«Mançester Siti» toparynyň norwegiýaly hüjümçisi Erling Holand Angliýanyň Premýer-ligasynyň futbolçylarynyň arasynda iň ýokary zähmet hakyny alýar. Bu barada girdejileriň reýtingini çap eden «L’Équipe» neşiri habar berýär. Oýunçylaryň her aýlyk zähmet haklarynyň sanawy şeýle: Erling Holand («Mançester Siti») — 2 630 000 ýewro Mohamed Salah («Liwerpul») — 2 000 000 ýewro Kazemiro («Mançester Ýunaýted») we Wirdžil wan Deýk («Liwerpul») — 1 750 000 ýewro Brunu Fernandeş («Mançester Ýunaýted») we Bukaýo Saka («Arsenal») — 1 500 000 ýewro APL klublarynyň tälimçileriniň arasynda iň ýokary aýlyk alýanlar: Pep Gwardiola («Mançester Siti») — 1 920 000 ýewro Mikel Arteta («Arsenal») — 1 250 000 ýewro Unai Emeri («Aston Willa») — 770 000 ýewro Görkezilen ähli möçberler salgytlar aýrylmazdan ozalky girdejilerdir.

Sport, Ata Watan tarapyndan 12 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir