Sabyr

Gün dogar, Aý dogar öz wagty bilen,
Öz wagty gelende süýjär almalar.
Başagaý durmuşda darykma, kalbym,
Gyssanma, hemme zat ýerbe-ýer bolar.

Bir ömürde müň alada-gaýgy bar,
Adamlaryň garasy bar, agy bar.
Şükür, ýöne ähli zadyň çägi bar,
Gyssanma, hemme zat ýerbe-ýer bolar.

Dowamy »

1034 0
Edebiýat, 4 years ago


Seni söydum

Seni söýdüm. Söýüp bir gez beýgeldim.
Seni söýdüm. Has giňedi bu dünýäm.
Öz ýeňles gylygma gazaply boldum.
Öz durmuş ornuma indi düşünýän.

Adamlara has ynamly garadym
Ýeňiş bilen tamam boldy gözlegim.
Kyn pursatym medet berdi kalbyma,
Jadyly däl — seniň ynsan gözleriň,

...

Dowamy »

944 0
Edebiýat, 4 years ago


Ynam

Men ony goradym ýaman gözlerden,
Jalaý ýigitleriň her garaýşyndan,
Sowuk gybatlardan, sowuk sözlerden,
Tükenmez ýyllaryň gara gyşyndan.

Dowamy »

965 0
Edebiýat, 4 years ago


Maslahat gerek

Men ayalymy soyyan. ol menden kan oykeleyar mana maslahat berin men name etmeli, ol gawanjan isdes ayalarymdan biri jan etsede sol gun oyumizde harasat gopya maslahat gerek. Men name etmeli????

Dowamy »

1260 6
Edebiýat, 4 years ago


Siz kimlerden

Bir ýaş ýigit öýlenmek üçin taýýarlyk görüp başlady. Ene-atasyndan irki çagalyk döwri jyda düşüpdi. Olardan özüne kiçeňräk mellek ýer galdy, şol ýerden gelýän pul hem garyndaşlarynyň goldawy saýasynda okap, ylym almagy başardy. Halal gazanç getirýän iş edindi. Ýöne ene-atasyndan kiçilikden jyda düşmegiň hijran oduny ömürboýy ýüreginde göterdi ýördi...

Dowamy »

1065 0
Edebiýat, 4 years ago


Arzyly şlýapa

Men garyp maşgalada doguldym. Garyp bolsagam, ejem öýe gerek zatlary almak üçin niýetlän pulunyň ujundan birneme süýşürerdi-de, mahal-mahal bize ownuk-uşak lýuks zatlar alyp bererdi.
On dört ýaşyma giren pilläm, bir dükanyň witrinasynda, şol güne deňiç gören gyz şlýapalarymyň içinde iň owadanyna gabat geldim. Ýöne ony alara pulum ýokdy. Bu g...

Dowamy »

1006 3
Edebiýat, 4 years ago


Ejemiň öwütleri

Ejem çaga wagtym meni gujagyna alardy-da, ullakan hakykatlary arassa beýnimiň içine men düşüner ýaly edip ýerleşdirmäge çalşardy. Muny, umuman, başarandygyna indi has oňat düşünýärin. Çünki, ejemiň meniň gulagyma pyşyrdap aýdan hakykatlaryny hiç haçan unutmadym.
Özi örän dindar aýal bolan ejem ýygy-ýygydan maňa şeýle diýerdi:
– Alla h...

Dowamy »

910 0
Edebiýat, 4 years ago


Berlen söz

Foks öz ýurdunda iň uly oratorlaryň – halkyň öňüne çykyp gepleýän suhanwerleriň biri hasaplanýardy. Adamlar onuň sözlerini üns bilen diňlärdiler hem aýratyn ähmiýet bererdiler. Sebäbi onuň ýalan sözlänini ýa-da beren sözüni tutmadyk ýerini gören ýokdy.
Aýdyşlaryna görä, onuň bu häsiýetiniň kemala gelmeginde kiçikä başdan geçiren bir wakasyny...

Dowamy »

914 0
Edebiýat, 4 years ago


Goşgy

Goşgy

Gamgyn başym, bol şatlygy küýseýär,
Toýa barsam elime alyp sowgat!
Teşne ýürek, adam mährin isleýär,
Doganlar-dogana berip gurbat!

Obada üýtgeşik bir toý bar,
Şatlygy barha güýjeýär,
Gören-eşiden toýa howlukýar!
Gapyl geze belmen, ýeke pursat!

Pulum ýok, to...

Dowamy »

901 0
Edebiýat, 4 years ago


çykarma ýadyňdan

Çykarma ýadyňdan

Ýürekde ýygnan Hoş Habarym bar,
Gulak as, çykarma ýadyňdan!
Daýanara indi Arka-Dagym bar
Zeýrenme, gel-otur gitme ýanymdan!

Şypasyz derdimiň dermany bar!
Tenim janlanar anbar ysyndan!
Ýalňyz gursagymyň awysy bar
Böwsüp çykar böwrümden!

Meni hem ý...

Dowamy »

837 0
Edebiýat, 4 years ago


Adam

-ADAM-

Adam gezse gezip ýör,
Aladasy döwüm nan.
Habary ýok ertirden,
Meýlis barmy ölüm bar.

Düýn görenim bu gün ýok,
Az ýaşaýar adamlar.
Bir-biregi bagyşlaň,
Göwnüňüze zat almaň!

Häzir başym aýlanýar,
Aýagym ýer tutanok.
Erbet aýlanýar başym,
...

Dowamy »

909 0
Edebiýat, 4 years ago


Bilemok

Meni söýmeýäniñ bilýädim welin,
Ýöne söýýäniñem bilip bilemok.
Diýäýjek diýäýjek bolyar gözlerim,
Ýöne dilim bilen diyip bilemok.

Oñman bilemok gözleriñe bakman,
Gezip ýörün söýgiñ törùnden çykman.
Müñ goşgy döretdim gijeler ýatman,
Ýöne elim bilen berip bilemok.

Gijeler takats...

Dowamy »

891 0
Edebiýat, 4 years ago


Söýgi

Yene ara dushdi zalym ayralyk,
Gamgynlykda gecer bu gunem sensiz.
Men nira gideyin senden ayrylyp,
Cunki, satlygymyn manysy sensin.

Yer yuzune asman nurun dokende,
Yurek unjulermi shonda bilersin.
Gul solup galanam bolsa tikenler,
Umytlarym bolup gaydyp gelersin.

Senin mana ber...

Dowamy »

846 0
Edebiýat, 4 years ago


Annasoltan kekilowa

Annasoltan kekilowa
Annasoltan Kekilova 1942-nji ýylda Aşgabady alkymlap oturan Köşi obasynda dogulýar. Annasoltanyñ aýratyn zehinlidigi ýaşlykdan bildiripdir, ilkinji goşgularyny ol entek mekdep okuwçysyka ýazypdyr. Annasoltanyñ iñ wepaly okyjysy we diñleýjisi ejesi Ogulgerek eken. Ogulgerek daýzanyñ özi-de örän şahandaz aýal bolupdyr. Ol k...

Dowamy »

978 0
Edebiýat, 4 years ago


Pişik saglyga nähili täsir edýär?

Pişigiň saglyga oňyn täsiri onuň tüýleriniň uzynlygyna we reňkine
baglydyr. Uzyn tüýli angar, birma, norwegiýa tokaý, pars, sibir pişikleri
akyl taýdan ösüşde yza galan, newrotiki we psihiki bozulmalar anyklanan çagalara, ýürek-damar, daýanç-hereket ulgamynyň näsazlyklaryndan ejir çekýän ýa-da myşsalary gowşan näsaglara has oňat täsir...

Dowamy »

1287 2
Bilim, 4 years ago


Dişleriň çykyşy.

Dişleriň çykyşy.
Dişler eneden bolan çagada, ol 6-7 aýlyk
bolanda çykyp başlaýar. İlki bilen aşaky ortaky iki sany kesiji dişler
çykýar. Çaga 7-8 aýlyk bolanda ýokarky ortaky iki sany kesiji dişleri
çykýar. Ol 8-9 aýlyk bolanda ýokarky beýleki iki kesiji dişler çykýar.
Çaga 10-12 aý bolanda aşaky äňde ýene-de iki...

Dowamy »

1100 0
Bilim, 4 years ago


Agramy artdyrmak üçin hödürlenýän iýmitler.

Agramy artdyrmak üçin hödürlenýän iýmitler.
Türgen myşsa agramyny çalt artdyrmak üçin ýörite iýmit düzgünini berjaý etmelidir. Mysal üçin, ýönekeý uglewodlar bilen iýmitlenilende endomorf gurluşly türgenlerde deri astyndaky ýagyň köp möçberde ýygnanmagy bolýar. Ektomorflarda bolsa proteinleriň täzeden sintezlenmesi geçmäni energiýa öwrülýär....

Dowamy »

963 0
Edebiýat, 4 years ago


şükür elhem dililla

bardyr yssyly sowukly günler,
bardyr şatlykly gussaly günler,
şonda hem yza tesmän göwünler,
gelýän, nalyşym ýok asmanda aýa ,
şükürüm kän şony beren hudaýa

Dowamy »

849 0
Edebiýat, 4 years ago


Iň howpsuz şäherler

Iň howpsuz şäherler
Ýaponiýanyň paýtagty dünýäniň iri 60 şäheriniň arasynda iň howpsuzy saýlandy. Şeýlelikde Günüň dogýan ýurdunyň paýtagty 2015-nji ýyldan bäri üçünji gezek sanawyň ilkinji basgançagynda galdy. Angliýanyň “The Economist” neşiriniň bilermenleriniň geçirýän barlagy netijesinde taýýarlanýan sanawynda 50 sany ura baha berilý...

Dowamy »

1194 0
Bilim, 4 years ago


“Volvo” sürüjisiz ulaglary işläp taýýarlaýar

“Volvo” sürüjisiz ulaglary işläp taýýarlaýar

Şwesiýanyň “Volvo” kompaniýasy “Autoliv” şereketi bilen bilelikde sürüjisiz ulaglary işläp taýýarlaýar. Munuň üçin iki kompaniýanyň bilelikde döreden “Zenuity” şereketi Ýewropanyň ýadro barlaglary guramasy (CERN) bilen bilelikde işlemegi maksat edinýär. Ägirt uly ýerasty l...

Dowamy »

1686 0
Tehnologiýa, 4 years ago


KÄBE

KÄBE

Käbe, külli mümin-musulmanyň kalbynyň bilelikde urýan mihraby, ynsanlar üçin gurulan ilkinji bina we gadyr-gymmaty, sylag-hormaty bilen beýgeldilen ilkinji ybadathanadyr. Düýbü, Ýeriň ýüzünde heniz daşyň, kerpijiň bilinmedik bir döwründe, gökleriň aňyrysyndaky älemlerde meýilleşdirilip, päklerden päk bir nebi (Adam ata) tarapynd...

Dowamy »

910 2
Edebiýat, 4 years ago


Peýdaly maslahatlar

Sowadyjyda döreýän ýakymsyz ysy dessine aýyrmasaň, beýleki önümlere geçmek ähtimallygy bardyr. Ilki bilen, sowadyjyda döreýän ýakymsyz ysyň esasy sebäplerini aýdyňlaşdyralyň:
Meselem, agzy gapakly ýörite gaplarda saklanmadyk önümler sowadyjyda ýakymsyz ysyň
döremegine sebäp bolup biler. Şeýle sowadyjyda, käbir ter gök önümler köp wagt...

Dowamy »

936 0
Edebiýat, 4 years ago


Singapur nakyllary

Singapur nakyllary
Akyllam, akmagam ukusyz ýaşap bilmez.
Ala sygryňam süýdi ak.
Almaz almaz bilen kesiler.
Altyny peçe atsaňam, reňkini üýtgetmez.
Aýal — öýüň iň gowy bezegi.
Çeni bilen iýseň, dok bolarsyň.
Derýany ýüzüp geçene howdanyň howpy ýok.
Dokmaçy nähili bolsa, matasy hem şonuňýalydyr....

Dowamy »

882 0
Edebiýat, 4 years ago


Akylly we işine jür hyzmatkär

Akylly we işine jür hyzmatkär
Paýhasly hem barjamly kişiniň akylly we işine jür hyzmatkäri bolupdyr. Bir gün baý onuň bilen bir bag-bakjalyga barýar. Dürli baglara, güllere tomaşa edip baryşlaryna, olar ekinçilige ýetýärler. Baý bir hyýary ýolup, ony hyzmatkärine berýär. Ol hem işdämenlik bilen iýmäge başlaýar. Hyzmatkäriniň hyýary şeýle süý...

Dowamy »

904 0
Edebiýat, 4 years ago


Dostluk suw howdany-dostlugyň nyşany

Dostluk suw howdany-dostlugyň nyşany

Bilşimiz ýaly ata-Watanymyz Türkmenistany goňşy Eýran Yslam Respublikasy bilen dost-doganlyk serhetlerimiz birleşdirýär. Türkmen-Eýran serhedine degişli «Sarahs» serhet birikmesi öz çäginde dürli tebigy gözellikleri bolan «Bathyz» döwlet goraghanasynyň ajaýyp ösümlik we haýwanat dünýäsini, şeýle-...

Dowamy »

1051 0
Täzelikler, 4 years ago