Türkmenistanyň kikboksing boýunça milli ýygyndysy Bangkokda geçirilen “Tailandyň 1-nji Dünýä kubogy – 2025” (1st Thailand Kickboxing World Cup 2025) ýaryşynda 14 medal gazandy. Bu barada ýurdumyzyň Kikboksing Federasiýasynda habar berdiler. 2025-nji ýylyň 7-12-nji apreli aralygynda WAKO halkara kikboksing Federasiýasynyň howandarlygynda geçirilen bu ýaryş dünýäniň 40-a golaý döwletinden 800 töweregi türgeni bir ýere jemledi. Kikboksçylar “Full Contact”, “Low Kick”, “K-1”, “Kick Light”, “Light Contact” hem-de “Point Fighting” boýunça güýç synanyşdylar. Ýurdumyzyň adyndan Türkmenistanyň Kikboksing boýunça milli ýygyndy toparynyň baş tälimçisi Orazmuhammet Kömekowyň ýolbaşçylygynda jemi 13 türgen çykyş etdi. Netijede, türkmen kikboksçylary ýaryşda 7 altyn, 4 kümüş we 3 bürünç medal gazanmagy başardylar we toparlaýyn görnüşde 8-nji orny eýelediler. Altyn medallar: Nurmuhammet Joraýew (57 kg agramda, Kick-light) Kirill Woýewodin (57 kg agramda, Low-kick) Hangeldi Atabaýew (51 kg agramda, Low-kick) Akmyrat Akmyradow (67 kg agramda, Low-kick) Guwanç Mahmudow (54 kg agramda, K-1) Guwanç Babaýew (51 kg agramda, K-1) Muhammedaly Orazmuhammedow (37 kg agramda, Creative form) Kümüş medallar: Orazmuhammet Kömekow (91 kg agramda, K-1) Raşit Geldimämmedow (63,5 kg agramda, K-1) Yhlas Babaýew (60 kg agramda, Low-kick) Muhammedaly Orazmuhammedow (37 kg agramda, Musical form) Bürünç medallar: Agamyrat Amangeldiýew (60 kg agramda, Full contact) Geldimyrat Hojalyýew (81 kg agramda, Low-kick) Muhammedaly Orazmuhammedow (37 kg agramda, Point fighting) Federasiýada habar bermeklerine görä, häzirki wagtda kikboksing bilen Türkmenistanda 5000-den gowrak türgen meşgullanýar.