Bu ömürde ep-eslije zat gördük, 
Ýakyndanam mähribanrak ýat gördük, 
Özi garyp, ýöne göwni şat gördük — 
Gara ak bolupdyr diýip eşdemok. 
 
Kä ondan, kä mundan öwüsýär şemal, 
Azgyna ahyry tapylýar zowal. 
Öwüt-ündew bilen — asly bikemal 
Kemal tapanmyşyn diýip eşdemok. 
 
Synlap bu dünýäde töwerek-daşy, 
Eşitsem-de her hiliräk myş-myşy, 
Gara gazan ýaly şar gara kişi 
Duw-ak bolaýypdyr diýip eşdemok. 
 
Söýýäniň ýalandyr özge ynsany — 
Onuň üçin ýakyp bilmeseň jany. 
Gördüm, Akmakdyryn diýýän danany, 
Akmaklaryň beý diýenni eşdemok. 
 
Şeýleräk bu dünýe, şeýleräk durmuş! 
Haýrandyryn: akly dolumy ýa boş — 
Hemmeleriň öz-özünden göwni hoş, 
Şükür, Kemim bar diýeni eşdemok. 
Berdinazar HUDAÝNAZAROW