Altynyň bahasy gymmatlamak babatda taryhy derejelerine ýetmegini dowam edýär. Nýu-Ýorkdaky Comex biržasynyň maglumatlaryna görä, altynyň iýun aýy üçin fýuçers bahalary bir troý unsiýasy üçin 3400,5 dollara çenli ýokarlandy. Aprel aýynyň dowamynda altynyň bahasy yzygiderli rekord täzeläp gelýär. Ozalky rekord (3301,4 dollar) geçen hepde, 16-njy aprel güni hasaba alnypdy. Bahalaryň ýokarlanmagy bilen baglylykda, Goldman Sachs altynyň bahasy boýunça çaklamasyny täzeledi. Kompaniýa altynyň bahasynyň 2025-nji ýylyň ahyryna çenli bir unsiýasy üçin 3700 dollara çenli ýokarlanjakdygyny aýdýar. Dünýäniň spot-bazarynda altynyň bahasynyň ýokarlanmagyna, esasan, ABŞ-nyň ykdysadyýetinde peselmeleriň bolup biljekdigi bilen bagly aladalar sebäp bolýar. Bu ýagdaý bolsa ýurduň Prezidenti Donald Tramp tarapyndan alnyp barylýan daşary söwda syýasatynyň netijesinde ýüze çykýar.