MUSULMАNА IŇ ÝAKYN HАÝWАN

Musulmаnа iň ýakyn hаýwаn diýip, düýе jаnаwаrа аýtsа bо¬lаr. Gаdymdаn gеlýän gurruňlеrе görä, Muhаmmеt pygаmbеr Allanyň ýüz аdyny bilýän ekеni, ýakynyndаkylаrа şоlаryn tоgsаn dоkuzysyny аýdypdyr, ýüzünjisini Hеzrеt Аlа, hеmеm iň eý görýen düýеsinе аýdаnmyş. Düýä kеrаmаtly hаýwаn diýsе bоlаr. Çаryýarlаryň biri bоlаn Оmаr: «Аrаp diňе düýеsiniň eltеn...

Dowamy »

656 3
Edebiýat, @durdyyevv05 tarapyndan 3 years ago

BOSSANTÄJIŇ BEGENJI

Kolhozyň garry seýsi Ýagmyr aga agtyklarynyň içinde Bossantäji hem-mesinden eý görýärdi. Bossantäç gulpagyny tasadyp ýören gyzjagazka hem garry atasynyň ýanyndan aýrylmaýardy.
Bossantäç geçen ýyl obalaryndaky onýyllygy gutardy. Gyzy mekdebi gutaran badyna şäherden kakasy gelip, ony öz ýanyna alyp gitmek isledi. Emma çagalykdan garry atasy bi...

Dowamy »

538 1
Edebiýat, @durdyyevv05 tarapyndan 3 years ago

Beýik serkerde

Geçmide ýaşan beýik serkerdeleriň biri özünden on esse güýçli garşydaşlary bilen çaknyşmaly bolýar. Ol harby tälimi, söweşmegiň inçe tilsimlerini ussatlyk bilen ele alansoň özüniň ýeňjegine umydy bardy, ýöne esgerleri welin muňa ikirjiňlenýärdiler. Ýolda bir keramatly ýerde düşlän serkerde esgerlerine garap:
- Meniň gadyrdan ýaranlarym, wepa...

Dowamy »

592 0
Edebiýat, @durdyyevv05 tarapyndan 3 years ago

Oylenmek ya-da yok?

Baý ýigit bazar meýdançasynda oturan derwişiň ýanyna baryp, altyny sadaka tabagyna salyp:
"Dogrymy aýtsam, maslahatyňyz gerek" -diýdi. Men bir gyzy halaýaryn gaty haladym indi bolsa ejir çekýärin, sebäbi näme etjegimi bilemok: öýlenmelimi ýa-da ýok.
- Öýlenmäň.
- Ýöne näme üçin ?!
"Eger hakykatdanam halaýan bolsaňyz, sor...

Dowamy »

692 3
Edebiýat, @durdyyevv05 tarapyndan 3 years ago

Her yerden choplenen manyly sozler

Hiç kime ynanmaň we hiç haçan umytdan düşmersiňiz.

Ömrüňizde iň bolmanda bir gezek töwekgelçilik ediň.
Özüňizi beýleki adamlaryň kynçylyklaryndan we durmuşyňyzy zerur däl adamlardan azat ediň.

Haçanda goldaw gerek mahaly, sen hiç kime gerek däl. Aslynda sen hiç wagt hiç kime gerek däl. Muny sen diňe goldaw gerek...

Dowamy »

680 2
Edebiýat, @durdyyevv05 tarapyndan 3 years ago

ÝAŞLYGA SESLENIŞ

Ýaşlyk ýyllarynyň hasabaty barada oýlananymda, ol meniň bütin süňňümi göýe kyrk çilläniň gary bolup doňdurýan ýaly. Esli salymlap hereketsiz galýan. Oý pikirleriň ummanyndan gulaçlap ýüzüp geçmäge asla gurbatym çatanok. Ýöne nätjek guş bolup hem şol ummandan uçup geçip bolanok. Sebäp diýseň biz ynsan...
Ana şonda, ýolda meniň ýakamdan umytsy...

Dowamy »

454 0
Edebiýat, @durdyyevv05 tarapyndan 3 years ago

RYSGAL

Sport geýimli, gartaşanrak bir adam täzeje maşynyny deňziň kenarynda goýup, daşary ýurtdan täze getirden çeňňegini synamaga başlady. Ýöne çeňňegine düşýän zat ýokdy.
Onýança-da onuñ beýleräginde ýene bir balykçy düşledi. Täze gelen balykçy horaşaja penjeginiň jübüsinden poslap giden çeňňeklerini çykaryp, ugursyzja ýüpe düzleşdirdi.
Ga...

Dowamy »

512 1
Edebiýat, @durdyyevv05 tarapyndan 3 years ago

"Köýen arzuw"

Ýaşlygymda arzuw eden ýyllarym,
Geçip gitdi,hyýal bolup deñimden.
Kyrk ýaşy sermeläp,ýörse-de ýaşym,
Arzuwlar çykanok,şindem serimden.


Ýüregimde besläp,talyp bolmagy,
Arzuwlarym bardy,beýikden-beýik.
Bolmasa-da durmuşymyñ kem ýeri,
Köýen arzuwlarym,tutanok seýik.


...

Dowamy »

545 2
Edebiýat, Arzuwum tarapyndan 3 years ago

"Keseki däldigimi bildim aç-açan"

Keseki däldigmi bildim aç-açan
Gözlerňe ýetende gyňajyň çowy.
Maňa her kim gabat geldi her ýerde,
Ýöne, hemmesinden diňe sen gowy.

Sen halal süýt emen, naçar maşgala,
Öwýär seni mydam goňşy-golam-da.
/Sen hakda üýtgeşik bir zat ýazaryn,
Menem ile belli şahyr bolamda/.

Gitdiň se...

Dowamy »

583 2
Edebiýat, Arzuwum tarapyndan 3 years ago

Dunyanin hereketi bilimdir

Öñ bir zaman gündiz eli çyraly
Köçe bilen baryar eken bir adam
Öñünden bir kisi çykyp diýenmiş:
"Seniñ bolup ýörşiň nähilow adam?"

Sen näme gözleýäň diýip soranda:
"Men adam gözleýän" diýenmiş garry
Biz nä adam dälmi ötegçi
O niçik adamyşyn bizlerden gaýry

Meniň agtarýanym bili...

Dowamy »

1003 12
Edebiýat, Xyivenia tarapyndan 3 years ago

PURSAT

Gyz tisgindi,
Özem ýaman tisgindi
Garaşan hem garaşmadyk sözüne.
Aýdylanlar ýürekdendi, kesgindi,
Ýer ýok onda degişmä ýa hezile.

Bütin durky bilen sygjak ol häzir
Tapsa ýerden ýarym garyş gädigi.
Ýaňja eşdenne-de ynanmady gyz:
«Eý-ho!
Eý-ho, hakyt, şeý diýäýdimi?!»

Dowamy »

649 7
Edebiýat, Pegas tarapyndan 3 years ago

Zümerret ýa-da däliň oýlanmasy

Bir otagly öýde ýeke özüm ýaşaýan. Menden başga adam ýok. Ýeke bolanym üçin öýde çüw-ýalaňaç gezýän. Meni aram aram penjiräň öňünde ýalaňaç görýän goňşylaryň men barada näme pikir edýänini bilemok. Olar maňa aklyndan azaşan diýýän bolmaklary mümkim. Olar mamla, men çyndanam aklymdan azşan. Aklymdan azaşan bolanym üçin meni aýalym taşlap gitdi. Aýal...

Dowamy »

755 2
Edebiýat, Perhat Sabirovv tarapyndan 3 years ago

KEMÇINIŇ ÖLÜMI

Ýok, dost, ýol galmady buýtar-suýtara,
Haýsymyzyň kalbyn awlamady ol?!
Haram duýgymyza meý bere-bere,
Haýsy gujaklarda galgamady ol?!

Biz perde edinip kasamdan, şertden,
Gijäni Geýnäniň şygryndan açyp,
Syndyrdyk ynama meýilli erkin,
Al bile içinden-bagryndan geçip.

Kim oýlandy,...

Dowamy »

604 5
Edebiýat, Pegas tarapyndan 3 years ago

Mährijemal(Nowella)2#

Dowran gullukdan gelyanca, Mahrijemal su pikir bilenem gezdi. Ol mekdebi tamamlap, oz obalaryndaky cagalar bagyna ise baslady. Ahyry:"Dowran gullugyny gutaryp gelipdir" diyen hos habaram geldi. Gullukdab geleninden son, Dowran kamahal Mahrijemalyn isleyan cagalar bagyna gelyardi. Bu yerde onun dosty Mergenem isleyardi. Mergenin yokary okuw mekdeple...

Dowamy »

739 6
Edebiýat, Xyivenia tarapyndan 3 years ago

“Sensiz günlerimiň ýüregi gysýar...”

Sensiz günlerimiň ýüregi gysýar,
Ýekesiräp tukat otyr gijelem.
Ýok, oýlama öler diýip umydym,
Ol ölse-de, ýüregimden giç öler.

Sensiz günlerimiň ýüregi gysýar,
Sensiz dilim kynlyk bilen saýraýar.
Gyzgyn söýgim birikdirer, ynanýan,
Bolubersin ýollarymyz aýry, ýar!

Sensiz günleri...

Dowamy »

869 23
Edebiýat, Pegas tarapyndan 3 years ago

Dostluk we söýgi

Ýadymda:
Şol gün gara saçlaryňy penjeläp,
Gözleriňe gan öýdürip, ýürekden
Ýakyp giden ilki söýgiň barada
Gürrüň beripdiň.

Gahar jemlenipdi göreçleriňe,
Ýigrençden dodagyň titredi durdy.
Bilseň, şol gün duýgularym gorjalap,
Ýüregmiň burçuny pytradyberdi.

Söýmek hakda ýa-d...

Dowamy »

839 12
Edebiýat, Pegas tarapyndan 3 years ago

Aşyr Hanow - Gitmesene (goşgy)

“Gitmesene,
Gitseň onsoň bulutlary kim synlar...”
L.Pürjäýewa

Gitmesene,
Gitseň onsoň gara başym dumanlap
Gara güni gapdalyma getirer
Gitseň onsoň, görülmedik gün aglap
Kemsinmezmi ýazylmadyk setirim?!

Şygyrlarmy kime okap bererin
Haýsy gözler ýüregimi ýaralar
Gez...

Dowamy »

516 2
Edebiýat, Durmus_Myradow tarapyndan 3 years ago

Goruplik

Eger dünýe ÿagşylyga, ýurulan bolsady.
Nähili dünýede ýaşardykak biz,
Eger görüpçilik yok bolsady ,
Şo dünýä şeýlebir owodon bordy.
***
Men ýene şeýlebir dünýe küýseýän,
Adamlan ýüreginin päkligin isleýän,
Şo dünýäñ üstünde, menem şat bolup.
Adamlary syýlamak iseýärin yas bolup

Dowamy »

807 19
Edebiýat, Ahmedik_97 tarapyndan 3 years ago

Söhbet Döwletow ,,Razy men''

Halal işläp, uly abraý gazansam,
Halkym menden razy bolsa razy men.
Il içinde abraý bilen bezensem,
Ýetsem arzuwlarma, ölsem razy men.

Duzly saçagyma rysgal getirsem,
Söýen ýarym bilen ömrüm ötürsem,
Öňümdäki gulluk borjum bitirsem,
Watan üçin janym bermä razy men.

Ýas güni her...

Dowamy »

540 1
Edebiýat, @durdyyevv05 tarapyndan 3 years ago

Söhbet Döwletow ,,Söýen gyzyma "

Söýen gyzym seni hiç unutmadym,
Bir gün dolanar, diýen umytdadym,
Her gün gözümde ýaş, gelmediň yza,
Söýgim şo durşuna, hiç sowatmadym.

Hiç aýyrman seniň bakyp gözüňe,
Ynanypdym her bir şirin sözüňe,
Gije ýatlap aglap, geçen günleri,
Göwünlik bererdim özüm-özüme.

Goşgymy okarsy...

Dowamy »

572 2
Edebiýat, @durdyyevv05 tarapyndan 3 years ago