Erkegem aglar ekeni.

Erkek ýüreklidir, şir ýaly mertdir,
Gaýduwsyz, merdana, özüne berkdir,
Ýöne durmuş öz diýenini etdir,
Ah çekip, erkegem aglar ekeni.

Çyn dosty bir gün duzyny depse,
Ýeňsesinden gizlin dönüklik etse,
Ähli hakykata gözi giç ýetse,
Gynanyp erkegem aglar ekeni.

Ilki sataşanda, ilki...

Dowamy »

663 7
Edebiýat, #Güljemal_Ahmedovaa* tarapyndan 3 years ago

Arşyň üstünde geçen press- konferensiýa

Ýaradan ýaradyp ilkinji Aty,
Çagyrdy ullakan pres-maslahat.
Maslahata geldi ähli haýwanat.
Haýwanlaň şu günki, ertirki bagty
Hakynda söz sözläp tutuş bir sagat,
Ýüz ýylyň işinden berdi hasabat.

Soň diýdi: «Ýene-de bir mesele bar.
Şony hem çözäýsek – maslahat tamam
Gaty toýnakl...

Dowamy »

497 0
Edebiýat, Mr.WriTer tarapyndan 3 years ago

Senden aýrylsamam, aýryldym welin.

Senden aýrylsamam,aýryldym welin,
Ýatsam düýşde görýän,seni küýseýän.
Gezsemem gezip,ýörendirin welin,
Çenden aşa seň mähriňe suwsaýan.

Senden aýrylsamam,aýryldym welin,
Ýaşan günlerimde görmedim many.
Görip otursam,sen gideliň bäri,
Şatlygyny ýitiren eken pany.

Senden aýrylsa...

Dowamy »

554 0
Edebiýat, sammy.kakabay tarapyndan 3 years ago

Kim söýmeli?

Söýmek- bir gowy duýgy
Söýülmek hasda
Diýýärler: "Söýýäni söý"
Her kim özüni söýýänleri gözlese
Kim onna söýmeli?!

Dowamy »

606 0
Edebiýat, Nätänyş adam tarapyndan 3 years ago

Goshgyñ adynam, awtorynam bilomok.

Men saña dost bolup bilmerin diñe-
Diyyàñ:-hayysh sen hem shu yagdayda gal!
Ezizim,açygyny aydayn saña,
Biziñ aramyzda dostluk mùmkin dàl!

Nàme gerek bir-biregi aldamak,
Nàmà derkar bize sôzlemek yalan!
Sen maña dost bolup seretseñ her çak,
Men bakaryn, ashyk gôzlerim bilen!

Ynjasañ-da b...

Dowamy »

591 2
Edebiýat, Bibish tarapyndan 3 years ago

Başarsaň adamyň göwnüne degme!!

Başarsaň adamyň göwnüne degme,
Gowy diý eger şol erbedem bolsa.
Salamyňy kesme almasada ber,
Ol gedem bolsada sen gedem bolma.

Ilki salam bergin namys etmegin,
Ýa hasap etmegin kiçelýän diýip.
Bir meýlisde aýtdy ýaşulylaň biri,
Salam bergin günäň geçilýär diýip.

Ýa bir üýşmeleň...

Dowamy »

626 4
Edebiýat, DeatH tarapyndan 3 years ago

Mätäç eýleme

Kadyr jepbar,senden dilegim kändir,
Sen meni namarda mätäç eýleme.
Hazynaňdan bergil meniň ryzkymy,
Bendäňi bendäňe mätäç eýleme.

Azaşdyrma dogry ýolum egrige,
Egrini deňleme hergiz dogryga.
Kişi maly nesip etmez ogryga,
Halaly harama mätäç eýleme.

Namart köprüsinden ölsem geçm...

Dowamy »

608 5
Edebiýat, DeatH tarapyndan 3 years ago

Iñ baý adamsyñyz!

Bu dünyade in bay adam bolmak ucin,hökman pulyn bolmagy gerekdal bu men pikirim.Eje-Kaka diyeñde,how oglum yada how gyzym diyip seslenýan Eje-Kakañyz bar bolsa bu siziñ dünyade iñ baý adamdygynyzdyr. 

Dowamy »

1052 14
Edebiýat, Korolewa tarapyndan 3 years ago

Danalar dostluk hakda

Iň uly betbagtçylyk – hakyky dostlaryň bolmazlygydyr.

F.Bekon

Seniň üçin hemme zada taýýar adamy hiç haçan ynjytma.

F.M.Dostoýewskiý

Sadyk dostuň şypasy ýaraňa melhem bolar,
Dönük dostuň jepasy bagryňa hanjar bolar.

Nyzamy Genjewi

Dostuňy köteklemek dos...

Dowamy »

550 8
Edebiýat, Korolewa tarapyndan 3 years ago

Ýagşy niýet - ýarym döwlet

Adam niyetini hemishe duzuw tutmaly. " Niyetine gora taparsyn" diylip yone yerden aydylanok. Niyeti duzuw adamyn ishi hemishe rowac bolyar.
Bir adam lukmanyn yanyna gelip, bir tenne karz dilapdir. Lukman gashyny cytman, hyk-cok etman, ona dilan tennesini beripdir. Dilegci tennani alyp, iki bukulip, sag bolsun baryny aydyp, puly bolsa gyzyl d...

Dowamy »

571 3
Edebiýat, Korolewa tarapyndan 3 years ago

Men ýitmerin...

Men ýitmerin.
Dolanaryn ýene-de,
Ýene dünýä aşyk bolup inerin.
Sataşýançak nesibeli pursatda,
Her gün daňdan düýşleriňe girerin.

Şonda, belki, ýazgydymyz başga bor,
Durmuş, meger, bagt eçiler maňa-da.
Belki, şonda nesip eder toýumyz,
Belki, şonda dabaraly çagyryp,
Myhmanlara gut...

Dowamy »

628 4
Edebiýat, Pegas tarapyndan 3 years ago

Valentin günine

Valentin gününe...

Valentin gününi inkär edýän men,
Diýeliň bu güni "Ýalňyzlar güni".
Nämä gerek söýüşýänlere baýram,
Olaryň duşuşan her güni baýram.

Valentin gününden söýgi garaşmaň,
Gaýybana gutlag hata garaşmaň.
Ýazjak adam gün saýlaman ýazardy,
Söýjek adam ondan öňem söýerd...

Dowamy »

754 14
Edebiýat, MrOKaS tarapyndan 3 years ago

Dogrup bilen ölübem biler… (degişmejik)

Günlerde bir gün Ependi goňşusyndan gazanyny diläp alypdyr. Birnäçe günden soň gazanlyk işi gutaransoň, onuň içine başga-da bir kiçijik gazan salyp, eýesine eltip beripdir.

Gazanyň eýesi muny görüp:

– Bu näme? – diýip, geň galyp sorapdyr.

Ependi:

– Gazanyňyz guzlady – diýipdir welin, goňşu...

Dowamy »

708 9
Edebiýat, loveee_@ tarapyndan 3 years ago

Nabelli okyjynyn walentinasy

Adatdakylar yaly bu gun irden sagat 6:00-da (gelnim jan edip tuzurya, men gelen jany gyzyly basyp ocursem turandygym) oyandym, yuwundym, naharhanadan ertirlik edinip geldim. Howa sertlerine gora is yatyrylandygyny bildim. Bolyan jayymdadym. Sagat 8 toweregidi. Telefonumy elime alan badyma gelnimden (oz idialymdaky adam) jan geldi.
-Penam gow...

Dowamy »

905 35
Edebiýat, Ahmedik_97 tarapyndan 3 years ago

Görmegeý ýigitde, owadan gyzda

Juwanlygyn bahar-yazyny gordum,
Gormegey yigitde, owadan gyzda.
Yaşlygymyzyn edil ozuni gordum,
Gormegey yigitde, owadan gyzda.

Özümin gur gaea sacymy gordum,
Senin al oymeli basynyz gordum,
On yedi-on sekiz yaşymy gordum,
Gormegey yigitde, owadan gyzda.

Miyeser Gun bilen Aý go...

Dowamy »

843 26
Edebiýat, Xyivenia tarapyndan 3 years ago

Belki..... (bolan hekaýa)

Belki..... (bolan hekaýa)

Jennetiň ýazan haty şeýle diýýärdi: "Belki söýenim maňa ýalan sözlemedik bolsadyň, wah käşkä bolsady bu gün ilkinji gezek söýgüliler günümizi bellärdik. Ýöne näme üçindir sen biwepa, sen aladyň, men alandym. Sen çyn ýürekden söýüpdim, hemmeden gabanypdym. Sen esgerkäň men saňa wepaly ýar bolup garaşypdym. We...

Dowamy »

748 4
Edebiýat, Lagly tarapyndan 3 years ago

Manysy näme?!

Sabra bil baglapjyk ygtyýar erkin,
Kesbinden-de kemal tapsady her kim.
Düýnjek diplom alypdy,bugünki häkim,
"Erte gözenekde",manysy näme?

Gerek wagt töwekgelçilik etmese,
Ajal bilen deň söweşe gitmese.
Hassa wagtynda-da kömek ýetmese,
"Lukman Hekim",diýse manysy näme?

Bugün bir...

Dowamy »

605 2
Edebiýat, DeatH tarapyndan 3 years ago

Ozuni tanamak.

Bir gezek Jelaleddin Rumynyn shagirtlerinin biri:
- Pylany menin gurrunimi edipdir. Yalanchy, aydan sozunde derek yok - diyipdir. Rumy:
- Sen shol adamyn aydyshy yalymy? - diyipdir. Ol:
- Yok, olar yaly bolmakdan Alla saklasyn! - diyipdir.
- Onda gaharyn gelmesin, ol adam sana yene bir gezek ozuni tanamaga komek edipdir.

Dowamy »

664 6
Edebiýat, soho tarapyndan 3 years ago

Başyna giden "bagşylar"

BAŞYNA GIDEN ''BAGŞYLAR''

Gürrüň soňky ýyllarda belent dagyň göwsünden syzyp çykan dury çeşme ýaly aýdym atly bulagymyzy harlamaga çalyşýan ''bagşysumaklar'' hakda barýar. Bular barada öňem telim gezek ýazyldy. Ýöne, ynha, indi olaryň ýazgylarynam ýaýradyp ugradypdyrlar.
Şolaryň birine-de Arslan Ataýew, il arasynda aýdylyşyn...

Dowamy »

1012 18
Edebiýat, wagt tarapyndan 3 years ago

Poeziýa aýylganç ene

Poeziýa
barypýatan päklikdir,
Poeziýa
göze görnen bir gyzdyr.
Bir seretseň –
onuň daşy köplükdir,
Bir görseňem
şol köplükde ýalňyzdyr.
Owadan gyzdyr ol – aşygy köpdür.
Akylly gyzdyr ol – gytdyr çyn aşyk.
Sataşan aşygnyň kimdigne görä,
Ýa togtar,...

Dowamy »

560 4
Edebiýat, Korolewa tarapyndan 3 years ago