Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysy kenarýaka gandboly boýunça Hytaýyň Sanýa şäherinde geçirilýän VI Aziýanyň kenarýaka oýunlarynda ýarym finala çykdy. Toparçalaýyn tapgyryň jemleri boýunça türkmen zenan türgenleri B toparçasynda ikinji orny eýeledi. Ýaryşyň ilkinji duşuşygynda Türkmenistanyň ýygyndysy Şri-Lankanyň toparyny 2:0 hasaby bilen ynamly ýeňiş gazandy (12:10, 8:4). Ikinji oýun gününde türkmen türgenleri ýaryşyň eýeleri bolan Hytaýyň ýygyndysyndan 0:2 hasaby bilen utuldy (3:16, 13:22). Toparçalaýyn tapgyryň soňky duşuşygynda bolsa dartgynly göreşde Türkmenistanyň ýygyndysy 2:1 hasaby bilen Mongoliýanyň ýygyndysyndan üstün çykdy. Birinji döwde (14:16) utulandyklaryna garamazdan, türkmen gandbolçy zenanlary oýnuň barşyny üýtgedip, ikinji döwi (12:10) utdylar we oýundan soňky derwezä top zyňmak tapgyrynda hem üstün çykmagy başardylar (10:4). Üç duşuşykda gazanylan iki ýeňşiň netijesinde Türkmenistanyň ýygyndysy pleý-off tapgyryna ikinji orundan çykdy. 28-nji aprelde geçiriljek ýarym finalda türkmen gandbolçy zenanlary A toparçasynyň ýeňijisi — Wýetnamyň ýygyndysy bilen duşuşar. Beýleki ýarym final jübütliginde bolsa finala çykmak ugrunda Hytaýyň we Tailandyň ýygyndylary bäsleşer. Türkmenistanyň ýygyndysyna tälimçiler Gülen­dam Narbaýewa we Marina Diwanowa ýolbaşçylyk edýär. Sanýa şäherinde geçirilýän Aziýanyň kenarýaka oýunlary 22–30-njy aprel aralygynda dowam edýär. Ýaryşyň maksatnamasyna 14 sport görnüşi girizilip, olaryň çäginde 63 medal toplumy ugrunda bäsleşilýär. Oýunlara Aziýa ýurtlarynyň iň güýçli türgenleri gatnaşýar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 6 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir