Aşgabat şäheriniň Bedenterbiýe we sport boýunça Baş müdirligine degişli bolan ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebiniň binýadynda 4–8-nji maý aralygynda geçirilen Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň Gran-pri ýaryşlar ulgamynyň Aşgabat tapgyrynyň ýeňijileri sylaglandy. Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň Gran-pri ýaryşlar ulgamynyň Aşgabat tapgyrynyň ýeňijilerine baýraklar gowşuryldy Bu ýaryş Türkmenistanyň Küşt federasiýasy tarapyndan ýurduň bedenterbiýe we sport ulgamyny ösdürmäge gönükdirilen döwlet syýasatynyň wezipelerini ýerine ýetirmek maksady bilen guraldy. Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň Gran-pri ýaryşlar ulgamynyň Aşgabat tapgyrynyň ýeňijilerine baýraklar gowşuryldy Ýaryş Halkara küşt federasiýasynyň (FIDE) düzgünlerine laýyklykda, şweýsar ulgamynda 9 tapgyr boýunça, halkara reýtingi göz öňünde tutulyp, geçirildi. Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň Gran-pri ýaryşlar ulgamynyň Aşgabat tapgyrynyň ýeňijilerine baýraklar gowşuryldy Ýaryşa 270-den gowrak küştçi gatnaşdy. Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň Gran-pri ýaryşlar ulgamynyň Aşgabat tapgyrynyň ýeňijilerine baýraklar gowşuryldy Geçirilen Aşgabat tapgyrynyň netijelerine görä ýeňijiler aşakdaky ýaly kesgitlendi: Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň Gran-pri ýaryşlar ulgamynyň Aşgabat tapgyrynyň ýeňijilerine baýraklar gowşuryldy Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň Gran-pri ýaryşlar ulgamynyň Aşgabat tapgyrynyň ýeňijilerine baýraklar gowşuryldy I orun: Hommadow Annamuhammet (açyk dereje) — doly ýeňiş: 9 oýundan 9 ýeňiş, Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebi. Baýramowa Aýa (zenanlar derejesi), Türkmenabat şäheriniň 13-nji sport mekdebi, Lebap welaýaty. II orun: Ahmedow Aly (açyk dereje), Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebi. Agamyradowa Mähri (zenanlar derejesi), Türkmenabat şäheriniň 13-nji sport mekdebi, Lebap welaýaty. III orun: Şahruh Turaýew (açyk dereje), Türkmenistanyň Küşt federasiýasy Söýünowa Nurana (zenanlar derejesi), «Küşt älemi» akademiýasy, Aşgabat. Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň Gran-pri ýaryşlar ulgamynyň Aşgabat tapgyrynyň ýeňijilerine baýraklar gowşuryldy Aşgabat tapgyrynyň netijeleri bilen şu salgydan tanşyp bilersiňiz: https://s1.chess-results.com/tnr1398186.aspx?lan=11&SNode=S0.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 hour ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir