Dubaý şokolady sosial torlarda örän uly meşhurlyk gazanansoň, pissäniň maňzynyň bahasy 450 gramy üçin, 7,65 dollardan 10,30 dollara çenli ýokarlandy. Esasan, ABŞ-da we Eýranda ösdürilip ýetişdirilýän iýmişe dünýä boýunça bazarlarda ýetmezçilik döredi diýip, «Financial Times» habar berýär. ABŞ-da geçen ýyl bol hasylyň bolmandygy sebäpli, pissäniň maňzy, aslynda, eýýämden gytalyp başlapdy. Şeýle-de bolsa, şol az hasylyň hili örän gowy bolansoň, pisseler köplenç gabygy bilen bile satyldy. Bu bolsa şokolad önümlerinde ulanylýan arassalanan pissäniň bazarlarda has hem azalmagyna getirdi. 2024-nji ýylyň oktýabryndan 2025-nji ýylyň mart aýyna çenli eýranly eksportçylar Birleşen Arap Emirliklerine ozalky 12 aýa garanyňda, 40%-den hem köp pisse eksport etdiler. Dünýäde belli şokolad öndürijileri bolan «Läderach» we «Lindt» şweýsar brendleri hem Dubaý şokoladyny öndürmäge başladylar. Olar ozal beýle görnüşli şokolady öndürmeýärdiler, emma emirlikli şokolad öndürijisi bolan «Fix-iň» gazanan meşhurlygyndan, soň olar hem öz nusgalaryny döretdiler. Häzirki wagtda bu kompaniýalar halkara bazarynda dörän ýokary islegi kanagatlandyrmakda kynçylyk çekýärler. Beýik Britaniýanyň birnäçe ýokary hilli şokolad brendlerini dolandyrýan «Prestat Group-yň» baş direktory Çarlz Žandro bu täze şokolada bolan islegiň ähli pudagy geň galdyrandygyny aýtdy. «Edil duýdansyz dörän ýaly. Görýäň welin, birdenkä hemme dükanda satylýar» — diýip, ol aýtdy. Dubaý şokolady – kadaýf bilen pissäniň garyndysyndan taýýarlanan içlik bilen doldurylan süýjüdir. Ol BAE-de öndürilýär. Ilkinji gezek 2021-nji ýylda peýda boldy we tiz wagtda syýahatçylaryň arasynda uly meşhurlyk gazandy. Dubaý şokolady baradaky ilkinji TikTok wideo 2023-nji ýylda peýda boldy we ol 120 milliondan gowrak tomaşa aldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir