Kynçylyklar bilen taplan!
KYNÇYLYKLAR BILEN TAPLAN!
Sagyňa, soluňa göz aýla, heý-de başy agyrmaýan, damary syzlamaýan adama
gözüň düşdümi? Haýsy bir öýde bagry girýan dertliler ýok?
Köp sanly adam bardyr, başlary agyr gündedir. Birnäçe adam bardyr, sabryna
haýran galar oturarsyň. Bil, derde uçraýan bir özüň dälsiň. Gaýta, özgeleriň
ý...
"Wysala ýetmedik söýgi ýa-da ajy aýralyk.."
"Wysala ýetmedik söýgi ýa-da ajy aýralyk.."
Her bir täze görüşen ynsanyñ bilen başlanan söhbetdeşligiñ we duýadansyz gelen duýgulara sebäp bolýan sözleriñ hem ilki başyny başlaýan söz "Salam" bolsa gerek. Söýgi bilen iki ynsany ysnyşdyran yşka sebäp bolýan söz başam şol bolýan eken. Durmuşdan hiç zat tamakin bolman ýaşap ýören bir gü...
12-23 aýlyklarda çagany dogry iýmitlendirmek
Çaga günüň dowamynda maşgala saçagyndaky iýmitlerden 5 gezek naharlanmaly – 3 gezek esasy we 2 gezek goşmaça naharlanmaly. Iýmıtlendirmegiň iň oňat düzgüni: göwüsden emdirmegi dowam etdiriň diýlip Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky edarasynyň resmi Instagram hasabynda (@unicef_turkmenistan) aýdylýar.
...
Datly Alma (tymsal)
Mugallym okuwyny gutarjak okuwçylaryndan iki sanysynyň ellerine sebet berip bagdan iň datly almalardan ýygmagy başaranyň uçurym boljakdygyny aýdýar. Ep-esli wagt geçenden soňra okuwçylar alma doly sebetler bilen dolanýarlar.
Okuwçylardan biri iň gowy, owadan we çüýrüksiz almadan dolduran sebetini özüne göwnü ýetýän uly ynam bilen mug...
Ateistiñ düşünmedik zatlarynyñ biri: Kuran näme üçin Güni palçyga batyrýar?
ATEISTIÑ DÜŞÜNMEDIK ZATLARYNYÑ BIRI: KURAN NÄME ÜÇIN GÜNI PALÇYGA BATYRÝAR?
Hawa eziz okyjylar!
Ateistleriñ düşünmeýän Yslamdaky soraglaryna jogap bermäge synanyşmagymyzy dowam etdirýäris. Sowallar şolar ýaly ownuk-uşaklyklardan köpelip gidýär diýsek ýalñyşdygymyz bolmazdy.
Gurhanyñ düşündirişli tefsirini okan Ateistle...
Ene ýüregi (Hekaýa)
Wagtyň suw kimin akyp geçişini, dünýäniň bolsa günsaýyn özgerşini duýýarsyňyzmy?! Asyrlarboýy dowam edip gelýän adam durmuşynyň bir hazynadygyna göz ýetirdiňizmi?!
Ynha… men ömrümiň aglaba bölegini ötürdim. Onuň soňuna ýetdim diýenimde ajaýyp ykbalymyň meniň üçin bahasyna ýetip bolmajak baýlykdygyna has gowy düşündim. Häzir gün geçdi...
OBAMYŇ ÝAŇY (HEKAÝA) / ÝOLAMAN GURBANOW
Bu günki gün has üýtgeşik. Basan her ädimim meni bir gez beýgeldýär. Çünki men arzyly mekanyma barýan. Ädimlerimiň her biri täsin many döredýän mislidi. Çünki, olar meni dogduk obama äkidip barýar.
Içki dünýäm bilen hemsyrdaş bolup barşyma, bir goja pete-pet gabat geldi.
– Salawmaleýkim, ýaşuly! – Ol elini maňlaýyna...
BÄBEKLI (HEKAÝA) / AKNUR ROZYÝEWA
Dünýäniň gowgaly syrlarynyň darbazy deý garaňkynyň sapak ýaly işilen ýüreginden nämälimliklere sary ýol alan göç kowgynyň aňtawyndan sypmak üçin usurgan ruhuny süýräp barýardy. Ýollar uzyn, töwerek garaňky, geljek bolsa düýbi görünmeýän boşluga öwrülen umytsyzlykdy. Emma şonda-da umytsyzlykdan-da umyt agtaran göç ýoly külterläp barşyna sag-aman ert...
GORKUT ATA DESSANY ㅡ Salyr Gazanyñ öýüniñ ýagmalandygy boýny beýan eder
SALYR GAZANYÑ ÖÝÜNIÑ ÝAGMALANDYGY BOÝNY BEÝAN EDER
Bir gün Ulaş ogly, tuly guşuň balasy, ejiz-misgin umydy, Amyt soýynyň arslany, Garajygyň gaplaňy, Goňur atyň eýesi, han Orazyň agasy, Baýyndyr hanyň giýewisi, galyň oguzyň döwleti, galmyş ýigit arkasy Salyr Gazan ýerinden turmuşdy. Togsan başly ban öýlerin gara ýeriň...
"Söýgüm" diý-de, ýaz meni!
"Söýgüm" diý-de, ýaz meni!
Düwün düwün bolup, galdy ýüregim,
Gir kalbyma, şol düwünden çöz meni,
Sönmez söýgüm, çäresizligim meniň,
Al ýüregiňe "söýgim" diý-de, yaz meni!
Ellerimiz söýgi bilen görüşsin,
Gözlerimiz bakyşlarda sözleşsin,
Leýli bilen Mejnun bu gun gowuşsun,
Al kal...
Täsin aýna / satiriki hekaýa
TÄSIN AÝNA
(satiriki hekaýa)
Aýalym ikimiz myhmana girdik. O ýerden zeý ysy gelýärdi. Bütin asyr dowamynda çyra ýakylmadyk myhmanhanaň diwarlaryna şem ýakyp seretdik, bir topar alakadyr, syçanlar her ýana gaçyp gitdi. Gapyny ýapanymyzda daşardan giren şemal burçda üýşürylyp goýulan kagyzlary pytyratdy. Şem ýagty...
SEN GITDIŇ (oýlanma)
Hasratym ýaş bolup akmalydy gözlerimden,emma aglamadym aglap başarmadym.
Gitdiň..
Seni däliräp süji arzuwlar bilen söýerdim.
Arzuwlarym seniň bn bolmakdy,arzuwym teniňde eremekdi,arzuwym şatlygymy,gaýgymy seniň bilen paýlaşmakdy muny saňa aýdyp ýetişmedim.
Çünki ýanyma geleniňde gözleriňe seredip sözlejek sözlerim unudar...
Sözbaşy
Sözbaşy Bu sözleri ýazmagymyň maksady ýüregime sygmadyk duýgylarymy söýgülime ýetirmek .Belkide bu sözleri Şirinaýym okar. Aýallary gürletmäň müň dürli usuly bar, emma olary dymdyrmagyň welin, ýekeje usulam ýok diýipdirler. Asla-ha,göwnüňe bolmasa,aýallar diňletmek üçinem däl-de, diňe gürlemek üçin gürleýän ýaly. Iki-üç aýal ýolda duşsa, bolmanda,ýarym sagatlap gürleşerler welin, emma birem beýlekisini diňleýän däldir, bary birden gürleýändir. Soň öz-özlerinden göwnüho... JELEPÇILIK MIRASY ZOÝA HEZRETI MUHAMMEDIÑ DÖWRÜNDE ÝUMOR AÝYP KIMDE Söýgi setirleri.
Bismillähirrahmänirrahym
Gör nähili gowy kalba sygmadyk
Duýgylarmy Seniň bilen paýlaşýan
Ýüregimi gije-gündiz ýygladyp
Bu sözleri anyk beýan etmäne
Ylahydan ylham söz gory gerek
Aýdyň hakykaty aýan etmäne
Eý meniň goşgymy okap oturan
Musulman doganym !
Şirinaýyma...
Şirinaý
Şu ady eşdenimde ýüregim jigläp gidýär.Diňe bir iki üç gezek däl her gezek eşdenimde ýüregim jigläp gidýär .Näme üçin beýlekä?
Bu nähili söýgi boldygy,bu nähili duýgy boldygy ? Ynanyň bu duýgyny beý...
Bu mowzuk aýallaryň gürrüňi barada
Jelepçilik mirasy
Ylahyýetçi Abdylla Akyn şeýle diýýär:“1924-nji ýylda Çanakkalede we Bursada jelephana hökmünde ulanylýan metjitler bardy!”Işigaýdan taryha öz hyýallarynyñ isleýän ugrundan baha berjek bolýar!Ýokary okuw jaýlarynda duýgylary bilen hereket edýän şular ýaly jahyllaryñ sany bar, sajagy ýok...Ýogsam bolmasa, serediñ, tar...
Zoýa
Stambully Zoýa...
Wizantiýa imperatorynyñ owadanlygy bilen daş-töweregine ýalkym saçan kyrk sekiz ýaşly durmuşa çykmadyk boý gyzy.Onuñ şahsy durmuşy kakabaşlykdan doludy, erkege garaşly bolmagy halamaýardy. Parfýumeriýa we hoşboý ysly ýaglary çalynmagy gowy görýärdi. Hut özi bulary ýasap ulanýardy, onuñ aýak basan ýerinde...
Hezreti Muhammediñ döwründe ýumor
Fransiýanyñ "Charlie Hebdo" satiriki žurnalyna garşy bolup geçen ýaragly hüjüm ýene-de "yslam we terrorizmi" bütin dünýäniñ teleýaýlymlarynda iñ köp agzalýan gürrüñleriniñ birine öwürdi. Muña meñzeş waka Türkiýede-de bolup geçdi. Turhan Selçugyñ çeken karikaturasy sebäpli "Cumhuriyet" gazetiniñ reda...
Aýyp kimde? / satiriki hekaýa
(satiriki hekaýa)
Hemraýew agşamlyk naharyny iýip bolansoň ýatmakçy boldy, emma bolmady. Aňyrky otag goh-galmagal, çagalar ýassyk bilen biri-birini urup oýnap ýörler. Sagat sekgiz ýarym-da ýygnaga hem barmaly. Düýn Hemdem ata-eneler ýygnagy boljakdygy barada mekdepden hat alyp geldi.
H...
Söýgi serirleri...
"Sen meniň ýyldyz süýnende eden arzuwum däl, Azan okalanda eden dilegimsiň..."
*****
Saňa aýdasym gelýä…
Şelpesin ýel öpen tuduň astynda.
Aýly gijelerde ýalňyz galýanym.
Näme hakda oýlanýanym aslynda.
Saňa aýdasym gelýä…
Syrly gijelerde uky berm...