Awazada Özbegistanyň paýtagty Daşkentde geçiriljek Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygyna taýýarlyk görülmegine bagyşlanan çäräniň dowamynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe «Hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşandy üçin» ordenini gowşurmak dabarasy boldy. Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Permanyny okady. Soňra Prezident Şawkat Mirziýoýewe Türkmenistanyň bu ýokary döwlet sylagy dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bu ýokary döwlet sylagyna Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge, türkmen we özbek halklarynyň dostlugyny, doganlygyny we özara bähbitli hyzmatdaşlygyny berkitmäge, şeýle hem döwlet we jemgyýetçilik çäreleri arkaly Türkmenistanyň halkara abraýyny ýokarlandyrmaga goşan goşandy üçin sylaglandy diýip, TDH habar berýär.Туркменская кухня