Warner Bros. Tom we Jerri barada täze doly metražly filmiň üstünde işleýär

Warner Bros. Animation meşhur gahrymanlar — pişik Tom we syçanjyk Jerri barada täze doly metražly animasiýa filmi döredýär. Bu barada taslamanyň ssenariýsiniň awtory Will MakKormak habar berdi — diýip, championat.com neşiri ýazýar.
Filmiň sýužetine görä, Tom bilen Jerri täze eýelere — biri-birini söýýän ýaş jübüte düşýärler. Şondan soň pişik...

Dowamy »

14 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 days ago

Hünärmenler dünýäde iň gaty sesli adamy anykladylar

Ginnesiň rekordlar kitabynyň hünärmenleri awstraliýaly Jozef MakGreýl-Beýtsi dünýäde iň gaty sesli adam diýip ykrar etdiler. Kanberry şäheriniň 58 ýaşly ýaşaýjysy «häzir» diýen sözi 122,4 desibel güýji bolan sesde gygyryp, dünýä rekordyny goýdy. Bu derejedäki ses işleýän zynjyrly byçgynyň, «Tiz kömek» ulagynyň gygyryp golaý aralykdan geçip barýarka...

Dowamy »

14 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 days ago

Taker Karlson indi Respublikaçylar partiýasyny goldamaýandygyny yglan etdi

Meşhur amerikaly žurnalist, öň ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň tarapdary hasaplanan Taker Karlson demokratlary goldamaýşy ýaly, mundan beýläk Respublikaçylar partiýasyny hem goldamaýandygyny mälim etdi. «Men Respublikaçylar partiýasyny goldamazdym. Men hiç haçan Respublikaçylar partiýasyny goldamaryn... Näme etjegimi bilmeýärin. Men tutuş ömrüme...

Dowamy »

6 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 days ago

Merkezi Aziýa ýurtlary Bişkekde Pariž ylalaşygy boýunça klimatik borçnamalaryň ýerine ýetirilişini ara alyp maslahatlaşdylar

23-nji iýunda Bişkekde ReCATH (Merkezi Aziýa üçin klimatik aýdyňlygyň sebit haby) taslamasynyň jemleýji maslahaty açyldy. Ol başlangyjyň ikinji tapgyrynyň netijelerine we ony ösdürmegiň geljekki mümkinçiliklerine bagyşlandy. Çärede Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, şol sanda Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň wekilleri, şeýle hem FAO-nyň, BMGÖM-iň, ÝUNEP-...

Dowamy »

6 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 days ago

Prezident Serdar Berdimuhamedowa «garabag» tohumyndan bolan bedew sowgat berildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet saparynyň çäklerinde Fizuli şäheri bilen tanyşlykdan soňra Prezident Ilham Aliýew bilen bilelikde awtoulagda Şuşa şäherine ugradylar. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň elektron neşirinde habar berildi.
Deňiz derejesinden 1 müň 368 metr belentlikde ýerleşýän Şu...

Dowamy »

15 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 days ago

Türkmenistanyň Prezidenti Fizuli şäherinde gurulýan metjit bilen tanyşdy

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasyna döwlet saparynyň ikinji gününde Fizuli şäherine baryp gördi. Bu ýerde döwlet Baştutanyny Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew mähirli garşylady.
«Türkmenistan» gazetiniň elektron neşirinde habar berlişi ýaly, Prezident Ser...

Dowamy »

16 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 days ago

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjana döwlet saparynyň çäklerinde Fizuli şäherçesine bardy

Ozal habar berşimiz ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjanda döwlet saparynda bolýar. Türkmenistanyň Prezidenti saparyň çäklerinde şu gün Fizuli şäherçesine bardy. Bu barada Azerbaýjanyň Prezidentiniň Metbugat gullugy habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjana döwlet saparynyň çäklerinde Fiz...

Dowamy »

14 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 days ago

Türkmenistanyň Prezidenti ulag-logistika meseleleri boýunça türkmen-azerbaýjan toparynyň işini güýçlendirmegi teklip etdi

Üstaşyr ulag ulgamyndaky gatnaşyklar Türkmenistanyň hem-de Azerbaýjanyň hyzmatdaşlygynyň strategik ugry bolup durýar. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjana döwlet saparynyň dowamynda geçirilen duşuşykda belledi.
TDH-de habar berlişi ýaly, Türkmenistan halkara ulag geçelgelerini ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. Aziýanyň hem-de Ýewr...

Dowamy »

14 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 days ago

«The Guardian»: El-Ninonyň dolanmagy azyk howpsuzlygyna eltip biler

Alymlar El-Nino howa hadysasynyň gaýdyp gelmeginden biynjalyk bolýarlar, ol dünýäniň sebitleriniň köpüsinde ilatyň azyk howpsuzlygyna hem-de saglyk ýagdaýyna ýaramaz täsir edip biler. Bu barada «The Guardian» habar berdi.
ABŞ-nyň Umman we atmosfera barlaglary milli edarasynyň (NOAA) maglumatlaryna laýyklykda, El-Ninonyň ýylyň aýagynda iň ýok...

Dowamy »

17 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 days ago

Daşky gurşawy goramakda GIS ulgamyny ornaşdyrmak boýunça okuw geçirildi

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugynyň ýygnak zalynda «GIS-iň esaslary we kartografiýanyň döwrebap gurallary» atly okuw maslahaty geçirildi. Bu barada ministrligiň resmi saýtynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, okuw maslahatynyň esasy maksady döwlet tebigy goraghanalaryň we tokaý hojalyklar...

Dowamy »

14 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 days ago

Trampyň tarapdary Kolumbiýada Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazandy

Aňrybaş sagçy millioner-hukukçy hem-de Donald Trampyň tarapdary Abelardo de la Esprielýa Kolumbiýada ýekşenbede bolan Prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda esasy bäsdeşi senator Iwan Sepedany ýeňdi. Sesler sanalanda, Esprielýanyň 49,66 (12,96 million) we Sepedanyň 48,7 göterim (12,7 mln) ses alandygy belli boldy. Aratapawut 250 830 sesi düzdi...

Dowamy »

15 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 days ago

Türkmenistanda russiýaly diplomatlar Beýik Watançylyk urşunda şehit bolanlary hatyraladylar

Aşgabatdaky russiýaly diplomatlar Belarusyň, Ermenistanyň, Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen bilelikde Beýik Watançylyk urşunda şehit bolanlary hatyraladylar. Bu barada RIA habarlar saýtynda habar berilýär.
​Çäre Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň çägine ýanaşyk ýerleşen «Hatyra seýilgähinde»...

Dowamy »

13 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 days ago

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamyndaky hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekişdiler

2-nji iýunda Warşawada Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow we Polşanyň Serhet gullugynyň başlygy Robert Bagan migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk hakynda özara düşünişmek baradaky Ähtnama gol çekdiler.
Resminama maglumatlary we öňdebaryjy tejribeleri alyşmagy, bilelikdäki geňeşmeleri hem-de bilermenleriň duşuşyklaryny g...

Dowamy »

16 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 days ago

Türkmenistan bilen Bütindünýä banky milli statistika ulgamyny ösdürmek boýunça ylalaşyga gol çekdiler

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti 2026–2027-nji ýyllarda ýurduň statistika ulgamyny kämilleşdirmek maksady bilen Bütindünýä banky topary (Halkara täzeleniş we ösüş banky – HTÖB) bilen tölegli maslahat beriş hyzmatlaryny bermek baradaky ylalaşyga gol çekdi. Gol çekişlik dabarasy 22-nji iýunda komitetiň binasynda geçirildi.
Re...

Dowamy »

17 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 days ago

«France 24»: Yssy howa sebäpli mekdepler we kollejler ýapyldy

Fransiýanyň sebitleriniň üçden bir böleginde, ýagny 96 departamentiň 35-sinde görlüp-eşidilmedik jokrama yssy sebäpli howa howplulygynyň iň ýokary – gyzyl derejesi yglan edildi. Bu barada «France 24» teleýaýlymyna salgylanýan «Gazeta.ru» habar berdi.
Howpsuzlyk çäreleriniň hatarynda ýurtda mekdeplerdir kollejlerde sapaklar ýatyryldy. «Fête d...

Dowamy »

16 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 days ago

Hindistanyň ilçisi Bandaru Wilsonbabu: Türkmen jemgyýetinde ýoganyň meşhurlygy yzygiderli artýar

21-nji iýunda paýtagtymyzdaky «Bagtyýarlyk» sport toplumynyň ýanyndaky Ýoga we däp bolan lukmançylyk merkezinde Halkara ýoga güni bellenildi. «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň habar bermegine görä, şol gün sagdyn durmuş ýörelgesiniň ýüzlerçe tarapdary köpçülikleýin ýoga maşklaryna gatnaşdy.
Hindistanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we D...

Dowamy »

15 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 days ago

Türkmenistanly professor-mugallymlar Pekinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryna gatnaşýarlar

22-nji iýunda Pekindäki Hytaý nebit uniwersitetinde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň professor-mugallymlar düzümi üçin hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlarynyň açylyş dabarasy geçirildi. Bu çäre bilelikdäki Türkmen-Hytaý energetika okuw merkeziniň binýadynda guraldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullu...

Dowamy »

15 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 days ago

BAE dünýäde bäsdeşlige ukyply ýurtlaryň bäşligine girdi

Birleşen Arap Emirlikleri (BAE) «IMD World Competitiveness Yearbook 2026» ählumumy reýtinginde dünýäniň iň bäsdeşlige ukyply döwletleriniň bäşligine girdi diýip, «INTERFAX.RU» habar berdi. Ylmy barlaglar döwletleriň işewürligiň durnukly ösüşi we uzak möhletleýin ösmegi üçin amatly gurşawy döretmek mümkinçiligine baha bermek maksady bilen geçirildi....

Dowamy »

14 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 days ago

Türkmenistanyň wekilleri Ulan-Batorda geçirilen Ýewraziýa döwletleriniň muzeý ýolbaşçylarynyň forumyna gatnaşdy

Mongoliýanyň Ulan-Bator şäherinde Ýewraziýa döwletleriniň muzeý ýolbaşçylarynyň Birinji forumy geçirildi. Bu foruma Türkmenistanyň wekilleri hem gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň resmi web sahypasynda habar berilýär.
Häzirki wagtda ýurdumyzda arheologiýa, muzeý işi ugurlarynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň...

Dowamy »

16 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 days ago

Türkmen mekdep okuwçylary Niderlandlarda geçirilen robototehnika ýaryşynda iň gowy 20 toparyň hataryna girdi

Türkmen okuwçylaryndan düzülen Oguzrobot topary Niderlandlaryň Eýndhowen şäherinde geçirilen FIRST Tech Challenge European Premier Event 2026 halkara robototehnika ýaryşynda iň gowy 20 toparyň (TOP-20) hataryna girdi. Bu barada Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasynyň metbugat gullugy habar berdi.
16–20-nji iýunda Indoor-Sportcentrum Eindhov...

Dowamy »

13 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 days ago