“Red Bull” toparynyň niderlandly ýaryşa gatnaşyjysy Maks Werstappen gazanylan utuklaryň sany boýunça “Formula-1-iň” taryhynda ikinji sürüji boldy. Ol “patyşalyk ýaryşlarynyň” dört gezek çempiony Sebastýan Fettelden öňe geçdi. Saud Arabystanynyň Gran-prisinde ikinji orny eýeländen soň, Werstappen öz hasabyny 3110,5 utuga çenli artdyrdy. Karýerasyny tamamlan Fetteliň hasabynda 3098 utuk bar. Reýtingde birinji orny “Formula-1-iň” ýedi gezek çempiony, “Ferrariniň” britaniýaly ýaryşa gatnaşyjysy Lýuis Hemilton eýeleýär – onuň hasabynda 4893,5 utuk bar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir