Huawei we China Unicom Sýunan sebitinde ilkinji giň zolakly 10G ulgamyny işe girizdi. Ol dünýäde şeýle derejeli ilkinji çözgüt bolan 50G PON tehnologiýasyna esaslanýar. Täze ulgam geçiriş ukybyny adaty gigabit derejesinden 10G çenli artdyrmaga mümkinçilik berýär, gijikdirme bolsa millisekunta çenli azalýar. Synaglaryň dowamynda 9834 Mbit/sek ýükleme tizligi, 1008 Mbit/sek iberiş tizligi hasaba alyndy, gijikdirme 3 msek boldy. Bu görkezijiler öý internetiniň häzirki standartlaryndan ep-esli ýokarydyr. Ilkinji ulanyjylaryň biriniň aýtmagyna görä, eger ozal 4K formatly filmi ýükläp almak üçin birnäçe minut sarp edilýän bolsa, indi muňa bary-ýogy birnäçe sekunt gidýär. “Meni öýde birbada birnäçe akylly enjamlar ulanylan ýagdaýynda-da, ulgamyň öňküsi ýaly bökdençsiz işlemegi, 8K wideony açmagyň, 4K wideo gözegçiliginiň, ýokary tizlikli internet kibersport oýunlarynyň we “akylly öý” ulgamlarynyň bolsa durnukly işlemegi has geň galdyrdy” – diýip, mydrivers portaly onuň sözlerini getirýär. Täze ulgam 8K-wideo, bulut hyzmatlary, VR we AR, şeýle-de bulut oýunlary ýaly “agyr” programmalary kynçylyksyz ulanmaga mümkinçilik berýär. Beýleki bir habarda bellenilişi ýaly, Pekinde käbir ulanyjylar eýýäm 10G internet ulgamyny barlap gördi. Ol ýerde ýükleme tizligi – 9340,22 Mbit/sek, iberiş tizligi – 6311,59 Mbit/sek boldy. 90 GB göwrümli 8K filmini ýüklemek indi gigabit ulgamyndaky 12 minutyň deregine, takmynan, 72 sekunt wagt alýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir