Men muny sana birmahal aytmalydym, yone wagt geler, hemme zat oz-ozunden yerbe-yer bolar oytdum. Men hazir, su pursatda meselani ozumin cozmelidigime dusundim-diyende, Mahrijemalyn elinden tasdanam telefony gacypdy. Ol yene ozuni dursap, dinlemegini dowam etdi.
-Mahrijamal, yadyna dusyarmi-dusmeyarmi bilmedim, mekdepde okayan mahallarymyz bir toyde senin kustdepda cykmagyny hayys edipdim. Sonam nace gezek biz seni joralaryn bilen oyunize ugradypdyk. Men su zatlaryn hemmesini... Dowran diyjek sozlerini aydyp gutarmanka, telefonyn anyrsynda duran basga birine yuzlenip aydyan:"Dursana, su gun bolmasa, son hic mahal!" diyyan sozleri esidildi. Sonam yene Mahrijemala yuzlendi:
-Mahrijemal, menden gaty gorme. Yone men muny sana hokman aytmaly! Dostum Mergen seni söýýär!.. Su caka cenli sana soyyandigini aydyp bilman gezdi. Men dostumyn sana oz yuregini acyp bilmegi ucin mumkincilik doretjek bolup, elimden gelenini etdim. Yone ol senin gozlerine garap bir zatlar diymage cekindi. Senin ozune duyduryp bilmedigem bolsa, hemise seni gormegin arzuwynda gezdi. Cagalar bagyna ise yerlesmeginin sebabem sol. Su mahslam yanymda. Hayys edyan, telefony goyma-da, Mergeni dinle-telefonyn anyrdyndan Dowranyn yanyndaka yuzlenip:"Indi bir ayt-da, dyn" diyyan sesi esidildi.
-Mahrijemal-telefonyn anyrsyndan Mergenin sesi esidildi. Ol ses yuwasja gurlanem bolsa, Mahrijemalyn beynisinde, yureginde yanlanyp, tutus sunnuni elendirip gitdi. Mahrijemalyn bokurdagy dykyn aldy, ullakan gozlerinin owasy yasdan doldy. Mergen calaja ardynjyrady-da, sozuni dowam etdi:
-Mahrijemal, men seni mekdepde okan dowrumizden bari gowy goryan. Menin seni su caka cenlem halayandygymy, ine, Dowran bilyar. Seni soyyandigimi ozune aydyp bilman, Dowrana aytdym yordum. Mahrijemal, men senden hos soze garasyan. Su gun agsam kustdepdini bile depeli. Eger sen kustdepds cyksan, men onda sen garsy dal diyip kabul ederin. Eger cykmasan, onda...
Mahrijemal yuwaslyk bilen telefonyn duwmesine basdy. Ol:"Men bu gunun geljekdigi hakynda arzuw etmage-de milt edip bilmandim ahyry. Mergen, biz bu gun kustdepdini hokman bile deperis" diyip pysyrdady-da, gozlerinden syrygyp gaydan gozyaslaryny syldy.
Cemen Annaberdiyewa,žurnalist.
10.03.2021 21:33

Edebiýat, Xyivenia tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir