Fýodor Ýemelýanenko Maýk Taýson bilen bolup biljek söweş barada aýtdy

MMA-nyň russiýaly söweşijisi Fýodor Ýemelýanenko dünýäniň öňki absolýut çempiony Maýk Taýson bilen boks düzgünleri boýunça bolup biljek söweş barada aýtdy. Habar berlişi ýaly, taraplaryň ikisi-de söweş geçirmäge razy. Fýodoryň aýtmagyna görä, söweşi geçirmek üçin diňe maliýe meselesini çözmek galdy diýip, championat.com belleýär.
“Söweşi Sau...

Dowamy »

56 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 3 months ago

«Real» 2022/23-nji möwsümiň netijeleri boýunça dünýäde iň girdejili klub boldy

«Deloitte» halkara konsalting kompaniýasy 2022/23-nji möwsümiň netijeleri boýunça iň girdejili Ýewropa klublarynyň sanawyny düzdi.
Birinji orny (geçen möwsüm bilen deňeşdirilende) 831 million ýewro gazanan Madridiň «Realy» eýeledi. Ikinji orunda Angliýanyň premýer-ligasynyň (APL) we Çempionlar ligasynyň ýeňijisi «Mançester Siti» (826 million...

Dowamy »

61 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 3 months ago

Aziýanyň Kubogynyň 1/8 finalyna gatnaşjak jübütleriň ählisi belli boldy

25-nji ýanwarda Aziýanyň Kubogynyň toparlaýyn tapgyrynyň iň soňky duşuşyklary geçirildi we ýaryşyň 1/8 finalynda duşuşjak jübütleriň ählisi belli boldy. Belläp geçsek, öz toparlarynda üçünji orny eýelän iň gowy ýygyndylar öz aralarynda saýlama duşuşyklaryny geçirerler.
Aziýanyň Kubogy. 1/8 final:
Täjigistan — BAE;
Yrak — Iordan...

Dowamy »

53 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 3 months ago

Drikus dýu Plessi UFC-niň orta agram derejesindäki ýeňijisi boldy

Günorta Afrikanyň garyşyk söweş sungatynyň (MMA) söweşijisi Drikus dýu Plessi Absolýut söweşijiler çempionatynyň (UFC) orta agram derejedäki çempiony adyny almak ugrundaky göreşde amerikaly Şon Striklendi ýeňdi. UFC 297 ýaryşy Torontoda geçirildi diýip, TASS habar berýär.
Dýu Plessi eminleriň bölünen karary bilen garşydaşyny ýeňdi we UFC-niň...

Dowamy »

57 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 3 months ago

Formula-1 Madridde Ispaniýanyň Gran-prisini geçirmek barada 10 ýyllyk şertnama baglaşdy

Formula-1 2026-njy ýylyň möwsüminden Ispaniýanyň Gran-prisiniň Madridde geçiriljekdigini yglan etdi. “Patyşalyk” ýaryşlarynyň metbugat relizinden gelip çykyşy ýaly, şertnama 10 ýyl möhlet bilen baglaşyldy, ol 2035-nji ýyla çenli hereket eder.
Habar berlişi ýaly, Ispaniýanyň paýtagtyndaky ýaryş ýolunyň uzynlygy 5,47 km bolmaly. FIA-nyň omolog...

Dowamy »

58 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 3 months ago

“Ýa titul söweşi, ýa-da iki esse gonorar”. Hamzat Çimaýew UFC talap bildirdi

UFC-niň ýeňilmedik söweşijisi Hamzat Çimaýew Dana Uaýtyň promouşeninde titul söweşi barada ýene-de söz açdy. Hamzat titul söweşini gazanmak baradaky talaplaryndan diňe ep-esli gonorar alan ýagdaýynda ýüz öwürmäge taýýardygyny aýtdy. Bu barada championat.com belleýär.
“Eger olar maňa uly mukdarda pul berseler, maňa guşagyň geregi ýok. Men UFC...

Dowamy »

58 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 3 months ago

FIFA-nyň başlygy Infantino janköýerleriniň jynsparazlygy üçin toparlara ýeňliş bermäge çagyrdy

Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) prezidenti Janni Infantino janköýerleri jynsparazlyk görkezen toparlara tehniki ýeňliş bermäge çagyrdy. Bu barada guramanyň «X» sosial ulgamyndaky sahypasynda (öňki Twitter) habar berilýär.
«Janköýerleri jynsparazlyk görkezen we özüni alyp barşy oýnuň kesilmegine ýa-da togtadylmagyna sebäp bolan topara g...

Dowamy »

60 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 3 months ago

Türkmenistandan 8 sany dzýudoçy Parižde geçjek "Uly tuwulga" ýaryşyna gatnaşar

2 ― 4-nji fewralda Fransiýanyň Pariž şäherinde dzýudo boýunça «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Ýaryşa Türkmenistanyň dzýudo boýunça milli ýygyndysynyň agzalary hem gatnaşar. Ýaryş erkekleriň we zenanlaryň arasynda her haýsyndan 7 agram derejesinde 680 türgeniň gatnaşmagynda geçiriler.
Halkara Dzýudo federasiýasynyň resmi saýtynyň (IJF) habar...

Dowamy »

59 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 3 months ago

“Mançester Siti” Aždarhanyň ýylyna bagyşlanan çäkli futbol geýimini hödürledi

“Mançester Siti” bilen Puma kompaniýasy ýaşyl agaç Aždarhasynyň ýylyna bagyşlanan täze çäkli futbol geýimini hödürledi. Bu barada championat.com habar berýär.
Klubuň metbugat gullugynyň habar berşi ýaly, geýimi döredijiler we öndürijiler toparyň “Etihad” stadionynyň taryhyndan hem-de hytaý medeniýetinden ruhlandylar. Bu geýimi ilkinji gezek...

Dowamy »

81 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 3 months ago

Türkmen türgenleri Parižde XXXIII Tomusky Olimpiýa oýunlaryna taýýarlyk görýärler

Şu ýylda Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçiriljek XXXIII Tomusky Olimpiýa we XVII Tomusky Paralimpiýa oýunlaryna Türkmenistanyň ýygyndy toparlaryny taýýarlamak boýunça işler dowam etdiriler. Bu barada wise-premýer N.Amannepesow 19-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde habar berdi.
Wise-premýer şeýle hem ylym, bilim, saglygy go...

Dowamy »

63 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 3 months ago

Italiýaly aýal 90 ýaşynda 200 m aralyga ylgamakda rekord goýdy

Italiýaly Emma Massenga W90 ýaş kategoriýasynda 200 metr aralyga ylgamakda taryhy rekordy täzeledi. Paduýada geçirilen ýaryşda çykyş eden türgen 1933-nji ýylda doguldy diýip, Weneto welaýatynyň Ýeňil atletika federasiýasy habar berýär. Muny rsport.ria.ru ýetirýär.
Massenga bu aralygy 54,47 sekuntda geçdi. 1:00.72 bolan öňki rekord 13 ýyl mun...

Dowamy »

83 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 3 months ago

Ngannu bilen Joşuanyň arasyndaky söweşiň senesi belli boldy

Agyr agramda Absolýut söweş çempionatynyň (UFC) öňki çempiony fransiýaly Frensis Ngannu bilen boks boýunça öňki dünýä çempiony britaniýaly agyr agramly söweşiji Entoni Joşuanyň arasyndaky söweş 8-nji martda Er-Riýadda geçiriler. Bu barada X sosial ulgamyndaky DAZN Boxing sahypasynda habar berilýär.
Boks agşamynyň senesi duşenbe güni bu söweş...

Dowamy »

83 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 3 months ago

Mourinýo “Romany” terk etdi

Italiýanyň “Romasy” toparyň baş tälimçisi Žoze Mourinýonyň işden çykarylandygyny mälim etdi. Bu barada klub öz resmi saýtynda habar berdi diýip, gazeta.ru belleýär.
“Bizde onuň “Romada” bolan wagty barada gowy ýatlamalar bolar, ýöne biz gyssagly üýtgeşmeler klubuň bähbidine bolar diýip hasaplaýarys. Biz Žoze we onuň kömekçilerine geljekki iş...

Dowamy »

75 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 3 months ago

Winisius Žunior XXI asyrda «El Klassikonyň» iň çalt het-trigini geçirdi

«Realyň» we Braziliýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Winisius Žunior Ispaniýanyň Superkubogynyň finalynda «Barselona» bilen geçirilen duşuşykda ajaýyp üstünlik gazandy. Bu barada lenta.ru «Çempionat» neşirine salgylanyp habar berýär.
Hüjümçi XXI asyrda «El Klassikonyň» iň çalt het-trigini amala aşyrdy. Braziliýaly futbolça garşydaşyň derwez...

Dowamy »

75 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 3 months ago

Özbegistanyň “Pahtakor” futbol kluby satuwa çykaryldy

Daşkendiň “Pahtakor” futbol kluby satuwa çykaryldy. Bu barada Özbegistanyň Döwlet emläklerini dolandyryş agentligine salgylanyp, championat.com habar berýär. Belläp geçsek, häzirki wagtda klubuň paýnamalarynyň 100%-i döwlete degişlidir.
Kluby satyn almaga we ony ulanmaga bildirilýän talaplara, aýratynam, “Pahtakoryň” işini gorap saklamak we...

Dowamy »

61 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 3 months ago

UFC-niň prezidenti Getji bilen Holloueýiň arasyndaky söweşi yglan etdi

BMF titulynyň eýesi Jastin Getji bilen ýarym ýeňil agramda UFC-niň öňki çempiony Maks Holloueý ýylyň iň uly söweşleriniň birinde duşuşar. Bu barada UFC-niň metbugat gullugyna salgylanyp, championat.com habar berýär.
UFC-niň prezidenti Dana Uaýt Getjiniň Holloueýe garşy söweşiniň 13-nji aprelde UFC 300 ýaryşynda geçiriljekdigini mälim etdi.

Dowamy »

62 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 3 months ago

FIFA aýallar futbolynda iň gowy gol üçin Martanyň adyny göterýän baýrak döreder

Halkara Futbol Federasiýasy (FIFA) resmi web sahypasynda zenanlaryň futbolynda iň gowy gol üçin Braziliýanyň öňki hüjümçisi Martanyň adyny göterjek baýragyň döredilendigini yglan etdi.
Duşenbe güni Londonda geçirilen «The Best FIFA Football Awards» dabarasynda öňki türgen karýerasyndaky görnükli üstünlikleri üçin FIFA-nyň ýörite baýragy bile...

Dowamy »

61 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 3 months ago

Holand ýanwar aýynyň ahyryna çenli “Mançester Sitide” çykyş edip bilmez

“Mançester Sitiniň” norwegiýaly futbolçysy Erling Holand umumy topara ýanwar aýynyň ahyrynda gaýdyp gelmeli. Bu barada klubuň baş tälimçisi Hosep Gwardiola aýtdy diýip, rsport.ria.ru habar berýär.
Holand dekabr aýynyň başyndan bäri meýdança çykmady. Şenbe güni “Mançester Siti” Angliýanyň çempionatynyň 21-nji tapgyrynda “Nýukasl Ýunaýted” klu...

Dowamy »

85 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 3 months ago

Yslam ýetginjekler oýunlary 2025-nji ýylda Tatarystanda geçiriler

14-16 ýaşly türgenleriň arasynda Yslam ýetginjekler oýunlary 2025-nji ýylda Kazanda geçiriler. Bu barada Tatarystanyň sport ministri Wladimir Leonowyň beýanyna salgylanyp, TASS habar berýär.
“Tatarystan Respublikasynyň Olimpiýa geňeşi bilen bilelikde “Yslam ýetginjekler oýunlary” atly täze halkara multisport taslamasyny durmuşa geçirmek boýu...

Dowamy »

105 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 3 months ago

92 ýaşly aýal dünýäde suw lyžasy bilen meşgullanýan iň garry türgen boldy

ABŞ-nyň Ýuta ştatynyň 92 ýaşly ýaşaýjysy suw lyžasynda typýan iň garry türgen hökmünde resmi taýdan ykrar edildi. Bu barada Ginnesiň rekordlar kitabynyň metbugat gullugy habar berýär diýip, gazeta.ru belleýär.
Dwan Ýakobsen sportuň bu görnüşi bilen 1961-nji ýyldan bäri meşgullanýar. Aýalyň maşgalasynyň Ber kölünde öýi bar, bu ýerde türgen öz...

Dowamy »

93 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 3 months ago