«Liwerpul» klubunyň hüjümçisi Mohamed Salah Angliýanyň Premýer-ligasynda «Kristal Pelas» toparyna garşy geçirilen oýunda (3:1) alan şikesi sebäpli möwsümiň galan böleginde meýdança çykyp bilmez. Şikesiň görnüşi barada Müsüriň milli ýygyndysynyň direktory Ibrahim Hasan Reuters agentligine beren interwýusynda mälim etdi. Onuň aýtmagyna görä, 33 ýaşly futbolçyda dyzasty siňiriniň ýyrtylmagy ýüze çykaryldy. Şeýle şikesden soň dikeldiş döwri takmynan dört hepde dowam eder. Müsüriň futbol federasiýasy Salahyň 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyna çenli doly dikelmegine garaşýar. Toparçalaýyn tapgyrda Müsüriň ýygyndysy Belgiýa, Täze Zelandiýa we Eýran bilen duşuşar. Hasanyň bellemegine görä, futbolçynyň özi 11-nji iýunda Demirgazyk Amerikada başlanjak ýaryşa çenli hatara dolanmagy maksat edinýär. Mundan ozal Salahyň möwsüm tamamlanandan soň «Liwerpuly» erkin agent derejesinde terk etjekdigi habar berlipdi. Ol şu möwsümde 39 oýna gatnaşyp, 12 gol geçirdi we 9 asist etdi.