Türkmen tennisçileri taryhda ilkinji gezek 16 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilýän ýetginjekleriň arasyndaky Dewisiň Kubogynyň final saýlama tapgyrynda çykyş etmäge hukuk gazandylar. Ýaryş 16–24-nji maý aralygynda Şymkentde (Gazagystan) Aziýa sebitiniň iň güýçli 16 toparynyň gatnaşmagynda geçiriler. Bu barada Halkara tennis federasiýasy (ITF) habar berdi — diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti ýazýar. Türkmenistan ýygyndysy mart aýynda Kolomboda (Şri-Lanka) geçirilen saýlama tapgyrynyň deslapky ýaryşyndaky çykyşlarynyň netijesinde jemleýji tapgyra gatnaşmaga çakylyk aldy. Oňa 15 topar gatnaşypdy. Ýaryşda alty belgili saýlanan Türkmenistanyň milli ýygyndysyna Süleýman Hudaýberdýew (Aşgabadyň 86-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy), Aly Geldýew (Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýan mekdebiň 9-njy synp okuwçysy) we Kerimgeli Guldurdýew (A. S. Puşkin adyndaky Türkmen-rus bilelikdäki orta mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy) wekilçilik etdi. Toparyň kapitany hökmünde Türkmenistanyň Ýokary sport ussatlygy mekdebiniň tälimçisi, Türkmenistanyň Kubogy boýunça 2024-nji ýylyň bürünç medalynyň eýesi, 31 ýaşly Gurbanberdi Gurbanberdiýew çykyş etdi. Toparçalaýyn tapgyrda türkmen tennisçileri B toparçada birinji orny eýelediler: Omanyň ýygyndysyny 3:0 hasap bilen ýeňdiler, Mýanmanyň we Singapuryň (2-nji belgi bilen saýlanan) toparlaryny bolsa 2:1 hasap bilen ýeňip, üstünlik gazandylar. Çärýek finalda türkmen ýaşlary 5-nji belgi bilen saýlanan Filippinleriň ýygyndysyny 2:0 hasap bilen ýeňip, taryhda ilkinji gezek ýaryşyň iň gowy dört toparynyň hataryna girdiler. Şymkentde geçiriljek ýetginjekleriň arasyndaky Dewisiň Kubogynyň U16 Aziýa final saýlama tapgyrynda esasy ýaryşa gatnaşmak üçin beriljek dört ýollanma ugrunda Awstraliýa, Hytaý, Hytaý Taýbeýi, Gonkong (HKR), Hindistan, Indoneziýa, Ýaponiýa, Gazagystan, Koreýa Respublikasy, Pakistan, Tailand, Özbegistan, Malaýziýa, Wýetnam, Şri-Lanka we Türkmenistanyň ýygyndylary bäsleşerler. Ýetginjekleriň arasyndaky Dewisiň Kubogynyň final bölegi 3–8-nji awgust aralygynda Çehiýanyň Prosteýow şäherinde geçiriler. Çempionlyk ugrundaky bäsleşige dünýäniň ähli yklymlaryndan iň gowy 16 topar gatnaşar: altysy Ýewropadan, dördüsi Aziýadan, ikisi Demirgazyk Amerikadan, ikisi Günorta Amerikadan we ikisi Afrikadan. Ýetginjekleriň arasyndaky Dewisiň Kubogynyň Halkara tennis federasiýasy tarapyndan 1985-nji ýylda 16 ýaşa çenli oglanlaryň arasynda dünýä kubogy hökmünde döredildi. 2002-nji ýylda ýaryş häzirki adyny aldy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 4 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir