň birnäçe möhüm işewürlik çärelerini geçirendigi mälim boldy. Esasanam Ýewropanyň öňdebaryjy ykdysadyýetli döwletleri bolan Germaniýada we Beýik Britaniýada geçirilen işewürlik maslahatlary aýratyn bellärliklidir.
Günorta Koreýa bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk barada Ylalaşyga gol çekilmegi hem möhüm waka b...
Tokaýew Dimaşa tazy güjügi sowgat berdi
Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew meşhur gazak aýdymçysy Dimaş Kudabergenowa gazak milli tazysynyň güjügini sowgat berdi diýip, «kaztag.kz» habarlar agentligi habar berdi.
«Dostlar, tanyş boluň, bu meniň täze dostum. Kasym-Žomart Kemeluly maňa bu tazy güjügini sowgat berdi. Tazy – biziň halkymyz üçin gymmatlyk, ata-babalar...
Türkmenistan Günorta Koreýa bilen lukmançylyk pudagynda hyzmatdaşlyk eder
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi Gündogar lukmançylygyny ösdürmek boýunça koreý agentligi bilen ylalaşyga gol çekdi diýip, «Trend.az» habar berýär.
Gündogar lukmançylygy we gaýtadan dikeldiş lukmançylygy pudagynda häzirki zaman tehnologiýalaryny we ylmy-amaly maglumatlary alyşmak, adaty lukmançylyk we gaý...
Aşgabatda türkmen gazyny Yraga ibermek boýunça gepleşikler geçirildi
Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň Merkezi binasynda «Türkmengaz» DK-nyň ýolbaşçylary bilen Aşgabada sapar bilen gelen Yrak Respublikasynyň wekiliýetiniň duşuşygy geçirildi. Yragyň wekiliýetine elektroenergetika ministri Ziad Ali Fadel ýolbaşçylyk etdi. Bu barada oilgas.gov.tm saýtynda habar berildi.
Günüň birinji ýarymynda taraplar gaz ulga...
Aşgabatda türkmen gazyny Yraga ibermek boýunça gepleşikler geçirildi
Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň Merkezi binasynda «Türkmengaz» DK-nyň ýolbaşçylary bilen Aşgabada sapar bilen gelen Yrak Respublikasynyň wekiliýetiniň duşuşygy geçirildi. Yragyň wekiliýetine elektroenergetika ministri Ziad Ali Fadel ýolbaşçylyk etdi. Bu barada oilgas.gov.tm saýtynda habar berildi.
Günüň birinji ýarymynda taraplar...
Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy wideoaragatnaşyk arkaly «Uly ýediligiň» DIM-leriniň duşuşygyna gatnaşar
«Uly ýediligiň» (G7) daşary işler ministrleri Merkezi Aziýa döwletleri bilen hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak meselesini ara alyp maslahatlaşylar. Degişli mesele «Uly ýediligiň» (G7) daşary işler ministrleriniň 7-8-nji noýabrda Tokioda geçiriljek duşuşygynyň gün tertibinden orun alar. Bu barada «Al Jazeera» habar berýär.
Bellenilişi ýaly,...