88 ýaşynda Rim papasy Fransisk aradan çykdy. Bu barada Watikana salgylanyp, Reuters agentligi habar berdi. Fewral aýynyň ortasynda ol bronhit bilen hassahana ýerleşdirilipdi. Soň bolsa onuň ýagdaýy ep-esli ýaramazlaşdy – onda ikitaraplaýyn öýken sowuklamasy ýüze çykaryldy. Netijede, oňa birnäçe gezek öýkeniň emeli wentilýasiýasynyň enjamy birikdirildi. Papa hassahanada bäş hepde bolup, dört gezek dem alyş kynçylygyny başdan geçirdi, iki gezek onuň jany howp astynda boldy. Kardinal Janfranko Rawazi “eger papa borçlaryny ýerine ýetirmekde kynçylyklar ýüze çyksa”, Fransiskiň wezipeden çekiljekdigini aýdypdy. Rim papasy 23-nji martda hassahanadan çykaryldy. Şondan bäri ol diňe bir gezek köpçüligiň öňünde peýda boldy, ýöne birnäçe duşuşyklary geçirdi, aýratynam, aprel aýynyň başynda Britaniýanyň patyşasy Karl III-ni, Beýik şenbede bolsa ABŞ-nyň wise-prezidenti Jeý Di Wensi kabul etdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir