Germaniýaly tennisçi, dünýäniň üçünji raketkasy Aleksandr Zwerew Mýunhende toýun kortunda geçirilen ATP-500 ýaryşynyň çempiony boldy. Ol final oýnunda dünýäniň 15-nji raketkasy amerikaly Ben Şeltony 6:2, 6:4 hasabynda utdy. Oýun 1 sagat 12 minut dowam etdi. Zwerew 4 eýs etdi, 5 goşa ýalňyşy goýberdi we dört breýk-pointden üçüsini aldy. Şelton 3 eýs etdi, 3 goşa ýalňyşy goýberdi, ýöne ýekeje-de breýk-point gazanmady. Şeýle-de, ol 21 mejbury däl ýalňyşa ýol berdi. Zwerew üçin bu titul karýerasynda 24-nji we häzirki möwsümde birinji boldy. Ýeňiş onuň üçin aýratyn gün bilen gabat geldi – 20-nji aprelde tennisçi 28 ýaşyny doldurdy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir