BSGG 2030-njy ýylda lukmanlaryň ýetmezçiliginiň dörejekdigini çaklaýar

Dünýäde ilatyň garramagy sebäpli 2030-njy ýylda Saglygy goraýyş ulgamynda 11 milliondan gowrak hünärmen ýetmezçilik eder. Bu barada anna güni Saglygy Goraýyş guramasy habar berdi diýip, «ria.ru» ýazdy.
«Köp ýurtlarda bir wagtda hem ilat, hem-de lukmanlar garraýar. Bu çak edilýän ählumumy saglygy goraýyş hünärmenleriniň ýetmezçiligini has-da...

Dowamy »

22 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 days ago

Wýetnamdaky çabga 16 müň öýi gark etdi, süýşgünde üç adam heläk boldy

Wýetnamyň demirgazygyndaky we demorgazyk-merkezi bölegindäki güýçli çabga, sil we süýşgünler üç adamyň heläk bolmagyna hem-de 16310 öýüň gark bolmagyna getirdi. Bu barada «VietnamPlus» neşirine salgylanýan «Azertaj» habar berdi.
Tebigy hadysa oba hojalyk ekinlerine güýçli zeper ýetirdi, 15 mekdep we suwaryş ýaplarynyň iki kilometre golaýy ha...

Dowamy »

24 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 days ago

Psiholog adamlaryň nämüçin blogerlere ynanýandygyny düşündirdi

Russiýaly psiholog lukman Irina Grekowa adamlaryň nämüçin meşhur blogerleriň tiz täsirine düşýändigini hem-de olaryň maslahatlaryna ynanýandygyny düşündirdi diýip, «MIR 24» gürrüň berýär.
Hünärmeniň sözlerine görä, adamlar ýyldyz blogerleriň çykyşlarynyň mahabat häsiýetlidigini bilseler hem, ol harytlary satyn alýarlar. Munuň sebäbi kontente...

Dowamy »

22 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 days ago

Türkmen we koreý telekeçileri Seulda Ähtnama gol çekdiler

2026-njy ýylyň 15-nji sentýabrynda Seul şäherindäki «The Grand Lotte» myhmanhanasynda Türkmenistanyň «Mert Ýigit» hususy kärhanasy bilen «ONU H&C Co., Ltd» kompaniýasynyň arasynda Ähtnama gol çekildi. Bu resminama taraplaryň Türkmenistanyň we Koreýanyň işewür toparlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek baradaky meýillerini tassyklaýar.
Äh...

Dowamy »

23 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 days ago

Milli Lider Türkmenistanyň Prezidentini Songýungwan uniwersitetinde doktorlyk derejesiniň berilmegi mynasybetli gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy beýik Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk şanly baýramçylygyna beslenýän şu taryhy günlerde Koreýa Respublikasyna amala aşyran döwlet saparynyň üstünlikli geçmegi hem-de Songýungwan uniwersitetiniň syýasy ylymlaryň...

Dowamy »

35 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago

Şwesiýanyň Hökümet başlygy işden gitdi

Şwesiýanyň Premýer-ministri Ulf Kristersson garşylykçy partiýa parlamente saýlawlarda ýeňiş gazanandan soňra iş başyndan gidýändigini yglan etdi.
Kristersson 13-nji sentýabrda geçen parlament saýlawlarynda ýeňlen Sagçymerkezi topara ýolbaşçylyk edýär.
«Meni işden boşatmagyňyzy haýyş edýärin» diýip, ol Parlamentiň başlygyna ýollan haty...

Dowamy »

36 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago

Aşgabat-2017: 9 ýyl mundan ozal V Aziýa oýunlarynyň ody ýakyldy

Mundan 9 ýyl ozal — 2017-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda — Türkmenistanyň paýtagtyndaky Olimpiýa stadionynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasy geçirildi. Bu şol döwürde Garaşsyz Türkmenistanyň taryhyndaky iň iri sport forumydy.
«Aşgabat 2017» oýunlary birnäçe aýratynlygy bilen taryha girdi. Olar ilkin...

Dowamy »

35 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago

Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda ýaş alymlar üçin bilelikdäki grantlary döretmek meselesi maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna amala aşyran resmi saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň bilim ministri J.Gurbangeldiýew bilen Koreýa Respublikasynyň Ählumumy innowasiýa okuwlary guramasynyň (Global Innovation Studies instituty) ýerine ýetiriji direktory Kim Kýo Şigiň arasynda duşuşyk geçirildi.
Türkmeni...

Dowamy »

36 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago

Türki dünýäniň kompozitorlarynyň birinji kongresi geçiriler

Şu ýylyň 18 — 20-nji sentýabrynda Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde Uzeýir Hajybeýli halkara saz festiwalynyň çäginde Türki dünýäniň kompozitorlarynyň birinji kongresi geçiriler.
Çärä Özbegistan, Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyz Respublikasy, Türkiýe, Türkmenistan we Wengriýa saz jemgyýetçiliginiň görnükli wekilleri gatnaşar. Bu barada uza....

Dowamy »

36 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago

Türkmenistanda harby gullukdan boşatmak we harby gulluga çagyrmak barada Permana gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow «Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda» resmi...

Dowamy »

36 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago

Aşgabatda Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi öz işini dowam edýär

Paýtagtda düýn öz işine başlan we Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi öz işini dowam edýär.
Aşgabatda Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi öz işini dowam etdirýär
Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda guralan sergi milli ykdysadyýetiň gazananlaryny, ýurdumy...

Dowamy »

38 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago

Türkmenistan bilen Koreýanyň parlament kitaphanasy hyzmatdaşlyk boýunça birnäçe teklibe garady

Türkmenistanyň Bilim ministri J. Gurbangeldiýew bilen Koreýa Respublikasynyň Milli parlament kitaphanasynyň ýolbaşçysy Hwan Jon Gyn duşuşyp, hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşyk Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna resmi saparynyň çäklerinde geçirildi. Bu barada Türkmenis...

Dowamy »

37 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago

Sudandaky ýykylan altyn käninde 82 adam pida boldy

Sudanyň uzakdaky welaýatynda ýerleşýän resmi däl altyn käni ýumrulyp, heläk bolanlaryň sany 82 adama ýetdi. Bu barada «MIR 24» habar berdi.
Ýurduň sebit halas ediş gullugynyň işgäri Abu Hmeida çarşenbede ýykylan ýerasty känden 82 adamyň jesediniň çykarylandygyny habar berdi, onlarça adam dereksiz ýiten hasaplanýar.
Sudanda el güýji bi...

Dowamy »

35 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago

«Turkmenportal» žurnalistleri işe alýandygyny yglan edýär

«Turkmenportal» internet neşiri öz redaksiýasyna žurnalistleri işe alýandygyny yglan edýär. Neşire köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde (KHBS) iş tejribesi bolan, türkmen we rus dillerini gowy bilýän işgärler gerek.
Ýerine ýetirmeli işler:
wajyp habarlary gözlemek we yzarlamak;
täze habarlary ýazmak we press-relizler boýunç...

Dowamy »

35 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago

BMG süýji suw gorlarynyň azalýandygyndan howsala düşýär

2025-nji ýylda tutuş dünýäde derýalar soňky 35 ýyldaky iň gurak döwri başdan geçirdi. Bu barada Bütindünýä meterologik guramasynyň täze nutugynda bellenýär diýip, «news.by» habar berdi.
BMG-niň bilermenleri gury ýerde süýji suwuň gorlarynyň azalýandygyna we buzluklaryň çekilýändigine ünsi çekýärler, bu öz gezeginde geljekde adamlar we ykdysa...

Dowamy »

36 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago

Türkmenabadyň galla önümleri kärhanasynda 113 million manatlykdan gowrak iş edildi

Türkmenabadyň galla önümleri kärhanasynda ýanwar — awgust aýlarynyň jemleri boýunça öndürilen önümiň möçberi 113 million 610 müň 644 manada deň boldy. Bu babatda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirelinde 112,2 göterim ösüş gazanyldy. Bu barada «Türkmen gündogary» gazetinde habar berildi.
Hasabat döwründe 34 müň 10 tonna un önümleri öndü...

Dowamy »

36 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago

Russiýanyň Döwlet Dumasyna saýlawlarda 4361 dalaşgär bellige alyndy

Russiýa Federasiýasynyň Döwlet Dumasynyň dokuzynjy çagyrylyşynyň saýlawlaryna dalaşgärleriň 4361-si bellige alyndy diýip, ýurduň Merkezi saýlaw toparynyň başlygy Ella Pamfilowa salgylanýan «INTERFAX.RU» habar berdi.
Ýagny federal saýlaw okrugy boýunça partiýalaryň 10-syndan 2774 dalaşgär, bir mandatly okruglar boýunça 1587 dalaşgär (11 parti...

Dowamy »

36 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago

Guterriş geljekde näme bilen meşgullanjakdygyny bilmeýändigini aýtdy

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş şul ýylyň ahyrynda wezipesinden gidenden soňra Portugaliýada ýaşamakçy, emma näme kär bilen meşgullanjakdygyny bilmeýär.
«Geljegim barada aýdylanda, dogrusy, näme iş bilen meşgullanjakdygymy-da bilmeýärin. Geljekde ýaşajak ýerim Portugaliýa bolar» diýip, ol žurnalistler bilen metb...

Dowamy »

36 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago

Lebap welaýatynda pagta süýüminiň önümçiligi 44,8 müň tonna ýetirildi

Lebap welaýatynda pagta süýüminiň önümçiligi 2026-njy ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda 44,8 müň tonna ýetirildi. Bu geçen ýylyň degişli döwründäkiden 11,2 müň tonna köp bolup, ösüş depgini 33,6 göterime deňdir. Bu barada «Türkmen gündogary» gazetinde habar berildi.
Şeýle hem ekerançylar ýylyň başyndan bäri gök önümleriň 174,2 müň tonnasyny ýe...

Dowamy »

37 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago

Gündogar welaýatda şu ýylda ulanylan maýa goýum 1 milliard 213,9 million manada ýetdi

2026-njy ýylyň başyndan bäri Lebap welaýatynda ulanylan düýpli döwlet maýa goýumlarynyň möçberi 1 milliard 213,9 million manada ýetdi. Bu barada «Türkmen gündogary» gazetinde habar berildi.
Geçen ýylyň degişli döwründäki 815,2 million manatlyk görkeziji bilen deňeşdirilende ösüş 398,7 million manada barabar boldy. Şeýlelikde maýa goýumlaryň...

Dowamy »

35 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago