FIFA-nyň resmi gaýtadan satuw platformasynda 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň final duşuşygyna dört sany bilet peýda boldy. Olaryň her biriniň bahasy 2,3 million dollara golaýlaýar. Täze dünýä çempiony 2026-njy ýylyň 19-njy iýulynda Ist-Raterfordaky "Metlaýf" stadionynda belli bolar. The Guardian neşiriniň berýän maglumatyna görä, bu çenden aşa gymmat bahaly biletleriň orunlary derwezäniň arkasyndaky aşaky tribunada ýerleşýär. FIFA öz meýdançasynda bahalaryň iň ýokary çägini çäklendirmeýär, emma gurama hem satyjydan, hem-de alyjydan 15% möçberinde komissiýa alýar. Şeýle biletleriň diňe biri satylan ýagdaýynda, halkara federasiýasynyň girdejisi takmynan 690 müň dollar bolar. Belläp geçsek, mundan ozalky dünýä birinjiliklerinde has berk düzgünler hereket edýärdi: gaýtadan satuwa diňe nominal baha boýunça rugsat berilýärdi, DÇ-2022-de bolsa komissiýa 5% möçberindedi. 2026-njy ýylyň dünýä çempionaty 11-nji iýun - 19-njy iýul aralygynda ABŞ-nyň, Meksikanyň we Kanadanyň stadionlarynda geçiriler. Häzirki wagtda bu adyň eýesi — öz hasabynda üç ýeňşi bolan Argentinanyň ýygyndysydyr.