Ýewropa Ligasynyň ýarym finalynyň ilkinji oýunlarynda «Nottingem Forest» az-owlak tapawut bilen «Aston Willany» ýeňdi, Portugaliýanyň «Bragasy» bolsa soňky minutlarda Germaniýanyň «Fraýburgyna» aman diletdi. Bu netijeler jogap oýunlarynyň öňüsyrasynda «tokaýçylara» we «ýaragçylara» belli bir derejede artykmaçlyk berýär. «Nottingem Forest» — «Aston Willa» (1:0) Bu «iňlis duelinde» Unai Emeri öz karýerasynda ýedinji gezek Ýewropa Ligasynyň ýarym finalyna çykyp, täze rekord goýdy. Oýnuň birinji ýarymynda derwezebanlar Emiliano Martines («Willa») Igor Žezusyň urgusyny gaýtaryp, Ortega («Nottingem») bolsa ikinji ýarymda Olli Watkinsiň howply pursadynyň güýjüni gaçyryp, gahrymanlyk görkezdiler. Oýnuň ykbaly 71-nji minutda çözüldi: VAR ulgamynyň kömegi bilen Luka Diniň el bilen oýnanlygy üçin penalti bellenildi. Kris Wud ony takyk ýerine ýetirip, toparyna 1:0 hasabyndaky ýeňşi getirdi. «Braga» — «Fraýburg» (2:1) Garaşylmadyk öwrümlere baý bolan bu oýunda hasaby 8-nji minutda Demir Tyknaz açdy, emma Grifo derrew hasaby deňläp ýetişdi. Ýerli topar yz-yza kapitan Rikardu Ortanyň şikes alyp meýdany terk etmegi, Salazaryň penaltini dürs urup bilmezligi ýaly şowsuzlyklara duçar boldy. Emma 90+2-nji minutda Ortanyň deregine giren Mario Dorjeles iň soňky urguny urup, «Braga» üçin möhüm ýeňşi üpjün etdi. Konferensiýalar Ligasy: «Raýonyň» üstünligi we «Kristal Pelesiň» rekord goly Konferensiýalar Ligasynda hem gyzykly pursatlar köp boldy. Madridiň «Raýo Walýekanosy» Fransiýanyň «Strasburgyny» 1:0 hasabynda ýeňmegi başardy. Oýnuň ýeke-täk goluny 54-nji minutda burçdan berlen pasdan soň braziliýaly Alemao urdy. «Şahtýor» – «Kristal Pelas» (1:3) Londonyň «Kristal Pelas» topary myhmançylykda Ukrainanyň «Şahtýoryny» derbi-dagyn etdi. Bu duşuşygyň esasy wakasy bolsa, Ismaila Sarryň oýnuň bary-ýogy 21-nji sekundynda derwezä dürs ýollan topy bolup, ol Konferensiýalar Ligasynyň taryhyndaky iň çalt gol diýlip ykrar edildi. «Şahtýor» ikinji ýarymyň başynda Oçeretkonyň tagallasy bilen hasaby deňlese-de, soňra meýdanda diňe «bürgütleriňki» (Kristal Pelas) çüwdi. Daiti Kamada iňlisleri öňe alyp gitmek bilen, oýnuň ahyrynda Strann Larsene gol pasyny berip, final hasabyny (3:1) kesgitledi.

Sport, Ata Watan tarapyndan 5 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir