Sport geýimli, gartaşanrak bir adam täzeje maşynyny deňziň kenarynda goýup, daşary ýurtdan täze getirden çeňňegini synamaga başlady. Ýöne çeňňegine düşýän zat ýokdy.
Onýança-da onuñ beýleräginde ýene bir balykçy düşledi. Täze gelen balykçy horaşaja penjeginiň jübüsinden poslap giden çeňňeklerini çykaryp, ugursyzja ýüpe düzleşdirdi.
Gartaşan balykçy goňşusyny synlap başlady. Goňşusynyň emelsizje gurallaryna göwniýetmezçilik bilen ýylgyrdy. Onuň içinden ‘Ýagşy-da bir balyk tutarsyň-ow’ diýýäni daşyndan hem bildirip durdy.
Onýança-da goňşusynyň çeňňeginiň ujunda uly balygyň çyrpynýanyny görüp haýran galdy. Aradan salym geçmänkä goňşusynyň ýene bir kiçiräk balygy suwdan çykaranyny görensoň-a has-da bilesigelijiligi artdy.
O-ho! Ynha ýene biri. Bu ahwalata mundane artyk seredip durmaga takady ýetmän goňşusynyň ýanyna ugrady. -Ýagşy ýigit! Meniň gurallarym aňyrbaşy. Özümem ep-esli wagt bäri otyryn. Ýöne ýeke balygam tutup bilemok. Seniň bolsa çeňňekleriňde-de Derek ýok. Geleniňem ýaňy. Tüweleme, eýýäm bedräňi dolduraňkyrladyň. Bu ahwalatyň syry nämedekä?
Eýýäm çeňňeklerini ýygnaşdyryp, gaýtmaga taýýarlanyp duran ýaş balykçy:
-Bu ýerde üýtgeşik syr ýok, agam! Bu balyklar meniň çagajyklarymyň rysgaly bolmaly . çagajyklarym üç gün bäri aç otyr. ‘Olary horlama !’ diýip Hudaýa ýalbardym. Netijesinem özüň görüp dursuň-diýdi.

Edebiýat, @durdyyevv05 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir