Pariźdäki «Park-de-Prens» stadionynda «PSŽ» we «Bawariýa» jemi dokuz gol urulmagy bilen tamamlanan dartgynly oýun görkezdiler. UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň ýarym finalynyň birinji duşuşygy pariźli toparyň peýdasyna 5:4 hasaby bilen tamamlandy. Onsuzam ýaryşyň iň köp gol urýan iki toparyndan bu oýunda üýtgeşik bir zada garaşylýardy, ýöne hakykat ähli çaklamalardan hem öte geçdi. «Trilleriň» ssenariýasy Oýun saradylyp görkezilýän ýaly tizlikde başlady, emma ilkinji gol 17-nji minutda hasaba alyndy — jerime meýdançanyň içinde Luis Diasa garşy düzgün bozulmadan soň «Bawariýa» penalti gazandy. Harri Keýn urgyny dürs ýerine ýetirip, möwsümdäki 54-nji goluny saldy, emma mýunhenlileriň şatlygy uzak dowam etmedi. Bary-ýogy ýedi minutdan soň Hwiça Kwaratsheliýa ajaýyp aýlawly urgy bilen hasaby deňledi. 30-njy minuta çenli Žoau Neweş «PSŽ»-ni öňe saýlady, emma Maýkl Olise tiz wagtdan hasaby ýene-de deňlemegi başardy. Tolgundyryjy birinji ýarymyň nokady derweze çyzygyndan 11 metr aralykda goýuldy — top Alfonso Dewisiň eline degeni üçin bu gezek nemes klubunyň derwezesine penalti bellendi. Usman Dembele urgyny ussatlyk bilen ýerine ýetirdi. Toparlar 3:2 hasaby bilen arakesmä gitdiler. Ikinji ýarymyň başlangyjy hem meýdança eýeleriniň peýdasyna boldy. Kwaratsheliýa (56-njy minutda) we Dembele (58-de) hasaby gysga wagtyň içinde 5:2-ä ýetirdiler. Oýnuň ykbaly çözülen ýaly boldy, emma «Bawariýa» muňa kaýyl boljak toparlardan däl eken. Daýo Upamekanonyň (65) we Luis Diasyň (68) gollary arkaly nemes «maşyny» ýene ýaryşa dolandy. Şeýlelikde, birinji duşuşyk bir gol aratapawut bilen tamamlandy, şonuň uçin indiki hepde jogap oýnuňam şunuň ýaly gyzykly geçjegine tama bar. Duşuşygyň iň gowy oýunçysy diýlip Usman Dembele yglan edildi. Geçen ýylyň Altyn topunyň eýesi iki gol we bir assisti adyna ýazdyrdy. «Hiç haçan beýle ýokary tizlikdäki oýny görmedim. Meniň oýunçylarym hem, garşydaşlar hem öwgä mynasyp. Hasap 5:2 bolanda, oýunçylar uly töwekgelçilige gitdiler — bu örän ýokary derejeli topar. Jogap oýny hem kyn bolar», – diýip «PSŽ»-niň tälimçisi Luis Enrike oýundan soň teswir berdi. «Meniň pikirimçe, biz bu ýerde iki sany ökde toparyň esasan hüjüme we tizlige bil baglaýan oýnuny gördük», – diýip, «Bawariýanyň» hüjümçisi Harri Keýn hem pikirini paýlaşdy. Duşuşyk birnäçe görkezijiler boýunça Çempionlar ligasynyň taryhyna girdi: 9 gol — ýarym finalyň bir oýnunda urulan gollaryň sany boýunça täze rekord. Ýarym finallaryň taryhynda ilkinji gezek arakesmeden öň 5 gol uruldy. Bu ýeňiş «PSŽ»-niň ýaryşyň esasy tapgyrlaryndaky 100-nji ýeňşi boldy — parižliler fransuz klublarynyň arasynda ilkinji bolup bu sepgide ýetdi. «PSŽ» şu möwsümde jemi 43 gol urup, «Barselonanyň» 1999/2000 möwsümdäki absolýut rekordyna (45 gol) ýakynlaşdy.