Bazardan gelýärin. Elimde sebet, Sebedimiň içi – pamidor, kelem, Kartoşka, badamjan.. Duralga çenli Gurady aýaklam Guruşdy ellem. Şonda-da dyrjaşyp bar güýjim bilen Bazardan çykýan-da duralga ýetýän. Duralgaň öň ýanda – kijijik dukan, Kiçijigem bolsa – içinde et kän. Ondanam bir budy sebede atýan… Awtobusa münýän. Sagynýan sakga. Keýwany “bir düzüm gyzyl burç getir!” Diýipdi ahbetin. – Haý, şofýor, sakla! Awtobusy sakla! – Näme, ýaşuly? - Aý, neme… gyzyl burç çykypdyr ýatdan… Näme diýýänimi aňşyrmasa-da, Gowy ýigit eken. Geçdi-de ýapdan, Maşyny togtatdy. Açyldy işik, Menem derrew bökdüm. Aslyşdy sebet. Bir aýal yzymdan gygyryp galdy: “Bu şlýapaň bolup ýörşüne seret! Bir gün unaşyňy burçsyz içeňde Geçmez öýtdüňmi sen bokurdagyňdan? Awtobusyň içi sarsdy-da gitdi Burç söýmez adamlaň pykyrdysyndan. Menem hüňňürdedim: “Gülüpler geçiň, Öýe gyzyl burçsyz barmajagym hak. Keýwanyň buýrygy – meň üçin kanun: Burç getir diýdimi – burç alyp barjak, Zäk getir diýdimi – zäk alyp barjak, Ol meniň öz işim. Size bagly däl. Onsoň men siziň äriňiz ýaly, Ýa oglyňyz ýaly ejemogly däl!…” Şeýdip öz-özüme teselle berip, Bazaryň çetinden ätledim ýene. Şeýle bir burçlar bar, köz ýaly burçlar! - Essalawmaleýkim, burç satýan ene! Burçyňyz ajymy? - Datdajyk göräý. Edil zirk ýalydyr. - Sagja bol, mama. Ozalam ot ýaly agzymyň içi. Keýwanyňkam ýetik. Wah, seňki näme! … Kelemli, käşirli, soganly, burçly Bir putluk sebede kertdirip elim, Bazardan saýlandym, giň köçä çykdym. Köçe durşy bile gyz bilen gelin. Garşymdan gyssanyp bir ýigit gelýär Garagyýçak ýigit, dogumly ýigit. Bir maralyň ýanna howlygyp barýar Gujagy bir harman bägülli ýigit. Şeýe bir, şeýe bir gyssanýar ýigit, Onda-da şeýebir gyssanyp gelýär. Göýä bägülüne bakýanlardanam Bägülüniň ysyn gysganyp gelýär. Wah, nämä gyssanýaň, bägülli ýigit? Wah, beýle gyssanmak nämäňe gerek? Ýa-da eliňdäki bägüle derek Sebediňi kartoşkadan dolduryp, Gyzyl burçdan (we başgadan) dolduryp Gitmeli günüňe gyssanýarmyň sen? Wah, nämä gyssanýaň, Bägülli ýigit? goryanizmi oglanlar shu wagt in gowy gunlerinizi yashayaniz shol gunlen gadryny bilin agzynyzdan ot chykarman:)sebetleri gunlerede yetersiniz nesip bolsa
sallahlykdan yadan yigitlere
- 
                el_mariachi
                17 years ago
                
- şuwagt 79 yaşyndaky profyn tüykürip yarym inlisçe sapak okadyşyna uklap 
 tur yüzüni yuw diyenine gaharlanyp inetde otyrn:(
 bu goşgyny okabam...sallahlykdan halys bizar bolan oglan hökmünde !!!
 
 mena isleyan gyzymy alsam-kynyrak görünyar!!!
 
 ola pomidor daşamak ekeni....öye gelip özümem bişirerinay:)
 in bolmanda 1. yylyma ederin:)
 bu sallahlygyn beryan limitsiz boş-gaymalany halys wanl etjek meni...
- 
                kakabay
                17 years ago
                
- ay güler yüzlü edil onyalam däldirle.
 
- 
                asuda
                17 years ago
                
- guler_yuzli muny özün yazdynmy? 
 senin eserin bolsa çyn yürekden gutlayan. Gaty üstünlükli yazipsin. Senki dal bolsa geçirenin üçin sagbol şu yerik.
- 
                Maxat
                17 years ago
                
- Bu goşgy Kerim Gurbannepesowynky - \"Bägülli ýigit\"
 
 beyle zady; bu wakany başyndan geçirmedik yazyp bilmaymese:)
- 
                Harmandali
                17 years ago
                
- BAgullu yigit menem bir yerlerde yazypdym oydyan shuny. Kerim agan temasynda oydyan. Gowy goshgy.
- 
                el_mariachi
                17 years ago
                
- ata aga maslahat hernaçe aç bolsan kellane dünyewi zatlar gelenok ekenay:)
 
 istanbula gidip griplap 2 günlik itin ajy welin hiç gyzam owadan dal hiç pulam gerekli dal hiç öy maşyn,o tüki bu tüki...hiçzat islanogay:))))))bah!!! oraza bir gowy zat...indi açylyşdym bugun gidip gerk gabe doydum:)
- 
                ata
                17 years ago
                
- Anna, name-how, mana degyan-le yene:)
 Men indiki yil toy etjeg-ow, enshallah:)
 
 sen bu tomusmy?!
- 
                el_mariachi
                17 years ago
                
- walla!!!
 agam bara bu tomus eydip beydip gaçmaly belki gyşa geçirdip bilsem gyşa geçirtmelida
 agam sizi rent edip bolmazmay bizinkileri yrsana how --- mena yrybilemogay bu tomus diyip aldylaray jan etmesinler diyip telem jigime beripdim prezidentden gelen tel elimde yene jan başlar:):):)
 
 indiki tomus bolsa guuk diyewrin dabaraly toya bolar göreli bizem:)
- 
                Achilles
                17 years ago
                
- anna, oyerjek diyseler, \"bor\" diy. \"bolun oyerin\" diy. Ozun dyzabersen olaram \"inha,inha\" bilen esli wagta suyshurerler yza. Tapan gyzlaryna-da gownun yetmesin. \"Shu boljak bolsa, geziberjek\" diyse tutuber :D
- 
                ata
                17 years ago
                
- Hmm, Anna jan, yokarda achilles altyndan gymmatly owut-undewler goyupdyr, ahyryn, meni rent etmek nama gerek:)
 Bolsa-da ka dostlarymyn oyunde ene-atasyny yrsaramaz yaly-ha edip gaydyardym, indi kyn bolaymasa :)
- 
                el_mariachi
                17 years ago
                
- hehe men geçen tomus öylenmakam maşyn öy almaga hyyalym on üçünem ilki gutaryp okuwy son aylygymy birikdirmeli diyipdir
 bu gyş baramda mana maşyn alypdyrlar:) jigim sürüp yör keyp edip mena sürübem bilmedim:(
- 
                ata
                17 years ago
                
- men yaly bihepbe ekenin-ay senem :)
- 
                baycom
                17 years ago
                
- beh, ön onsuz hem öylenmek islamokdym welin buny okap endamym tiken-tiken bolday. kerim aga da onaryaray.
- 
                kubik
                17 years ago
                
- ozun onnarmayanlar ucın gowy taryp ediji goshgy .basga tarapdan ishden yadap gelende guler yuz bilen garshılajagyn bolmaly ahyryn
- 
                el_mariachi
                17 years ago
                
- işe galstugyny dakypjyk iberjek.........
- 
                turkmen-2008
                17 years ago
                
- maxat-yn aydyşy yali bu zatlary başyndan geçiren yazaymasa, başga hiç yazmaz. eger bu goşgy kerim gurbannepesowynky bolsa, ol döwüre degişlidir. bu döwüre gyssanma entek taze çykararlar. bir az sabyr et.
- 
                Galtaman
                17 years ago
                
- Guler yuzli,yazan zatlaryn gaty bet ekeni.Senin diyyanin bn doly ylalashyan! Shu sallahlyk gunlerimizin gadryny bilmeli.Herne ALLAN ozi govy yan-yoldash yazsynda manlayyna!
- 
                aweer
                17 years ago
                
- dogry aytyanyz menem sallahlygyn tarapynda yone yan yollasynada bagly
- 
                Maxat
                17 years ago
                
- öylenmankan bar gyz senki yaly bolya(oglanlar üçin), son öylenenson bolsa dine yekejesi (((
- 
                Achilles
                17 years ago
                
- turkler name diyyar-a:
 "bekarlik sultanliktir" ....
 
 jogap:
 " hangi sultan kendi ic camasirini yikar ya..."
 
 :)
- 
                d_oguz
                17 years ago
                
- kolay gelsin!
- 
                Dashoguzly
                17 years ago
                
- Mena öylenmekten gorkyarın. Yükü agırda
- 
                daKING
                17 years ago
                
- Mana sallahlyk yarayar.öz elin oz yakan.ö
- 
                kakabay
                17 years ago
                
- Mana sallahlyk yarayar.öz elin oz yakan iki elim bn goldayan dost!
- 
                kombat
                17 years ago
                
- öýlenmek pygamberiň sünneti.
- 
                daKING
                17 years ago
                
- beyleki sunnetleri etdinmi? 
- 
                Ga1taman
                17 years ago
                
- öýlenmek pygamberiň sünneti.kombat 
 pygamberimiz tüweleme 12 ayal alypdyr.
 bizem sünnete eyersek; bilmedim-da.. :D
- 
                kombat
                17 years ago
                
- başarsaň eýeribermeli. ýöne başarmakda iş bar.
 başaranyňa bir eýermeli.
- 
                daKING
                17 years ago
                
- Mena 1ini eyerjegmede shuphelenyan.
- 
                kombat
                17 years ago
                
- şu ýaşda beýdip durjak bolsaň-a birhiliräk bolýar. Türkmenleri köpeltjek bolsak sünneti berjaý etmegimiz gerek.
- 
                umytsyz
                17 years ago
                
- pahey yagsham bir gurrun tapypsynyz siza
- 
                Maxat
                16 years ago
                
- http://kino.turkmen.us
 Öyde Ayalyn Bolmasa...
 
 
 
- 
                Bayram-Jm
                16 years ago
                
- Öýlenmekden gorkýan. Sallahlyk ýaraýar. Öýlenseñ iññirdiler bashlaýar. "näme üçin öýe giç geldiñ?", "haýsy dostuñ bilen señsediñ?"
 bizar bolýañ shol zatlardan.
 Talyplar! Ýöne gowy taraplaram bar. Ishden ýadap geleñde güler ýüz bilen garshylasa, nahar taýýarlap goýsa. Pikirleriñi beýan etseñ. Wah durmush...:)
- 
                Bayram-Jm
                16 years ago
                
- Öýlenmekden gorkýan. Sallahlyk ýaraýar. Öýlenseñ iññirdiler bashlaýar. "näme üçin öýe giç geldiñ?", "haýsy dostuñ bilen señsediñ?"
 bizar bolýañ shol zatlardan.
 Talyplar! Ýöne gowy taraplaram bar. Ishden ýadap geleñde güler ýüz bilen garshylasa, nahar taýýarlap goýsa. Pikirleriñi beýan etseñ. Wah durmush...:)
- 
                yashka
                16 years ago
                
- turkler name diyyar-a: 
 "bekarlik sultanliktir" ....
 
 jogap:
 " hangi sultan kendi ic camasirini yikar ya...''
 Menkini kir maşyn yuwyar... :D
- 
                yashka
                16 years ago
                
- öýlenmek pygamberiň sünneti.kombat | 2008-10-19 20:49:07 
 Hemme sünnetleri yerine yetiryanmay?
- 
                yashka
                16 years ago
                
- öýlenmek pygamberiň sünneti.kombat | 2008-10-19 20:49:07 
 Hemme sünnetleri yerine yetiryanmay?
Aykos 17 years ago- Hmmm...
Bez Komentariy.