Men indi ulaldym, Ejemjan
"Janym Ejemjan men indi ulaldym"
Boýum ösdi, dertlerim köpeldi, Öňkiler ýaly her aglan wagtym seň gujagyňa ylgap bilemok, Men indi güýçlendim, öz meselelerimi özüm çözmeli diýýärin, Saňa we Kakama ulalandygym subut etmelidigim bilýärin! Sebäbi Ejemjan diýip şymjarsam gynanjagyňy bilýärin, ukysyz galyp alada etjegiňi, iýýän zatlaryň b...
"Mesge" Hekaýa
Ýurtda ýaňy “Üýtgedip gurmak” diýen hereketiň başlanan ýyllarydy. Ömür halka satmaly harydyň esasy bölegini özi iýip ýören satyjylar “Üýtgedip gurmaga” “üýtgedip iýmek” diýip düşündiler. Öňler harytlar birneme kemräk çekilip satylan bolsa, satyjylaryň dili bilen aýdanyňda, “üýtgedip iýmek” başlandan soň dükanlaryň ýagdaýy ömür-ömür görülmedik derej...
Aýralyk, aýralyk aman aýralyk
Ferhadi Azerbeýjan şahyry
Aýralyk
Pikrimden gijeler ýatabilmerin,
Bu pikri başymdan atabilmerin,
Neýleýin men saňa ýetebilmerin,
Aýralyk, aýralyk, aman, aýralyk,
Her bir dertden bolar ýaman, aýralyk.
Uzyndyr hijriňden gara gijeler,
Bilmerin gideýin nirä, gijeler,
...
Eje
Howwa Eje Señ mahrinden bad alyp
Dunya deyin ginap one gideyin
Onem million gezek aydylan zadyn
ENE gudratyñ waspyn edeyin.....
Ballaryň derýa
Nury Annagylyç
(1911-1958)
Gülzara öwürer gözel meýdany,
Akyp gelýän mele silleriň, derýa.
Bize berer her günde köp peýdany,
Murguzarly gözel kölleriň, derýa.
Ozalky dek bolmaz suwlaryň zaýa,
Irýa bolup dagap gitmez her taýa,
Öwşünlep üstüňe saljakdyr saýa —
...
Saña näm boldy
Saña näme boldy
Ala gözli awlak saýadym,
Saña näm boldy, näm boldy?
Şähdi şeker dilleriñden,
Sözle näm boldy, näm boldy?
Talandy göwnüm talandy,
Señ bakyşlaryñ janym aldy,
Ak göwsüñ bäri dolandyr,
Saña näm boldy, sözle näm boldy?
Sen otursañ serhoş eýläp,...
Bulutlary geçeli (Azat Dönmezowyñ aýdymynyñ sözleri)
Ýürekdeşime, duýgularym aýdýan-a,
şol ýürekdeşime,
Ýeke başyma ýatlaýan-a, seni ýarym
Gije hem gündiz,
Neýläýin, neýläýin sensiz bu dünýäni.
Gök asmana uçaly,
Bulutlary geçeli,
Bu owadan zemine,
Ýagyş bolup düşeli.
(gaýtalamak)
Seniñ söýgüñ syganoga
Içime,...
Men señ üçin ýaşaýaryn (Azat Dönmezowyñ aýdymynyñ sözleri)
Men señ üçin ýaşaýaryn
Janym men seni söýýänä,
Señ ruhuñda ýaşaýana.
Ýeregimiñ urgusynda,
Seniñ mähriñi duýýana
Men señ üçin ýaşaýaryn,
Diñe señ üçin ýanýaryn,
Saña bermek üçin jennetiñ,
Ter güllerini ýygnaýaryn.
Şatlygymda hem gaýgymda,
Bolsana se...
Ýeke tägim söýenim (Azat Dönmezowyñ aýdymynyñ sözleri)
Ýeke tägim söýenim,
Saña göwnüm bererin,
Gündüz günüm hem aýym,
Gara gözli humaýym,
Sensiz durmuşym,
Barysy bolmaz,
Señ söýgüñ ýerine,
Özgeler durmaz.
Gijeler garañky,
Gündiz bolmaz sensiz,
Aýt nädip ýaşarsyñ,
Indi ýar mensiz.
Bu hal gerek dä...
Terjimeler..
Zenanlarymyz hakda
Özi hem söýýän wagty, söýgisinden geçip bilýän zenany hiç zat bilen gorkuzyp bilmersiň.
Aglaýan zenanyň ahy diýip birzat bar, hem agladyp hem-de ahy alan bolsaň bi dünýede ýüzüň gülmez.
Bir zenanyň owadan görünmesi üçin keşbine her dürli reňkler(makýaž) gerek däl, bagtly bolmasy gerek...
Oýlanma..
Söýgisini bile okaýan gyzyna öz öňinde uly bir böwet barlygy sebäpli aýdyp bilmeýän ýigidiň ýazan haty.
"oýlanma"
Aslynda ynsanyň ýüz keşbini esasy bezeýän zat gözleridir.
Ýöne, sende welin başgaça näme diýip, gelşirip aýtjagymy bilemok. Böwrek ýaly dodagyňy diýeýinmi, ýa-da ala gyzyl alma ýaly ýaňa...
Näzli ýar
Gara saçyň gije diýip, uklap men,
Gündiz eken, çoh armanym, näzli ýar!
Saba-säher wagty diýip, çaklap men,
Çeşmim açsam, arman eken, näzli ýar!
Gel, görüşseň keramatly goluňdan,
Aýlanaýyn dahanyňdan, tiliňden,
Gahar etme, golum salsam biliňden,
Ataşgähi sen, suzanym, näzli ýar!
...
Halas et (aýdymyñ goşgusy)
Halas et
Yürek señ bilen ýaşaýar ynan sözüme,
Senden başga ýar görünmez meniñ gözüme.
Sen bolmasañ erk edip bilemok özüm-özüme,
Bu giñ äleme sygamok, al meni ýanyña!?
Kararym ýok, sen bolmasañ meñ ýanymda,
Halas et, halas et meni gaýgydan,
Isleseñ gar bolup ýagaýyn, ýöne sen b...
Al jaňymy
Söz berişdik — jaňlaşmaly däldik biz,
Soramaly däldik hal ahwalymyz.
Sen çepe, men saga bakyp geçmeli,
Deň düşse-de garşylaşýan ýolumyz.
"Ykbal deň gelenok" diýişen bolup,
Çözüpdiris "dünýäň meselesini".
"Deň etmän, duş etmez" — çyn bolýan bolsa,
Ykbal dälmi maňa duşuran seni?!
...
Arap Gurbanowyň «Toprak» hekaýasynyň döreýşi
Anyk ýadyma düşenok, ýalňyşmasam, 2006-njy ýyl bolsa gerek. “Watan” radioýaýlymynyň “Ylham” bölüminde işleýärdim. Döredijilik edaramyzda türkmen medeniýetiniň we sungatynyň ösüşinde abyrsyz köp işleri bitiren halypalarymyz bardy. Olaryň iş tejribesini öwrenmekden ötri, ýatda galyjy pursatlaryň, gyzykly ýatlamalaryň şaýady bolýardyk.
Bir geze...
Sana yalyk berjek.
Saña yalyk berjek ebedi sakla
Seni cyn yurekden soyenim ucin
Yuregini hasrat gursalan wagty
Onuñ saña sayat bolmagy mumkin
Saña yalyk berjek yadygar galsyn
Goy ol elim bolup supursin gozun
Saña egsilmejek bagty dileyan
Bu meñ soygimizde in soñky sozum
AÝRALYK
Aýralyk ,gelmäýjek ýalydy başa,
Ynha, ikimizi goýdy göz ýaşa.
Hiç göwnemän, gadam basdyň durmuşa,
Meni atyp gitdiň, bir sowuk gyşa.
Niçün beýle boldy, düşünip bilemmok,
Göresim gelende, gelip bileňňok.
Düýn-di gujagma, dolan günleriň
Bu gün soldy saňa alan güllerim.
Ýadymda, se...
Magtymgulynyň "Durupdyr" goşgusyna Çözgüt
Magtymguly:
Bir çüýrük hoz bilen jahan jöwherin,
Ol ne humarbazdyr utup durupdyr.
Çüýrük saman eltip jahan bazarna,
Göwhere barabar satyp durupdyr.
Çözgüdi:
Ol humarbaz-mekir çarhy pelekdir,
Oýnany oýunda utup durupdyr.
Kimi gyzykdyrsa dünýä malyna,
Nebis üçin imanyn satyp durup...
Gözeller
Sazy: Akmuhammet Saparowyňky
Sözi: Ata Atajanowyňky
Aýdymy ýerine ýetirýän Türkmenistanyň halk artisti Akmuhammet Saparow
Gözeller gelýärler bu agşam çagy,
Gelýärler sonarlap al-ýaşyl bagy.
Gözeller soltany bir peri-peýker,
Men şonuň gurbany.
Wah, aldy jany.
Indi bir a...
Gadymy Grek mifologiýasynda Ifigeniýanyň gurban edilişi
Mikeniñ patyşasy Agamemnon, Troýa ýörişine taýýarlanýan döwürleri awa-şikara çykýar. Ol tokaýda gadagan edilen mukaddes keýigi awlaýar.
Muña gahary gelen Artemida (awçylyk hudaýy), Agamemnona gargynýar we Troýa ýörişinde ony şowsuzlyga duçar etjekdigini aýdýar. Agamemnon eden etmişine ökünip bagyşlanmagyñ ýollaryny gözleýär. Şonda bilgiçleri...